Hazar — mümkinçilikleriň deňzi

8 Awgust 2024
134

Ýene-de sanlyja günden Hazar deňziniň güni dabaraly bellener. Bu halkara baýramçylyk her ýyl ähli kenarýaka ýurtlar, şol sanda Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran Konwensiýasy) güýje giren gününde geçirilýär.

Tähran Konwensiýasynyň maksady Hazaryň deňiz gurşawyny hapalanmakdan goramakdan ybaratdyr. Olar Hazar deňziniň köpdürli biologiýa serişdelerini gorap saklamagy, gaýtadan dikeltmegi hem-de durnukly we rejeli peýdalanmagy öz içine alýar. Hazarýaka döwletleriň ählisi tarapyndan tassyklanandan soňra Tähran Konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Şondan bäri ýurdumyzda her ýyl bu sene mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär. Ata Watanymyzda ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek, şol sanda Hazaryň täsin ekoulgamyny, onuň tebigy görnüşlerini, örän baý bioköpdürlüligini gorap saklamak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu resminama gol çekilenine 21 ýyl dolýar. Munuň özi tutuş adamzat üçin ähmiýetli bolan Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça tagallalaryň işjeňleşdirilmegine nobatdaky gezek ýardam berer.

Täçnabat PAÝTYKOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar