Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

8 Awgust 2024
121

Allanazar MEREDOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor:
— Ýakynda Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň anyk görkezmeleridir öňde goýýan wezipeleri gurluşygy dowam edýän bu ajaýyp şäheriň ikinji tapgyrynyň hem ählitaraplaýyn döwrüň talaplaryna laýyk gelmegini şertlendirýär. Döwletli işleri durmuşa geçirip, bize nusgalyk görelde bolýan Milli Liderimize, raýatlarymyzyň sapaly ýaşaýşy ugrunda bimöçber tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Beýleki habarlar