"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Eziz Watanymyzyň halkara abraýy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar» we netijeli hyzmatdaşlyk syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda BMG bilen köpugurly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakynda ýurdumyza baky Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolýandygyny tassyklaýan hoş habarlar gelip gowuşdy.

Sebitleýin hyzmatdaşlyk: ösüşiň täze gözýetimleri

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasat ugrunda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini nygtap bellemek zerurdyr. Döwlet derejesinde medeni hyzmatdaşlyga uly orun berilmeginiň özi halkara, döwletara syýasy-ykdysady gatnaşyklary has ýygjam, özara bähbitli esasda ýola goýmagyň ynsanperwer binýady bolup çykyş edýär. Halklaryň, döwletleriň arasynda düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýyny döredýär, birek-birege dostlukly garaýşy pugtalandyrýar. Ýurdumyzda sanly aragatnaşygyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde indi medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ulanyp, dostlukly döwletleriň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda halkara çäreleri geçirmek üçin şertler döredi. Bilelikdäki festiwallary, konsertleri, duşuşyklary wideogörnüş arkaly synlanyňda türkmeniň kämil, beýik sungatynyň inçeligine, gözelligine ýene bir ýola göz ýetirýärsiň. Milli Liderimiziň halkymyzyň milli sungatyny, medeni, ruhy, taryhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda alyp barýan paýhasly syýasatynyň manysyna has aýdyň düşünýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda bellenip geçilýän taryhy şanly seneler, milli hem halkara baýramçylyklary üýtgeşik dabaralar, şowhunlar bilen beslenip, ýatdan çykmajak ýatlamalara öwrülýär. Bu hem ös

Zenan zähmetiniň goraglylygy

Ýurdumyzda zenanlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasyna laýyklykda, erkekler we aýallar deň raýatlyk hukuklaryna eýedir. Hormatly Prezidentimiz: «Ösüp gelýän nesilleri belent watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olarda ata Watana, halka, jemgyýete hem-de maşgala bolan belent söýgi we hormat duýgularyny döretmekde mähriban enelerimiziň hyzmaty örän uludyr» diýmek bilen, enäniň nesil terbiýesindäki orny barada nygtap geçýär. Şu nukdaýnazardan hem, döwlet aýallara goşmaça hukuklaryň we azatlyklaryň uly toplumyny kepillendirýär we şol hukuklaryň amala aşyrylmagy üçin ähli zerur şertleri döredýär. Mysal üçin, halkara hukugyň kadalaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň zähmet hukuk gatnaşyklarynda fiziki we biologiki aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, aýal-gyzlara goşmaça ýeňillikler bellenilýär. Möhüm halkara hukuk namalarynyň ençemesiniň gatnaşyjysy bolan Türkmenistanda aýallaryň deňhukuklylygy döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Aýallaryň we erkekleriň deňligi we deň mümkinçilikleri Esasy Kanunymyzyň özenini düzýän ýörelgeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň aýallaryň bähbidiniň goralmagyna we gender deňligine gönükdirilen birn

Sogap işiň sahawaty

Halkymyzyň ýaşululara sarpa goýmak, çagalara hemaýat etmek, birek-biregiň şatlygyna şatlanyp, kyn gününde goldaw bermek nesilden-nesle geçirip gelýän ynsanperwer milli ýörelgesi bolup durýar. Bu hakda hormatly Prezidentimiz şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň wideogörnüş arkaly geçirilen mejlisinde örän täsirli mysallar bilen çuň pikirleri orta atdy. Mähriban Arkadagymyzyň Magtymguly atamyzyň bir bent şygryny mysal getirmegi bizi has-da tolgundyrdy. Onda şeýle diýilýär:

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkyma

Eziz watandaşlar! Hormatly atşynaslar we itşynaslar!

Algyr guşum, göwün hoşum, syrdaşym

«Säher turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýýän halkymyz bedew ata aýratyn sarpa goýýar. 23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň bolmagy muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň öňündäki meýdança Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Dabara şeýle hem şu günler sarpalanylýan, saýlap alan hünärinde ajaýyp üstünlikleri gazanan atşynaslar, bedewleriň täsin dünýäsi bilen bagly beýleki ulgamlaryň hünärmenleri gatnaşdylar. Bu ýerde dabara gatnaşyjylaryň öňünde ýurdumyzyň sungat ussatlary aýdym-sazlar hem-de joşgunly tanslar bilen çykyş etdiler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkyma

Eziz watandaşlar! Hormatly atşynaslar we itşynaslar!

Toý tutulýar dal bedewiň şanyna

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi Bilşimiz ýaly, döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek we ahalteke bedewleriniň tutuş dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Şöhraty äleme dolan, arşdan ykbally bedew!

Halkymyzyň uçar ganatyna we altyn bagtyna deňelip, zamanamyzyň ösüşleriniň synmaz nyşanyna öwrülen türkmen bedewleri şöhratly pederlerimizden miras galan ajaýyp sungat eserleridir. Müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhyň dowamynda halkymyzyň ykbalynda orun alan behişdi bedewlerimiziň we edermen alabaýlarymyzyň hormatyna ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary şu günlerde keremli türkmen topragynyň çar ýanyny gurşap aldy. 23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Asylly däbe eýerilip, şöhratly pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyzyň abraýyny has-da beýgeltmek maksady bilen geçirilen dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dabara gatnaşanlaryň hatarynda saýlap alan hünärinde aja

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkyma

Eziz watandaşlar!Hormatly atşynaslar we itşynaslar! Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda behişdi bedewlerimiziň we türkmen alabaýlarynyň şanyna giňden hem-de uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen bedewlerini we alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, atşynaslyk we itşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Şan-şöhratly bedewler

Ata-babalarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen mukaddes türkmen topragynda ýetişdirilen we ajaýyplygy, syratlylygy hem-de ýyndamlygy bilen şan-şöhrata eýe bolan behişdi bedewler halkymyzyň milli gymmatlygydyr we buýsanjydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek we ahalteke bedewleriniň tutuş dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär. Pudagy ylmy taýdan ösdürmek, bu ugurdaky amala aşyrylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek, halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin niýetlenen döwrebap atçylyk sport toplumlaryny gurmak üçin ägirt uly maliýe serişdeleri bölünip berilýär.

Habarlar

1-nji mart. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň kä­bir orun­ba­sar­la­ry­nyň hem-de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň we paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly no­bat­da­ky iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Iş mas­la­ha­tyn­da paý­tag­ty­my­zy hem-de we­la­ýat­la­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, ýaz­ky ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar­lyk gör­mek me­se­le­le­ri­ne, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy­na hem-de şan­ly se­ne­le­re taý­ýar­lyk gör­lü­şi­ne ga­ral­dy. 3-nji mart. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryn­da 2021-nji ýy­lyň ge­çen iki aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri­ne ga­ral­dy. Ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de howp­suz­ly­gy hem-de pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mä­ge, h

Parahatçylygyň we sungatyň sazlaşykly beýany

Agzybirlige, jebislige uly hormat goýýan milletimiz elmydama beýleki halklar bilen parahatçylykly ýaşamagyň, özara ynamly hyzmatdaşlyk köprülerini gurmagyň ygtybarly usullaryny yzygiderli gözläpdir. Muny tassyklaýan deliller bäş müň ýyllyk şöhratly taryhymyzyň gatlaryna göz aýlanyňda az däl. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny belläp geçjek «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk hakynda gürrüň etmek has-da ýakymly. Halkymyzyň goňşy we alys ýurtlara tarap uzaýan dostluk ýollary barada gürrüň berýän dürli eserler, rowaýatlardyr ýazuw çeşmeleri-de ýetik. Olaryň biri-de köp milletiň wekilleriniň ýüreginde baky orun alan meşhur «Şükür bagşy» eseridir. Eseriň baş gahrymany Şükür bagşynyň öz agasyny ýesirlikden boşatmak üçin parahatçylyk ýoly saýlamagy, ýagny, eline ýaragyň deregine dutaryny alyp ýola düşmegi türkmen halkyna tüýs mahsus häsiýetdir. Türkmen dutarynyň, milli sazynyň gudratyna ýürekden ynanan Şükür bagşynyň bu ädimi ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyk, hoşniýetlilik meýilleriniň, dürli çylşyrymly meseleleri parasatlylyk bilen çözmäge ymtylmak ýaly asylly däpleriniň şöhlelenmesidir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkymyza peşgeş beren «Parahatçylyk sazy

Saglyga ýar, salamat arzuwly aşgabat!

Asyrlara arka diräp, gözel Aşgabat şäheri ençeme heňňamlary başyndan geçirdi. Gahryman Prezidentimiziň pähim-parasatly hem-de öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bellenilýän paýtagt şäherimiz owadan hem-de döredijilikli başlangyçlaryň badalga alýan döwrebap şäheri hökmünde dünýäde giňden meşhur bolýar. Eziz Arkadagymyz Aşgabat şäheriniň, şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň şäherdir obalarynyň ýaşaýjylarynyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin amatlylygynyň üpjün edilmegi babatda iňňän köp alada edýär. Onuň netijesi bolsa, 140 ýyllyk taryhly şäheriň sportuň, medeniýetiň, ylmyň, işewürligiň merkezi diýen juda jaýdar häsiýetlendirmelerinden aýdyň görünýär. Bir tarapy Köpetdagyň belent gerşi, beýleki bir tarapy Garagumuň çägelikleri bilen jäheklenen paýtagtymyz tebigatyň iň sapaly künjeginde ýerleşýär. Şäherde amala aşyrylýan özgerişler adam eli bilen döredilen ajaýyplyklaryň tebigy gözellikler bilen sazlaşygyny düzýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň gönüden-göni aladasy bilen şäher Gündogaryň iň bir meşhur şäherleriniň biri bolup lowurdaýar. Aşgabat

Ahalteke atçylygy: dünýä derejesindäki şan-şöhratyň täze belentliklerine tarap

Ganatly bedewleriň halkara bäsleşiginiň hem-de döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Alabaýlarymyzyň dünýädäki abraýy belende galýar

21-nji aprelde paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere mynasyp goşant bolar. Şeýle hem bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Ganatly bedewler — buýsanjymyz we şan-şöhratymyz

Düýn paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynda baýramçylyk mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy Şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek bilelikde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly tansly çykyşlary görkezdiler.

Milli gymmatlyklara sarpa

Şu günler Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar we çäreler geçirilýär. Ajaýyp gözelligi boýunça kämil behişdi bedewlerimiz hem-de edermen alabaýlarymyz ähli döwürlerde türkmen halkynyň wepaly dostlary we hemralary, buýsanjy we baýlygy hasaplanyp geldi. Bu gün gadamy batly ahalteke bedewi hem-de gaýduwsyz alabaý düýpli özgertmeler we ösüş ýolunda uly üstünlikleri gazanýan Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk sungaty mynasyp dowam edip, täze ösüşe eýe boldy. Şu hepdäniň çarşenbe güni paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere mynasyp goşant bolar. Şeýle hem, şol gün bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu baýramçylyk döwlet Baştutanymyzyň degişli

Gadymy gymmatlyklarymyz milli mertebämiziň belentliginde

21-nji ap­rel­de paý­tag­ty­myz­da Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň we Hal­ka­ra «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy­nyň mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň we Hal­ka­ra «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy­nyň mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy, Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi gat­naş­dy­lar.

Göwünleri galkyndyrýan işler

21-nji aprelde paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler.