Algyr guşum, göwün hoşum, syrdaşym

25 Aprel 2021
1046

«Säher turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýýän halkymyz bedew ata aýratyn sarpa goýýar. 23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň bolmagy muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň öňündäki meýdança Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Dabara şeýle hem şu günler sarpalanylýan, saýlap alan hünärinde ajaýyp üstünlikleri gazanan atşynaslar, bedewleriň täsin dünýäsi bilen bagly beýleki ulgamlaryň hünärmenleri gatnaşdylar.

Bu ýerde dabara gatnaşyjylaryň öňünde ýurdumyzyň sungat ussatlary aýdym-sazlar hem-de joşgunly tanslar bilen çykyş etdiler.

"Nesil".
Beýleki habarlar