Sebitleýin hyzmatdaşlyk: ösüşiň täze gözýetimleri

25 Aprel 2021
1002

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasat ugrunda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini nygtap bellemek zerurdyr. Döwlet derejesinde medeni hyzmatdaşlyga uly orun berilmeginiň özi halkara, döwletara syýasy-ykdysady gatnaşyklary has ýygjam, özara bähbitli esasda ýola goýmagyň ynsanperwer binýady bolup çykyş edýär. Halklaryň, döwletleriň arasynda düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýyny döredýär, birek-birege dostlukly garaýşy pugtalandyrýar. Ýurdumyzda sanly aragatnaşygyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde indi medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ulanyp, dostlukly döwletleriň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda halkara çäreleri geçirmek üçin şertler döredi. Bilelikdäki festiwallary, konsertleri, duşuşyklary wideogörnüş arkaly synlanyňda türkmeniň kämil, beýik sungatynyň inçeligine, gözelligine ýene bir ýola göz ýetirýärsiň. Milli Liderimiziň halkymyzyň milli sungatyny, medeni, ruhy, taryhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda alyp barýan paýhasly syýasatynyň manysyna has aýdyň düşünýärsiň.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda bellenip geçilýän taryhy şanly seneler, milli hem halkara baýramçylyklary üýtgeşik dabaralar, şowhunlar bilen beslenip, ýatdan çykmajak ýatlamalara öwrülýär. Bu hem ösen durmuşyň, bagtyýar döwrüň egsilmez ruhy çeşmesi, ýaşaýşymyzy gözelliklere besleýän buýsanç akabasy bolup, halkyň kalbynda bagtyýar döwrümize, berkarar döwletimize guwanç döredýän, adamlaryň ruhuny göterýän ýagdaý bolup orta çykýar.

Amanbibi MUHAMMEDOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar