Zenan zähmetiniň goraglylygy

25 Aprel 2021
1261

Ýurdumyzda zenanlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasyna laýyklykda, erkekler we aýallar deň raýatlyk hukuklaryna eýedir. Hormatly Prezidentimiz: «Ösüp gelýän nesilleri belent watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olarda ata Watana, halka, jemgyýete hem-de maşgala bolan belent söýgi we hormat duýgularyny döretmekde mähriban enelerimiziň hyzmaty örän uludyr» diýmek bilen, enäniň nesil terbiýesindäki orny barada nygtap geçýär. Şu nukdaýnazardan hem, döwlet aýallara goşmaça hukuklaryň we azatlyklaryň uly toplumyny kepillendirýär we şol hukuklaryň amala aşyrylmagy üçin ähli zerur şertleri döredýär. Mysal üçin, halkara hukugyň kadalaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň zähmet hukuk gatnaşyklarynda fiziki we biologiki aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, aýal-gyzlara goşmaça ýeňillikler bellenilýär.

Möhüm halkara hukuk namalarynyň ençemesiniň gatnaşyjysy bolan Türkmenistanda aýallaryň deňhukuklylygy döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Aýallaryň we erkekleriň deňligi we deň mümkinçilikleri Esasy Kanunymyzyň özenini düzýän ýörelgeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň aýallaryň bähbidiniň goralmagyna we gender deňligine gönükdirilen birnäçe esasy resminamalaryna goşulyşmagy hem ýurdumyzda zenanlaryň zähmet hem hukuk goraglylygynyň ýene bir subutnamasydyr. Olaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň «Aýallar babatda hukuklary kemsitmegiň ähli görnüşini ýok etmek hakyndaky Konwensiýany», Zähmetiň Halkara Guramasynyň «Erkek adamlary we aýallary deň ähmiýetli zähmeti üçin deň derejede sylaglamak hakyndaky Konwensiýany», «Aýallaryň syýasy hukuklary baradaky Konwensiýany», «Aýallar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Konwensiýa degişli fakultatiw teswirnamany» görkezmek bolýar. Halkara ýörelgeleriň kadalaryndan ugur alnyp, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021—2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynda degişli döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bir hatarda, milli parlamentiň wezipeleri hem kesgitlenildi. Bu bolsa erkekler bilen bir hatarda, aýallaryň gender deňligi esasynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmak we olardan peýdalanmak mümkinçiligini üpjün eder.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar