Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Aşgabat, 26-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti ömrüni Türkmenistanyň halkyna gulluk etmäge bagyşlan M.Berdimuhamedowyň ýaş nesil üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentine we dogan-garyndaşlaryna şu agyr wagtda güýç-gaýrat arzuw etdi.