Asyrlaryň sungatyna dowam türkmen alabaýy

26 Aprel 2021
1097

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» halkara bäsleşiginiň we ugurdaş döredijilik bäsleşiginiň netijeleri dabaraly ýagdaýda jemlenildi

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň täze binalar toplumynda 25-nji aprelde ilkinji gezek köpöwüşginli baýramçylyk çäresi — «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de türkmen alabaýynyň hormatyna guralan döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşikler ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, türkmen halkynyň milli mirasy hem-de buýsanjy bolan itleriň bu meşhur tohumyny mundan beýläk-de wagyz etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça esaslandyryldy.

"Nesil".
Beýleki habarlar