Türkmenistanda türkmen bedewiniň we alabaýynyň goşa baýramy ilkinji gezek bellenildi

26 Aprel 2021
883

25-nji aprelde Türkmenistanda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde giň gerimde bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bu günki baýramçylyk dabaralarynyň başlanýan ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda halk arasynda iň meşhur bäsleşikleriň biri — baýramçylyk at çapyşyklary guraldy.

Ir bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýanynda ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Beýleki habarlar