Behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä ýaýylýar

25 Aprel 2021
844

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ata-babalarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen mukaddes türkmen topragynda ýetişdirilen we ajaýyplygy, syratlylygy hem-de ýyndamlygy bilen şan-şöhrata eýe bolan behişdi bedewler halkymyzyň milli gymmatlyklarydyr we buýsanjydyr» diýip belleýär. Halkymyzyň ahalteke bedewlerine buýsanjy örän uludyr. Hut şonuň üçin türkmen halky bedew atyň bolmagyny döwletlilik hasaplapdyr.

Ata-babalarymyzyň bedew atlarymyz bilen baglanyşykly ýörelgeleri hem-de däp-dessurlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp derejede dowam etdirilýär. Ýurdumyzda uludan toýlanýan şanly baýramlar mynasybetli at çapyşyklaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bolsa ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy toýlanýar we bu baýrama bagyşlanan çäreler guralýar.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar