Hoş habar buşlukdan nyşan

26 Aprel 2021
925

Mälim bolşy ýaly, 25-nji aprelde «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň täze düzümleýin desgalarynyň dabaraly ýagdaýda açylyşy boldy. Şol dabaralar bilen baglylykda, baýramçylyk günlerinde bu toplumyň «Alberk QA Academy» halkara guramasy tarapyndan Laýyklyk standartyna görä, Hil dolandyryş ulgamyny hem-de Daşky gurşawyň dolandyryş ulgamyny ýerine ýetirýän we berjaý edýän edara hökmünde bellige alnandygyny, itleri ösdürip ýetişdirmek boýunça ISO 9001:2015 we ISO 14001:2015 talaplaryna laýyklykda, ýörite şahadatnamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Täze desga Köpetdagyň eteginiň gözel künjekleriniň birinde guruldy, çünki bu ýeriň tebigaty şol maksatlar üçin amatly bolup durýar. Toplumyň gurluşygy «Myradym» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylyp, ol baş potratçy hökmünde ähli işleri talabalaýyk ýerine ýetirdi.

Gutly GOŞAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar