"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

«Aşgabat» köpugurly stadiony

Türkmenistanyň Bedenterbiýe sport baradaky döwlet komitetiniň paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Aşgabat» köpugurly stadionynda sportuň birnäçe görnüşi bilen meşgullanmaga ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar bilen bir hatarda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary hem yzygiderli geçirilýär. Köpugurly stadionda futbol, futzal, basketbol, woleýbol, welosport, tennis, stol tennisi, badminton, agyr atletika, ýeňil atletika, gylyçlaşmak, bowling, göreşiň dürli görnüşleri, boks, suwda ýüzmek boýunça türgenleşmäge mümkinçilikler bar. «Aşgabat» köpugurly stadionynyň töwereginiň bagy-bossanlyga bürenip oturmagy, suw çüwdürimleriň, garbanyşhanalaryň, tigirli gezelenç etmek üçin ýodajygyň bolmagy onuň gelim-gidimini has-da artdyrýar. Bu ýere diňe bir türgenler däl, eýsem, paýtagtymyzyň myhmanlarydyr ýaşaýjylary hem medeniýetli dynç almaga, arassa howada gezelenç etmäge uly höwes bilen gelýärler. Stadionda diňe sport çäreleri geçirilmän, ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklar, medeni çäreler hem uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär.

Türkmen samboçylarynyň üstünligi

Türkmenistanyň sambo we söweş sambosy boýunça milli ýygyndy topary 24-nji ýanwar – 13-nji fewral aralygynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdi. Türgenlerimiz bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşyp, netijeli çykyş etmegi başardylar. Ildeşlerimiz bu ýaryşda dürli medallaryň 15-sine mynasyp boldular. Çekeleşikli tutluşyklar türkmen pälwanlaryna 3 altyn, 3 kümüş hem-de 9 bürünç medal getirdi. 71 kg-de Muninjan Arzikulow,

Halkara ýaryşyň ýeňijileri

Türkmenistanyň boks boýunça ýaşlar ýygyndy topary ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşdy. Bu halkara ýaryşy 7 döwletden 140-dan gowrak boksçyny bir ýere jemledi. Oňa Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň 8 türgeninden we tälimçi-mugallymdan hem-de eminden ybarat sport wekiliýeti gatnaşdy. Türkmen boksçulary bu bäsleşigi 8 medal bilen jemlediler. Olar bir altyn, bir kümüş hem-de 6 bürünç medallardyr.Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mekan Sabyrow 54 kg agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy. Aşgabat şäheriniň 78-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Gurbanberdiýew 60 kg agram derejesinde çykyş edip, kümüş medal gazandy. Aşgabat şäheriniň 52-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Hangeldi Lukmanow 46 kg agram derejesinde, Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Meýlis Şadurdyýew 54 kg-de, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 38-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Nurmyrat Saparow 48 kg-de, Aşgabat şäheriniň 72-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hojamberdi Öwezniýazow 57 kg-de, Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Arzuw Bäşimow 67 kg-de, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 11-nji syn

Ýaşlar barha kämilleşýär

Bu gün eziz Diýarymyzdaky sport mekdeplerinde kämil türgenleri ýetişdirmekde maksatnamalaýyn işler alnyp barylyp, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin giň şert-mümkinçilikler döredilýär. Golaýda «Aşgabat» köpugurly stadionynda 3x3 basketbol boýunça (U18) Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. 10-11-nji fewralda geçen ýaryşa 18 topar gatnaşdy. Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň topary 1-nji orny eýeledi. Lebap welaýatynyň topary ikinji, Balkan welaýatynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Birinjilikde öňdeligi eýelän toparyň düzüminde sport mekdebimiziň türgeni Islam Agabalaýew hem çykyş etdi. Ony ýaryşa mekdebimiziň tälimçisi Berdi Atahanow taýýarlady. Türgenimiziň şeýle ýaryşda üstünlikli çykyş etmegi bizi has-da buýsandyrdy. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça uly öňegedişlikler gazanyldy. Türkmen sportunyň bedew batly ösüşine mynasyp goşant goşmak babatda biziň zähmet çekýän sport mekdebimiziň öňünde hem uly wezipeler durýar.

Kalplarda orun alan miras

Pälwançylyk, göreş tutmak türkmen halkynyň durmuşynda asyrlarboýy ähmiýetli orny eýeläp, sungat derejesine ýetirilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sportuň göreş görnüşleriniň, esasan hem, türkmen milli göreşiniň ösmegi, giň gerimde ýaýbaňlanmagy üçin döwletimizde ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgäniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sportuň göreş görnüşleri boýunça dünýä, yklym, sebit derejelerindäki iri ýaryşlary geçirmek hukugyna birnäçe gezek mynasyp görülmegi bolsa pederlerimizden dowamat-dowam bolup gelýän türkmen milli pälwançylyk ýolunyň halkara derejede ykrar edilmesidir. Ata-babalarymyz tarapyndan sungat derejesine ýetirilen türkmen göreşi barada toplan şu maglumatlarymyz hem onuň dünýäde meşhur bolýan häzirki günlerinde okyjylary biparh goýmaz diýip pikir edýäris. Türkmen milli göreşiniň köp sanly emellerinden ussatlyk bilen baş çykaryp, isleg bildirenlere göreş sungatyny öwretmäge yhlas bilen ýapyşýan adamlar halkymyzda «süňk» pälwan diýlip atlandyrylypdyr. Esasan, baýrak üçin göreşýänler ýa-da göreş tutup durkalar namartlyk edýänler çyn, ýagny «süňk» pälwanlar tarapyndan ýazgaryl

Behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhy

Hereket hem sagdynlyk hakynda

Gippokrat.

Sagdyn durmuşyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, ajaýyp ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim almaga, sport bilen meşgullanmaga, zähmet çekmäge höwesli ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Adam ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmalydygyny döwrebap ylym subut edýär. Bedenterbiýäni we sporty ylmy esasda ösdürmek üçin bu ulgamyň işgärleri netijeli işler alyp barýarlar. Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek üçin we onuň ähmiýetini hemmelere, esasan hem, Watanymyzyň geljegi, güýç kuwwaty bolan ýaş nesillerimize wagyz etmek işlerini ýaýbaňlandyrmak, elbetde, biz – ýaşlaryň paýyna düşýär. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi ýaşlary sporta höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy ugrunda ýurdumyzyň pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde degişli işleri alyp barýar.

Gadymy oýnuň ýaş ussatlary

Golaýda paýtagtymyzda 14, 16 we 18 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda nusgawy küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşda medallar toplumynyň 6-sy ugrunda göreş alnyp baryldy. Bäsleşige 200-den gowrak küştçi gatnaşdy. 16 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Gülmira Seýilhanowa mümkin bolan 9 utukdan 9-syny toplady. Mähri Aýmakowa ikinji orny eýeledi. Üçünji orna Mary welaýatyndan Jennet Ýalkanowa mynasyp boldy.

Çekeleşikli bäsleşikler

10-11-nji fewralda adaty karate boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşda türgenler dürli medallaryň 56-sy ugrunda bäsleşdiler. Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň «Döwletli» toparynyň türgenleri 27 medal (7 altyn, 4 kümüş, 16 bürünç) gazanyp, birinji orna mynasyp boldular. Sport mekdebimiziň «Selim» toparynyň türgenleri ikinji orny eýelediler. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 4-nji sport mekdebiniň «Diýar» topary üçünji orunda ornaşdy.

Kuraş hakda kelam

Kuraşyň döreýiş taryhy barada anyk maglumatlar bolmasa-da, onuň gadymy döwürlerden bäri bardygy we kuraş boýunça tutluşyklaryň baýramlarda, toýlarda, uly bazarlarda geçirilendigi anykdyr. * * *

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň (U23) baş tälimçisi Ahmet Agamyradow şu ýylyň 9 – 15-nji fewraly aralygynda Özbegistanyň futbol birinjiliginiň wekili «Nowbahorda» tälimçilik bilimini kämilleşdirmek maksady bilen, toparyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşdy. Bu okuw-türgenleşik häzirki wagtda PRO derejeli tälimçilik şahadatnamasyny almak üçin okuw geçýän türkmen hünärmenine tejribe mekdebi bolar. Bir hepde dowam eden okuw-türgenleşige gatnaşan A.Agamyradow «Nowbahor» toparynyň çäginde hereket edýän dürli ýaş derejelerindäki toparlaryň tälimçileri bilen tejribe alyşdy.

Taryhda şu gün

Russiýanyň «Anži» futbol topary 2012-nji ýylyň 17-nji fewralynda niderlandly belli tälimçi Guus Hiddink bilen şertnama baglaşdy. 1,5 ýyla niýetlenen şertnamanyň dowamynda Hiddingiň ýolbaşçylygyndaky bu topar şol ýyl ýerli çempionaty bäşinji orunda tamamlady. 2013-nji ýylda bolsa toparyň Russiýanyň premýer-ligasyndaky çykyşy üçünji orun bilen tamamlandy. Şol döwürler toparda dünýä ýyldyzlary kamerunly Samuel Eto’o bilen braziliýaly goragçy Roberto Karlosyň hem çykyş edendiklerini bellemek gerek. ***

Bir ýaryşdan 28 medal

Paýtagtymyzda küşt boýunça 14, 16 we 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen çempionatda welaýatymyzyň küştçüleri öňdäki orunlaryň agramly bölegini eýeläp, toparlaýyn birinji orna mynasyp boldular. Has takygy, welaýatymyzyň küştçüleri nusgawy görnüşde 9, rapid görnüşinde 10, blisde hem 9 medala mynasyp boldular. Üç görnüşiň jemi boýunça gündogarly küştçüler altyn medallaryň 12-sini, kümüş medallaryň 7-sini we bürünç medallaryň 9-syny gazandylar.

Türkmenistanly emin VAR ulgamy bilen bagly okuw-maslahatyna gatnaşdy

FIFA-nyň emini Resul Mämmedow ilkinji türkmen emini hökmünde Daşkent şäherinde geçirilýän VAR ulgamy bilen bagly okuw-maslahatyna gatnaşdy.  FIFA-nyň hem-de Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň bilelikde geçiren okuw-maslahatynyň dowamynda halkara derejeli eminler topary tejribeli gözükdirijilerden sapak aldylar.

Ro­nal­do klub­lar­da­ky 1000-nji du­şu­şy­gyn­da to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­tir­di

AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da-da 1/8 fi­na­lyň du­şu­şyk­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­di. Gün­ba­tar zo­lak­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň klub­la­ry­nyň öza­ra du­şu­şy­gyn­da «Al Nassr» myh­man­çy­lyk­da «Al Fah­ýa» to­pa­ry­ny 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ýe­ke-täk go­ly 81-nji mi­nut­da Kris­tia­no Ro­nal­do öz ady­na ýaz­dyr­dy. Bu onuň klub­lar­da­ky 1000-nji du­şu­şy­gy bo­lup, ol 746-njy go­lu­ny der­we­zä gi­riz­di (klub­lar­da). Por­tu­ga­li­ýa­ly su­per ýyl­dyz şol 1000 du­şu­şyk­da 236 go­la asist hem et­di. Şeý­le-de, bu gol Ro­nal­do­nyň pe­nal­ti­siz ge­çi­ren 713-nji go­ly bo­lup, ol Mes­si bi­len deň­leş­di. «Na­saf» (Öz­be­gis­tan) bi­len «Al Ai­niň» (BAE) ara­syn­da­ky oýun­da ha­sap açyl­ma­dy.

Sişenbe güni myhmanlar, çarşenbe güni ýer eýeleri ýeňiş gazandy

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da 2 aý­lyk ara­kes­me ta­mam­la­nyp, 1/8 fi­na­lyň du­şu­şyk­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­di. Tap­gy­ryň il­kin­ji 2 du­şu­şy­gyn­da, has ta­ky­gy, si­şen­be­dä­ki oýun­lar­da myh­man­çy­lyk­da­ky to­par­lar,

«Baýeri» «Bawariýa» hem durzup bilmedi

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da tap­gy­ryň mer­ke­zi du­şu­şy­gyn­da sa­na­wyň ýeň­liş­siz li­de­ri «Ba­ýer» öz meý­dan­ça­syn­da «Ba­wa­ri­ýa­ny» 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Umu­my­lyk­da 31 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýän we «Ba­wa­ri­ýa­nyň» re­kor­dy­na go­laý­lan (1 oýun gal­dy) «Ba­ýe­riň» gol­la­ry­ny 18-nji mi­nut­da Sta­ni­şiç, 50-nji mi­nut­da Gri­mal­do hem-de 90+5-nji mi­nut­da uzak ara­lyk­dan to­py boş der­we­zä gö­nük­di­ren Frim­pong ge­çir­di. «Ba­ýer» soň­ky ge­zek ge­çen ýy­lyň ma­ýyn­da utu­lyp­dy. Bu ýe­ňiş­den soň «Ba­ýer» «Ba­wa­ri­ýa­dan» 5 utuk öňe saý­lan­dy. «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» hem şol ha­sap bi­len «Fraý­bur­gy» ýeň­me­gi ba­şar­dy. Gol­la­ryň 2-si­ni Füllk­ru­guň pas­la­ry bi­len Ma­len hem-de Füllk­ru­guň özi der­we­zä gi­riz­di. 3-nji orun­da bar­ýan «Ştut­gart» to­pa­ry-da öz meý­dan­ça­syn­da «Maýn­sy» 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ýene-de «Realdan» asgyn geldi

«Arsenalyň» taryhy ýeňşi

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da Lon­don der­bi­sin­de «Ar­se­nal» myh­man­çy­lyk­da «West Ha­myň» der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 6 gol gi­riz­di. Bu top­çu­la­ryň «Pre­mi­er Li­ga­da­ky» myh­man­çy­lyk­da ga­za­nan iň uly ha­sap­ly ýeň­şi bo­lup, du­şu­şy­gyň gol­la­ry­ny Sa­li­ba, Sa­ka (2), Gab­ri­el, Tros­sar hem-de Raýs da­gy ge­çir­di. Baş­ga bir Lon­don der­bi­sin­de-de «Çel­si» gar­şy­da­şy­nyň öňe saý­lanan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, 90-njy mi­nut­dan soň 2 gol ge­çi­rip, myh­man­çy­lyk­da «Kris­tal Pa­la­sy» 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­syn­da «Ewer­to­ny» Ho­lan­nyň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Ho­lann «Pre­mi­er Li­ga­da­ky» il­kin­ji 50 du­şu­şy­gyn­da 51 gol ge­çi­ren il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy. Sa­na­wyň li­de­ri «Li­wer­pul» ýyl­dyz hü­jüm­çi­le­ri – Žo­ta­nyň, Dia­zyň hem-de Nun­ýe­siň gol­la­ry esa­syn­da «Börn­li­ni» 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. «Tot­ten­ham» hem «Braý­to­ny» Jon­so­nyň 90+6-njy mi­nut­da ge­çi­ren go­lun­dan soň 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Il­kin­ji 4-lü­ge gir­mek üçin gö­reş­ýän 2 to­pa­ryň

UEFA Mil­let­ler Li­ga­synyň bijeleri çekildi

UEFA Mil­let­ler Li­ga­syn­da 2024/25 möw­sü­mi­niň bi­je­le­ri çe­kil­di. Bi­jä la­ýyk­lyk­da «A» Li­ga­nyň iň güýç­li to­par­ça­sy 2-nji to­par­ça bo­lup, Ita­li­ýa­dyr Bel­gi­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň hem-de Ys­ra­ýy­lyň ýy­gyn­dy­la­ry öza­ra du­şu­şar­lar. «A», «B», «C» Li­ga­la­ryn­da 4 to­par­ly 4 to­par­ça bo­lup, «D» Li­ga­syn­da 3 to­par­ly 2 to­par­ça bar. «A» Li­ga­nyň her to­par­ça­syn­da 1-2-nji ýe­ri eýe­län­ler gel­jek ýy­lyň mart aýyn­da çär­ýek fi­nal­da oý­na­rlar. Bu du­şu­şyk­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan­lar ýa­rym fi­na­la çy­kar­lar. «B» Li­ga­nyň to­par­ça­la­ryn­da 1-nji ýe­ri eýe­län­ler «A» Li­gada, «C» Li­ga­nyň to­par­ça­la­ryn­da 1-nji ýe­ri eýe­län­ler «B» Li­ga­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­za­nar­lar. «D» Li­ga­nyň her to­par­ça­syn­dan 2 to­par «C» Li­ga­sy­na çy­kar. Ozal­ky­la­ra ga­ra­nyň­da, to­par­ça­lar­dan soň du­şu­şyk­la­ryň sa­ny kö­pel­di­lip, «A» Li­ga­da 3-nji ýe­ri eýe­län­ler «B» Li­ga­da 2-nji ýe­ri eýe­län­ler bi­len, «B» Li­ga­da 3-nji ýe­ri eýe­län­ler, «C» Li­ga­da 3-nji ýe­ri eýe­län­ler bi­le­n öza­ra pleý-off du­şu­şyk­la­ry­ny ge­çi­rer