«Baýeri» «Bawariýa» hem durzup bilmedi

16 Fewral 2024
320

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da tap­gy­ryň mer­ke­zi du­şu­şy­gyn­da sa­na­wyň ýeň­liş­siz li­de­ri «Ba­ýer» öz meý­dan­ça­syn­da «Ba­wa­ri­ýa­ny» 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Umu­my­lyk­da 31 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýän we «Ba­wa­ri­ýa­nyň» re­kor­dy­na go­laý­lan (1 oýun gal­dy) «Ba­ýe­riň» gol­la­ry­ny 18-nji mi­nut­da Sta­ni­şiç, 50-nji mi­nut­da Gri­mal­do hem-de 90+5-nji mi­nut­da uzak ara­lyk­dan to­py boş der­we­zä gö­nük­di­ren Frim­pong ge­çir­di. «Ba­ýer» soň­ky ge­zek ge­çen ýy­lyň ma­ýyn­da utu­lyp­dy. Bu ýe­ňiş­den soň «Ba­ýer» «Ba­wa­ri­ýa­dan» 5 utuk öňe saý­lan­dy. «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» hem şol ha­sap bi­len «Fraý­bur­gy» ýeň­me­gi ba­şar­dy. Gol­la­ryň 2-si­ni Füllk­ru­guň pas­la­ry bi­len Ma­len hem-de Füllk­ru­guň özi der­we­zä gi­riz­di. 3-nji orun­da bar­ýan «Ştut­gart» to­pa­ry-da öz meý­dan­ça­syn­da «Maýn­sy» 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­di.

Ýene-de «Realdan» asgyn geldi

Beýleki habarlar