AFK Çempionlar Ligasynda-da 1/8 finalyň duşuşyklaryna badalga berildi. Günbatar zolakda Saud Arabystanynyň klublarynyň özara duşuşygynda «Al Nassr» myhmançylykda «Al Fahýa» toparyny 1–0 hasabynda ýeňdi. Ýeke-täk goly 81-nji minutda Kristiano Ronaldo öz adyna ýazdyrdy. Bu onuň klublardaky 1000-nji duşuşygy bolup, ol 746-njy goluny derwezä girizdi (klublarda). Portugaliýaly super ýyldyz şol 1000 duşuşykda 236 gola asist hem etdi. Şeýle-de, bu gol Ronaldonyň penaltisiz geçiren 713-nji goly bolup, ol Messi bilen deňleşdi.
«Nasaf» (Özbegistan) bilen «Al Ainiň» (BAE) arasyndaky oýunda hasap açylmady.