«Aşgabat» köpugurly stadiony

16 Fewral 2024
559

Türkmenistanyň Bedenterbiýe sport baradaky döwlet komitetiniň paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Aşgabat» köpugurly stadionynda sportuň birnäçe görnüşi bilen meşgullanmaga ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar bilen bir hatarda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary hem yzygiderli geçirilýär.

Köpugurly stadionda futbol, futzal, basketbol, woleýbol, welosport, tennis, stol tennisi, badminton, agyr atletika, ýeňil atletika, gylyçlaşmak, bowling, göreşiň dürli görnüşleri, boks, suwda ýüzmek boýunça türgenleşmäge mümkinçilikler bar. «Aşgabat» köpugurly stadionynyň töwereginiň bagy-bossanlyga bürenip oturmagy, suw çüwdürimleriň, garbanyşhanalaryň, tigirli gezelenç etmek üçin ýodajygyň bolmagy onuň gelim-gidimini has-da artdyrýar. Bu ýere diňe bir türgenler däl, eýsem, paýtagtymyzyň myhmanlarydyr ýaşaýjylary hem medeniýetli dynç almaga, arassa howada gezelenç etmäge uly höwes bilen gelýärler. Stadionda diňe sport çäreleri geçirilmän, ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklar, medeni çäreler hem uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär.

Guwanç GURTJAÝEW,
«Aşgabat» köpugurly stadionynyň medeni-guramaçylyk bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar