Ýaşlar barha kämilleşýär

16 Fewral 2024
441

Bu gün eziz Diýarymyzdaky sport mekdeplerinde kämil türgenleri ýetişdirmekde maksatnamalaýyn işler alnyp barylyp, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin giň şert-mümkinçilikler döredilýär. Golaýda «Aşgabat» köpugurly stadionynda 3x3 basketbol boýunça (U18) Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. 10-11-nji fewralda geçen ýaryşa 18 topar gatnaşdy. Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň topary 1-nji orny eýeledi. Lebap welaýatynyň topary ikinji, Balkan welaýatynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular.

Birinjilikde öňdeligi eýelän toparyň düzüminde sport mekdebimiziň türgeni Islam Agabalaýew hem çykyş etdi. Ony ýaryşa mekdebimiziň tälimçisi Berdi Atahanow taýýarlady. Türgenimiziň şeýle ýaryşda üstünlikli çykyş etmegi bizi has-da buýsandyrdy. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça uly öňegedişlikler gazanyldy. Türkmen sportunyň bedew batly ösüşine mynasyp goşant goşmak babatda biziň zähmet çekýän sport mekdebimiziň öňünde hem uly wezipeler durýar.

Amangeldi ÇARYÝEW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň müdiri.
Beýleki habarlar