''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalaryny, senagat özgertmelerini, işewürlik üçin döredilýän oňyn şertleri göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Medeni-ynsanperwer ösüş we döwlet syýasaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhy ösüş ýolunda aýratyn möhüm tapgyrdyr. Häzirki döwürde beýleki ulgamlar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem uly özgerişleri äşgär görmek bolýar. Bu ugra döwletimiziň kuwwatly guramaçylyk, serişdeler, aňyýet güýji gönükdirilýär. Gazanylýan netijeler halkyň durmuşyna täzeçe öwüşgin berýär. Döwrebap ösüşiň ilkinji alamatlarynyň biri-de sowatlylygyň artmagydyr. Otuza golaý ýokary okuw mekdebinde, ýüzlerçe orta hünär we başlangyç hünär mekdeplerinde, daşary ýurtlaryň bilim merkezlerinde okap, hünär eýesi bolýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy medeni-aňyýet kämilliginiň artmagyna aýgytly täsir edýär. Häzirki zaman önümçilik, aragatnaşyk, ulag we hyzmat ediş pudaklarynda işleriň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda barha giň gerimde ýaýbaňlanmagy, maglumat tehnologiýasynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň adaty we aýrylmaz bölegine öwrülmegi bilen, sowatlylygyň ýokary, öňdebaryjy derejesine bolan talap artýar. Bu bolsa jemgyýetçilik aňynyň işjeňleşmegine, pikirlenişiň çaltlaşmagyna ýol açýar. Işjeňligiň we aň ösüşiniň ilkinji şerti bolsa bilimiň, sowatlylygyň çalt hem giň gerimde ösdürilmegidir. Şunuň bilen b

Döwrebap mümkinçilikleriň şäheri

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, innowasion täzeçillikler ileri tutulyp, gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tejribeler özleşdirilýär. Döwrümiziň binagärlik sungatynyň ajaýyp miwesi bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Bu şäheriň ösen infrastrukturasy milletiň ruhy dünýäsiniň, medeni gymmatlyklarynyň, döredijilik ukyplarynyň we ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň sazlaşygyny özünde jemleýär. Arkadag şäherine «Döwlet ähmiýetli şäher» diýen hukuk ýagdaýynyň berilmegi onuň dolandyryş, gurluş düzümleriniň ähmiýetli aýratynlygyny ýüze çykarýar. Döwlet ähmiýetli şäher — bu döwletiň baş şäherleriniň we syýasy-dolandyryş merkezleriniň biri hökmünde çykyş edýär. 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Arkadag şäheriniň düzüminde iki etrap döredilip, olara «Kärizek» we «Gorjaw» atlary dakyldy. Şeýlelikde, Watanymyzyň dolandyryş çäk birlikleriniň çyzgysynda täze gurluş düzümi emele geldi. Munuň özi bu şäherde durmuşa geçirilýän taslamalary halkara ölçeglere laýyklykda ýerine ýetirmek, şähergurluşyk işini ýokary derejede alyp barmak, şäher ilatynyň sanyny artdyrmak meselelerini

Galla — halkyň rysgaly

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ata Wa­ta­ny­my­zyň beý­le­ki se­bit­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da hem oba ho­ja­ly­gy pu­da­gyn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şol öz­gert­me­ler we­la­ýa­tyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şun­da oba zäh­met­keş­le­ri­niň ne­ti­je­li işi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy­na ze­rur üns be­ril­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň 15-nji iýun­da ýur­du­my­zyň gün­ba­tar se­bi­ti­ne ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry­nyň my­sa­lyn­da-da aý­dyň gör­mek bol­ýar. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­ra­byn­da­ky «Ar­kaç» daý­han bir­le­şi­gi­niň bug­daý meý­da­ny­nyň ýa­nyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň de­giş­li ýol­baş­çy­la­ry, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar.

Wa­ta­n har­ma­ny beý­gel­ýär

«Dokmaçylar» medeni merkezi — hakyky sungat köşgi

Medeniýet ulgamy jemgyýetiň ruhy galkynyşynda binýatlaýyn ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow milli medeniýetimizi ösdürmek, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek we bu ulgamy şu günüň talaplaryna hem-de ýurdumyzyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagy babatdaky wezipelerine laýyk gelýän täze, döwrebap derejä çykarmak meselelerine uly ähmiýet berýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge gönükdirilip, 25-nji iýunda paýtagtymyzda dabaraly açylyp ulanmaga berlen Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkezi hem bu babatda nusgalyk mysaldyr. Tä­ze des­ga­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy my­na­sy­bet­li bu ýe­re köp san­ly il­deş­le­ri­miz we paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry ýyg­nan­dy­lar. «Dok­ma­çy­lar» folk­lor-et­nog­ra­fi­ýa to­pa­ry ta­ra­pyn­dan hal­ky­my­zyň ga­dy­my däp­le­ri­niň öwüş­gin­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän aja­ýyp tans­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, bu ýer­dä­ki wa­ka­la­ra aý­ra­tyn ru­hu­be­lent­lik ba­gyş­la­ýan aý­dym-saz­lar ýaň­lan­dy. Soň­ra türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gur

«Akyl­ly» şä­her­de ha­ly kär­ha­na­sy dö­re­di­ler

Hä­zir­ki dö­wür­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len bin­ýat bo­lan tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dep­gi­ni bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Mu­nuň özi Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da giň möç­ber­li şä­her­gur­lu­şyk-bi­na­gär­lik mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. 22-nji iýun­da-da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ar­ka­dag şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, şä­he­ri ös­dür­me­giň no­bat­da­ky tap­gy­ryn­da gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän bi­na­la­ryň şe­kil tas­la­ma­la­ry, ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry bi­len ta­nyş­dy hem-de de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Ir bi­len Mil­li Li­de­ri­miz Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki aja­ýyp kün­jek­de ýer­leş­ýän «akyl­ly» şä­he­re gel­di. Gahryman Arkadagymyz bu ýer­de döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk i

Ar­ka­dag şä­he­ri — Ar­ka­dag paý­ha­sy­nyň gud­ra­ty

Je­bis­lik. Sa­ha­wat­ly­lyk. Şük­ra­na­lyk.

Gurban baýramy adamzadyň tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan iň gadymy baýramlaryň biri hasaplanýar. Many-mazmunyna milli däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz siňen Gurban baýramy bu gün bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny, Watanymyzyň ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyryp, jemgyýetçilik durmuşymyza aýratyn öwüşgin çaýýar. Şoňa görä, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bu mukaddes baýrama bagyşlanyp, üç günüň dowamynda Diýarymyzyň çar künjeginde aýdym-sazly dabaralar, baý mazmunly medeni-jemgyýetçilik çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Hal­ky­myz­da Gur­ban baý­ra­my Be­ýik Bi­ri­ba­ra söý­gi­niň, myh­man­sö­ýer­li­giň, hö­dür-ke­re­miň, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­ma­gyň mi­ze­mez des­sur­la­ry bi­len saz­la­şyp, ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýär. Baý­ram gün­le­rin­de be­re­ket­li des­ter­han­lar ýa­zy­lyp, goň­şy-go­lam­lar, dost-do­gan­lar, ta­nyş-bi­liş­ler gur­ban­ly­ga ça­gy­ryl­ýar, taý­ýar­la­ny­lan dür­li ta­gam­lar­dan hö­dür-ke­rem edil­ýär, ag­zy­bir­li­gi, ha­lal­ly­gy, raý­daş­ly­gy ün­dew ed­ýän söh­bet­ler, ýag­şy do­ga-di­leg­ler edil­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hormatly P

Öň­de­ba­ry­jy tejribelerden ugur alyp

Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­tin­de Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň gu­ra­ma­gyn­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len «Ýy­lyň mu­gal­ly­my — 2024» döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ne sy­lag­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Däp bol­şy ýa­ly, bu bäs­le­şik her ýyl­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­lim sy­ýa­sa­ty­ny, ka­bul edi­len bi­lim kon­sep­si­ýa­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de, ýo­ka­ry taý­ýar­lyk­ly hü­när­men­le­ri ýe­tiş­dir­mek­de dö­re­di­ji­lik­li iş­le­ýän, baý iş tej­ri­be­si bo­lan pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry ýü­ze çy­kar­mak, ola­ry tä­ze üs­tün­lik­le­re hö­wes­len­dir­mek, pe­da­go­gik iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­mak, iş tej­ri­be­si­ni ýaý­rat­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýar. Bäs­le­şik­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de zäh­met çek­ýän pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ryň öz hü­när de­re­je­le­ri­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ýan­dy­gy­na, okad­ýan ders­le­ri bo­ýun­ça okuw ki­tap­la­ry­dyr gol­lan­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýan­dy­gy­na, bi­li­

Dogduk topragynyň waspçysy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Her bir hal­kyň be­ýik­li­gi, esa­san, dün­ýä be­ren meş­hur şah­sy­ýet­le­ri bi­len kes­git­le­nil­ýär. Hal­ky­my­zyň be­ýik ogul­la­ry­nyň bi­ri Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň düý­bü­ni tu­tu­jy­dyr. Pa­ra­sat­ly şa­hyr, Gün­do­ga­ryň akyl­da­ry­nyň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak mil­li baý­lyk bol­mak bi­len, dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şa­hy­ra­na di­li şi­rin­li­gi, hal­ka ýa­kyn­ly­gy bi­len özü­ne çek­ýär. Onuň goş­gu­la­ry mil­li halk dö­re­di­ji­li­gi­niň ru­hy we çe­per­çi­li­gi bi­len baý­laş­dy­ry­lyp­dyr. Bu bol­sa eser­le­riň yn­san kal­by­na ýa­kyn­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär.

Meşhur seýisler

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Mäh­ri­ban top­ra­gy­myz­da, ata ýur­du­myz­da aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de, be­dew­le­riň ugur­ba­şy ne­sil­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de meş­hur se­ýis Aba An­na­ýew bi­len dö­wür­deş ýa­şan, iş­län, ha­lal zäh­met çe­kip ady­gan, şeý­le hem bu meş­hur se­ýis­den ha­ly­pa­lyk tä­li­mi­ni al­mak bag­ty­na eýe bo­lan us­sat se­ýis­ler nes­li do­wam edip gel­ýär.

«Ata kes­bi og­la ha­lal»

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ham­me­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­my­zyň at-ab­ra­ýy bar­ha beý­gel­ýär. Hal­ky­my­zyň me­de­ni-ru­hy dün­ýä­si­ni baý­laş­dyr­mak­da hyz­mat ed­ýän türk­men di­li­mi­zi, halk dö­re­di­ji­li­gi­ni yl­my esas­da öw­ren­mek­de, ös­dür­mek­de we hal­ka ýe­tir­mek­de hem tu­tum­ly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Deň­ziň su­ra­ty­ny çek­me­gi ha­la­ýan oglan

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 De­ňiz ke­na­ry te­bi­ga­tyň iň aja­ýyp ýer­le­ri­niň bi­ri bol­sa ge­rek. Bu ýer­le­re dynç al­ma­ga gel­ýän adam­la­ryň sa­ny hiç wagt hem azal­ma­ýar. Tom­su­na bol­sa has-da köp. De­ňiz özü­niň ja­na te­ne­kar ho­wa­sy, su­wy bi­len, ga­ly­ber­se-de yl­ham gü­ze­ri hök­mün­de yn­san­la­ryň iň söý­gü­li ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Alys­dan bat bi­len ge­lip ke­na­ra urul­ýan tol­kun­lar bol­sa özi bi­len oý­na­ma­ga ça­gyr­ýan ýa­ly.

Akyldara çuňňur sarpa

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hal­ky­my­zyň köp asyr­lyk ta­ry­hy­nyň do­wa­myn­da dö­re­den baý ru­hy mi­ra­sy dün­ýä­niň umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da ýo­ka­ry or­ny eýe­le­ýär. Mer­da­na pe­der­le­ri­miz ah­lak kä­mil­li­gi­niň ýo­lun­da uly de­re­je­le­re ýe­tip­dir­ler. Öz­le­ri­niň öl­mez-ýit­mez ta­ry­hy yz­la­ry bi­len adam­zat kalp­la­ryn­da ýag­şy ýat­la­ma­la­ry, nus­ga­lyk ýo­ly gal­dy­ryp­dyr­lar. Biz bu gün Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da, yn­san­la­ryň iç­ki dün­ýä­si­ne gö­zel­lik nu­ry­ny çaý­ýan, yn­san­lyk mer­te­be­si­ni beý­geld­ýän me­de­ni mi­ra­sy­my­zy, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zy di­keld­ýä­ris.

Dost-doganlyk ýörelgesi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy öz eser­le­ri bi­len ede­bi mi­ra­sy­my­za we dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na gym­mat­ly go­şant go­şan türk­men hal­ky­nyň be­ýik da­na­sy hem-de mil­li buý­san­jy­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň umu­ma­dam­zat gym­mat­ly­gy­na öw­rü­len pi­kir-ga­ra­ýyş­la­ry, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik, ah­lak aras­sa­ly­gy ha­kyn­da­ky öwüt-ün­dew­le­ri hal­ky­my­zyň dur­muş ýö­rel­ge­si we pel­se­pe­si­dir. Be­ýik şa­hy­ryň asyr­lar aşyp, bi­ziň döw­rü­mi­ze ge­lip ýe­ten kö­pö­wüş­gin­li şy­gyr­la­ry, ene top­ra­gy, ata Wa­ta­ny ýü­rek­den söý­mä­ge we yn­san­per­wer­li­ge ça­gy­ryş­la­ry, pa­ra­sat­ly sar­gyt­la­ry bü­tin adam­za­dyň ru­hy gym­mat­ly­gy­na öw­rül­di. Şo­ňa gö­rä-de, türk­men hem-de Gün­do­gar ede­bi­ýa­ty­nyň ga­za­nan baý tej­ri­be­si­ni özün­de jem­le­ýän Mag­tym­gu­ly­nyň çe­per dö­re­di­ji­li­gi dün­ýä­niň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan öw­re­nil­ýär, da­şa­ry ýurt­ly alym­la­ryň üns mer­ke­zin­de

Adam bolsaň, gulak goýgul öwüde...

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­niň esa­syn­da adam ha­kyn­da­ky tag­ly­mat uly orun eýe­le­ýär. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şa­hy­ryň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si tu­tuş­ly­gy­na ada­ma, adam­za­da gö­nük­di­ri­len pi­kir­ler­de açyl­ýar. «De­la­lat ýag­şy» şyg­ryn­da:

Fotožurnalistikanyň möhüm žanry

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Häzirki wagtda fo­to­re­por­taž bi­len di­ňe bir pro­fes­sio­nal fo­to­re­port­ýor­lar meş­gul­lan­ma­ýar­lar. Eý­sem, elin­de san­ly (sif­ro­woý) ka­me­ra­sy bo­lan is­len­dik ada­myň «pur­sat tu­tup bil­mek» we esa­sy wa­ka­nyň mer­ke­zin­den su­rat al­mak müm­kin­çi­li­gi bar­dyr. Fo­to­re­por­taž hä­zir­ki wagt­da bi­ziň gün­de­lik dur­mu­şy­myz­da giň­den ula­nyl­ýar. Iň ýö­ne­keý­je my­sa­ly hök­mün­de sy­ýa­hat edi­len­de, ge­ze­len­je gi­di­len­de, şü­we­leň­ler­de dü­şü­ril­ýän er­kin su­rat­la­ry al­mak bo­lar.

Täzelikler

Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň ýanwar—maý aýlarynyň meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirildi. Kärhana boýunça 49 million 893 müň 22 manatlyk iş edildi. Bu bolsa bellenilen meýilnamadan 2 million 927 müň 940 manatlyk köpdür. Has takygy, geçen bäş aýda kärhana boýunça bugdaýy gaýtadan işlemegiň netijesinde unuň 19 müň 831 tonnasy öndürilip, 101 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şonuň 6 müň 574 tonnasy ýokary hilli, 13 müň 257 tonnasy bolsa birinji hilli undur. Şeýle-de bu döwürde kepegiň 6 müň 18 tonnasy, manny ýarmasynyň hem 55 tonnasy öndürildi. Kärhanada häzirki wagtda täze galla hasylyny kabul etmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.

Ykbalyň uly peşgeşi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni mäkäm tutan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda hususy ulgamyň işleriniň ilerlemegi ugrunda tutumly özgertmeler amala aşyrylýar. Ata Watanymyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna hususyýetçileriň hem goşandynyň uly boljakdygyna ynam bildiren Gahryman Arkadagymyz bu pudagyň ösüşini aýratyn üns merkezinde saklady. Ýaş telekeçileri ählitaraplaýyn goldamak işleri döwlet syýasatynyň özenini düzdi. Öz hususy önümçiliklerini açmagy meýilleşdirýän telekeçilere uly möçberde ýeňillikli karz pul serişdeleri goýberildi. Bu bolsa hususyýetçileriň öz maksatlaryny amala aşyrmaklaryna uly goltgy boldy. Döwletimiz tarapyndan goldanylýan, Gahryman Arkadagymyzyň ynam bildiren telekeçileri bu günki gün tutuş ykdysadyýetimiziň ösüşlerine uly goşant goşýarlar.