«Akyl­ly» şä­her­de ha­ly kär­ha­na­sy dö­re­di­ler

27 Iýun 2024
39

Hä­zir­ki dö­wür­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len bin­ýat bo­lan tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dep­gi­ni bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Mu­nuň özi Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da giň möç­ber­li şä­her­gur­lu­şyk-bi­na­gär­lik mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. 22-nji iýun­da-da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ar­ka­dag şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, şä­he­ri ös­dür­me­giň no­bat­da­ky tap­gy­ryn­da gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän bi­na­la­ryň şe­kil tas­la­ma­la­ry, ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry bi­len ta­nyş­dy hem-de de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.

Ir bi­len Mil­li Li­de­ri­miz Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki aja­ýyp kün­jek­de ýer­leş­ýän «akyl­ly» şä­he­re gel­di. Gahryman Arkadagymyz bu ýer­de döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy. Şun­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, iň go­wy tej­ri­bä­niň iş­jeň ula­nyl­ma­gy ar­ka­ly dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň, şol san­da önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Beýleki habarlar