«Dokmaçylar» medeni merkezi — hakyky sungat köşgi

27 Iýun 2024
33

Medeniýet ulgamy jemgyýetiň ruhy galkynyşynda binýatlaýyn ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow milli medeniýetimizi ösdürmek, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek we bu ulgamy şu günüň talaplaryna hem-de ýurdumyzyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagy babatdaky wezipelerine laýyk gelýän täze, döwrebap derejä çykarmak meselelerine uly ähmiýet berýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge gönükdirilip, 25-nji iýunda paýtagtymyzda dabaraly açylyp ulanmaga berlen Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkezi hem bu babatda nusgalyk mysaldyr.

Tä­ze des­ga­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy my­na­sy­bet­li bu ýe­re köp san­ly il­deş­le­ri­miz we paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry ýyg­nan­dy­lar. «Dok­ma­çy­lar» folk­lor-et­nog­ra­fi­ýa to­pa­ry ta­ra­pyn­dan hal­ky­my­zyň ga­dy­my däp­le­ri­niň öwüş­gin­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän aja­ýyp tans­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, bu ýer­dä­ki wa­ka­la­ra aý­ra­tyn ru­hu­be­lent­lik ba­gyş­la­ýan aý­dym-saz­lar ýaň­lan­dy. Soň­ra türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow bu mö­hüm wa­ka my­na­sy­bet­li san­ly ul­gam ar­ka­ly gut­lag söz­le­ri bi­len çy­kyş et­di.

Beýleki habarlar