Ar­ka­dag şä­he­ri — Ar­ka­dag paý­ha­sy­nyň gud­ra­ty

27 Iýun 2024
28

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza baştutanlyk eden ýyllarynda döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygyny, Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiniň maksadynyň bolsa mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny gazanmakdan ybaratdygyny yglan etdi. Milli Liderimiz şu maksada ýetmek ugrunda ösüşiň täze gözýetimlerini açyp, ýollarymyzy möhüm üstünliklere, beýik işlere besledi. Halk baradaky alada döwletimiziň baş wezipesi bolmak bilen, durmuş-ykdysady syýasatymyzyň esasy özeninde durýar. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli taraplaryny öz içine alýan düýpli özgertmeleriň merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň yhlasly hyzmaty, ýokary jogapkärçiligi, strategik çözgütleri kabul etmekde erki we yzygiderliligi, parasatlylygy, öňdengörüjiligi, olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy ugrunda ýadawsyz tagallalary durýar. Köpetdagyň gözel künjeginde ak binalary lowurdap duran Arkadag şäheriniň peýda bolmagy hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň jöwher paýhasynyň gudratydyr. 29-njy iýunda bolsa ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegine laýyk bir ýyl dolýar.

Ka­nun esa­syn­da döw­let äh­mi­ýet­li şä­her di­ýen aý­ra­tyn hu­kuk de­re­je­si­ne eýe bo­lan bu tä­sin şä­he­riň gu­rul­ma­gy ýur­du­myz­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len ýaý­baň­lan­dy­ry­lan we hä­zir­ki dö­wür­de Arkadagly Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da do­wam et­di­ril­ýän ägirt uly öz­gert­me­le­riň anyk ne­ti­je­si­dir. Arkadag şä­he­ri­niň Di­ýa­ry­my­zyň ga­dy­my kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de, pe­der­le­ri­mi­ziň şöh­rat­ly ta­ry­hy­nyň göz­baş al­ýan ýe­rin­de gu­rul­ma­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len bu ägirt uly şä­her­gur­lu­şyk tas­la­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş ugur­ly we ýur­du­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge, onuň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­dir. Tä­ze şä­he­riň tas­la­ma­sy taý­ýar­la­nyp, düý­bi tu­tu­lan pur­sa­dyn­dan bä­ri türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri bu ýer­de al­nyp ba­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­le­ri he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar.

Beýleki habarlar