Wa­ta­n har­ma­ny beý­gel­ýär

27 Iýun 2024
36

24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ir bi­len türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Ru­ha­bat gal­la önüm­le­ri önüm­çi­lik top­lu­my­na gel­di. Hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de gur­lup, döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len tä­ze kär­ha­na­nyň dü­zü­mi­ne ele­wa­tor we un, çö­rek önüm­le­ri bö­lüm­le­ri gir­ýär. Bu ýer­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň iň kä­mil en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len tä­ze bö­lüm iş­le­ýär. Tä­ze bö­lüm bi­len ta­nyş­ly­gyň do­wa­myn­da Gahryman Ar­ka­da­gy­myz onuň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy, bu ýer­de or­naş­dy­ry­lan en­jam­la­ryň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry, iş­le­riň yl­my esas­da al­nyp bar­ly­şy bi­len ta­nyş­dy. Kär­ha­na­nyň hü­när­me­ni tä­ze bö­lü­miň iş­le­ýiş ter­ti­bi ba­ra­da gür­rüň ber­di. Bu ýer­de to­hum­lyk dä­ne­ler ýö­ri­te şöh­lä­ni ulan­mak ar­ka­ly saý­la­nyl­ýar. Bu en­jam bug­daý­la­ry onuň reň­ki­ne, göw­rü­mi­ne la­ýyk­lyk­da aras­sa­la­ýar. Bu bol­sa aras­sa we ýo­ka­ry hil­li bug­daý to­hu­my­ny taý­ýar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bö­lüm­de otur­dy­lan iň tä­ze fo­to­se­pe­ra­tor en­ja­my sa­gat­da 18 ton­na bug­da­ýy aras­sa­la­ma­ga ukyp­ly­dyr. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len bö­lüm­de iş­le­jek hü­när­men­ler dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ryn­da tej­ri­be okuw­la­ry­ny geç­di­ler. Mu­nuň özi iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len bir ha­tar­da, bu ýer­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ösen hal­ka­ra gör­ke­zi­ji­le­re do­ly la­ýyk gel­me­gi­ni şert­len­dir­ýär.

Beýleki habarlar