''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Reňki hurmaýy igde

Bu daragt hakynda şeýle bir rowaýat bar. Irräkki döwürde bir barjamly baýyň dürli ir-iýmişli uly çarbagy bolupdyr. Şol bagyň içinde-de ýalpyldap duran ýaşyl ýaprakly, miwesi iri hem örän tagamly bir agaç bar eken. Kölegesiniň goýrulygy sebäpli, beýleki ösümliklere zyýan berýänligi üçin baý öz bagbanyna bu daragty çarbagyň daşyna, akar ýabyň boýunda ekmegi buýrupdyr. Ine, şonda çarbagyň daşyna çykarylan bu agajyň göwni galyp, namys etmekden ýaňa ýapraklary kiçelip, inçelipdir, reňki öçüşip, ol açyk aksowult kümüş reňke öwrülipdir. Miwesiniň suwy sykylypdyr, içi tozgalap, igläp, daşky gabygy gyzyl köz ýaly reňke dönüpdir. Igläp-igläp, «igde» adyny alan bu agajyň miwesi welin, şol bir ýokumlylygyna galypdyr. Onuň häzirki wagtda-da obanyň, mellek ýerleriniň çet-gyralaryndaky ýaplaryň boýunda ekilýändigi hem şondanmyş.

Gudrat göreý diýseňiz...

Daglar hakda biziň nusgawy şahyrlarymyz ençeme ajaýyp setirleri miras galdyrypdyr: Daglar ýeriň myhydyr...

Garagum täsinlikleri

Garagum sährasy türkmen kalbynyň aýrylmaz bir bölegidir. Bu sährada asyl durkunda saklanyp galan tebigatyň gadymy hem-de üýtgewsiz keşbi halk ýaşaýşynyň tebigy etnografiýasyny öwrenmekde we oňa akyl ýetirmekde juda möhümdir. Hut şundan ugur alyp, Merkezi Garagumuň çäginde «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Merkezi Garagumuň aýratynlyklary Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda hem özüniň anyk beýanyny tapýar. Romandaky: «Garagum desterhanynyň ileri tarapynda — Tejen şäheriniň deňesinde öňüňden Tejen derýasy çykýar. Şäherden geçip göni gitmek eýgertmeýän ýaly, derýa bu ýerde ugruny üýtgedýär: gaýralygyna — Merkezi Garaguma ugur alýar» diýlen setirleri okanyňda, Garagum sährasy göz alnyňda ýaýylyp ýatan ýaly bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ana, şol ýerde — derýanyň Garawekiliň jaryna guýup soňlanýan ýeriniň aşak tarapynda Merkezi Garagumy ýanbaşlap oturan tenha bir oba bar» diýlen sözleri-de halkymyzyň öz ýaşaýşyny Garagum sährasy bilen berk baglanyşdyrandygyny iňňän çeperçilik bilen suratlandyrýar.

Zirk

Günorta-Günbatar Köpetdag ösümlik dünýäsine örän baýdyr. Bu ýerde 1300-den gowrak ösümlik görnüşi hasaba alnandyr. Şol ösümlikleriň 100-den gowragy agaç we agaçjymak ösümliklerdir. Şeýle ösümlikleriň biri-de zirk agajydyr. Zirkleriň dünýäde bäş ýüzden gowrak görnüşi bellidir. Ýurdumyzda olaryň üç görnüşi duş gelýär. Ol başgaça «sarytiken» diýlip hem atlandyrylýar. Bu ösümligiň boýy 2-4 metre ýetýär. Ýapraklary çogdam-çogdamdyr. Zirk ösümligi aprel-sentýabr aýlarynda gülleýär, sentýabr-oktýabr aýlarynda miwesi bişip ýetişýär. Ol düýbünden çykan kök ösüntgilerinden köpelýär. Derelerde, çeşme boýlarynda gür baglygy emele getirýär. 

Şöhlat agajy

Bignoniýalar maşgalasyna degişli bolan şöhlat agajyna (kigella africana) Afrikanyň tropiki zolaklarynda we Madagaskar adalarynda duş gelmek bolýar. Agajyň beýikligi 12 – 15 metr bolup, ýogyn sütünleri we çal gabyk bilen örtülen şahalary bolýar. Onuň ýapraklarynyň uzynlygy 15 santimetre çenli ösýär. Şöhlat agajynyň uly, ýiti gyzyl reňkli, ýakymsyz ysly, sübse şekilli, gül çogdamly gülleri bolýar. Yssy zolaklarda ösýändigi üçin agajyň gülleri gijesine açylýar we ýarganatlaryň, gije uçýan mör-möjekleriň kömegi bilen tozanlanýar. Bu agajyň miwesiniň uzynlygy 40 – 60 santimetre, agramy 10 kilograma, diametri 15 – 20 santimetre çenli bolýar. Onuň miwesi antioksidant, antibakterial häsiýete eýe bolup, dermanlyk ähmiýeti örän ýokarydyr. Afrikanyň ýerli ilaty onuň miwesini çiş kesellerine, guragyra (rewmatizme) garşy we ýylan çakan wagty bedene zäheriň ýaýramagynyň öňüni almakda giňden peýdalanýarlar. Şöhlat agajynyň ter miweleri zäherlidir. Onuň miwesi guradylan, kakadylan görnüşde ulanylýar. Mundan başga-da, onuň miwesinden gowşak aşgar häsiýetli içgiler taýýarlanylýar. Şöhlat agajy diňe bir dermanlyk häsiýeti boýunça tapawutlanman, eýsem, onuň bezeg ähmiýeti-de uludyr. Agajyň täsin miwesi, owadan gülleri onuň bezeg ähmiýetini artdyrýar.

Tebigatyň täsin syrlary

Möjek haýwanlaryň içinde iň güýçli ys alýan jandar hasaplanýar. Ol ýüz kilometr, ondanam uzagrak ýerden awlajak awunyň ysyny alyp bilýär. Şonuň üçin il içinde şeýle söz bar: «Möjegi aýagy ekleýär». * * *

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak babatda nusgalyk işler alnyp barylýar

Türkmenistan tebigy baýlyklara baý ýurtdur. Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigaty goramak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Daşky gurşaw bilen gatnaşygy sazlaşykly guramaga, ekologiýa taýdan arassa ykdysadyýeti döretmäge möhüm ähmiýet berilýär. Daşky gurşaw, ýagny tebigat adamzadyň iň uly baýlygydyr. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny we gaýtalanmajak gözelligini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda kabul edilen ähli iri milli özgertmeler maksatnamalary we meýilnamalary Durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlary, şol sanda ekologiýa düzümi bilen berk utgaşýar. Gözel tebigatyň adamzada berýän ähli eşretleri nazara alnyp, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen bitirilýän beýik işler halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde tebigatyň gözelliklerini goramak, bag nahallaryny oturtmak asylly ýörelgelere öwrüldi. Şeýle hem daşky gurşawy goramak boýunça ylmy işleri alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçilikleriň esasynda hem tebigaty öwreniji alymlar bu ugurda asylly işlerini alyp barýarlar. Hut şunuň netijesinde daşky

«Bilbiller yşk eden baglary gördüm...»

Bag ekmek sogap iş. Ol tebigatyň yşnaklylygyna yşk goşup, ynsan kalbyna gözellik çaýýar. Adam, köplenç, sähradan ylham algyç bolýar. Şu ýerde şahyr Halyl Kulyýewiň: Keşt etdim, aýlandym eziz Watany,Arçaly, çynarly daglary gördüm.Torç etdim çölleri, gezdim sährany,Bilbiller yşk eden baglary gördüm —

Uly çille

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda tebigatdaky üýtgeşmeler bilen baglanyşykly ençeme setirler bar: Garrylyk ýetişdi müň külpet bilen,Mizan ötdi, hazan geldi, gyş geldi.

Durnukly ösüşiň kepili

Täzelik

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň nahalhanasynda agaç nahallaryny ýetişdirmegiň agrotehnikasyna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna jemgyýetiň hünärmenleri, bagbanlar, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda alnyp barylýan işler we dürli saýaly, miweli agaçlaryň nahallaryny ýetişdirmegiň inçe syrlary hakynda pikir alşyldy. Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda bu nahalhanada gülleriň, agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi ýetişdirilýär. Taýýar nahallar sarp edijilere ugradylýar.

Agaryp gyş geldi...

Kätibine galsa, ýazgynyň ady entek uzaldylmalydy. Herhal, birinjiden, eline galam tutduran Aşyrguly mugallymyň, ikinjiden, Pyragy atanyň: Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,Bilmeze az, bilenlere nyrhy köp...

«Çillesi çi:lde ýatmaz...»

Ata-babalarymyz gyş paslyny dört topara bölýär: garagyş, uly çille, kiçi çille, garagyş. Uly çille ertir 8-nji dekabrdan başlap, 17-nji ýanwara çenli dowam edýär. Uly çilläniň dowamlylygy 40 güne çekýär. Bu möwsümde gyşyň garly günleriniň köp bolýandygy sebäpli, türkmen halk aýdymlarynda gyz-gelinleriň alkymyny «kyrk çilläniň garyna» meňzedýärler. Uzak dowam edeni üçin ot-çöpi ýeterlik bolmadyk maldar we hamyrmaýasyny ykjam saklamaýan zenan barada, uly çille: «Gara goýunda guýruk goýman, sakynyk aýalda hamyrmaýa» diýermiş diýýärler. Bu nakylyň ikinji böleginiň manysyny çözlesek, hamyrmaýa sowukda üşese, bişirilen çörek «gülleýär», ýagny çöregiň ýüzi besse-besse bolup ýanýar.

Ýabany armytlar

Günorta-Günbatar Köpetdagda ýabany armytlaryň 4 görnüşi: buasseniň armydy, türkmen armydy, adaty armyt we regeliň armydy duş gelýär. Buasseniň armydy Merkezi Köpetdagda hem ösýär. Armydyň bu görnüşi horaçeken, dagdan agaçlary bilen bilelikde deňiz derejesinden 800-1200 metr belentlikdäki düzlükleriň çöllük zolagynda hem-de gurak çägesöw-daşly dag eňňitlerinde ösýär. Buasseniň armydy boýy 2,5-4 metre çenli ýetýän gyrymsy agaçdyr. Onuň miwesi ownuk bolup, diametri 1 santimetre golaýdyr. Türkmen armydynyň boýy 10-12 metre çenli ýetýär. Miweleri şar şekilli ýa-da gysgajyk armyt görnüşindedir. Miweleriniň diametri 2-4 santimetr aralygyndadyr. Türkmen armydy, esasan, tohumyndan we kök ösüntgilerinden köpelýär.

Güjüm keramatly agaç

Topraga, ekin-dikine alyn derini siňdirýän pederlerimiziň ýollaryny mynasyp dowam etdirýän agzybir halkymyz dürli ösümlikleri, saýaly baglary ekmäge aýratyn üns berip, nesilden-nesle geçirip, biziň şu günlerimize çenli ýetirip gelipdirler. Şol asylly ýörelge edil beýleki obalardaky ýaly biziň obamyza-da mahsusdy. Edil häzirki gün ýaly ýadymda, obadaşlarymyz dürli iýmişler bilen bir hatarda saýaly, miweli agaçlary köp ekýärdiler. Olar: «Agaç ösdürip ýetişdirseň, sogap bolýar» diýen ynanja uýýardylar.

Güller barada

Dünýä belli Golland bägülleri taryhyň hiç bir döwründe-de gymmatyny ýitirmändirler. XVII asyrda bu bägülleriň iň gymmatbaha metallardan hem gymmatly bolandygy barada käbir maglumatlar bar. Dünýäde iň uly ýaşly gül 2001-nji ýylda Hytaýda ýüze çykaryldy. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu gülüň 125 million ýaşy bar.

Taryha baý Garagum

Garagum ýurdumyzyň taryhynda we edebiýatynda uly ähmiýete eýedir. Birmahallar Garagumuň eýeleýän ýerinde ösen şäherler, şeýle hem Marguş ýurdy hem bolupdyr. Häzirki döwürde gumuň içinde halkymyzyň uly sarpa goýýan ýadygärlikleri az däldir. Çünki bu ýerde ýaşaýşyň özboluşly ýörelgesi hem-de däp-dessurlary emele gelipdir. Gadymy döwürlerden bäri Garagumda dowar sürüleri bakylypdyr, çopanlaryň, mergenleriň hem-de awçylaryň pişesi sähra bilen bagly bolupdyr. Bu ýerde itleriň alabaý we tazy ýaly täsin tohumlary ýetişdirilipdir. Çägeli ýollary söküp geçmek ahalteke bedewlerinde çydamlylyk, çeýelik... ýaly häsiýetleri kemala getiripdir. Tomsuna salkyn we gyşda ýyly bolýan türkmen ak öýleri hem Garagumda döräpdir. Garagum tebigatyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden täsin sazlaşygynyň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde gum alaňlary hem-de daş ýaly gaty takyrlar aýratyn sazlaşyk döredýär. Çäge takyryň üstüni örtüp bilmeýär. Sebäbi takyrlaryň üsti örän tekizdir. Şoňa görä-de, çäge ýeliň täsiri bilen onuň üstünde saklanmaýar. Ýene-de bir täsin zat: adatça, Garagum sährasy örän gurak ýer hasaplanylýar. Şol bir wagtyň özünde, tutuş Garagumuň astynda, uly çuňlukda ýerasty suwlaryň uly gorlary ýerleşýär. Dogry, olaryň köpüsi güýçli minerallaşan su

Erik agajy

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Ah­met ikin­ji syn­py ta­mam­lap, to­mus dynç alyş gün­le­ri­ni oba­da, ene­le­rin­de ge­çir­ýär­di. Oba­nyň ýa­şa­ýyş dur­mu­şy onuň üçin diý­seň gy­zyk­ly­dy. Gün­de­lik gaý­ta­la­nyp du­ran şol bir iş­ler, he­re­ket­ler bol­sa örän geň­di.

Tebigat we tejribe: üznüksiz üýtgeýişleriň gadymy pelsepesi

Şu ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň (COP-28) 28-nji maslahaty geçirilýär. Maslahata Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Ýurdumyz ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara tagallalary utgaşdyrmaga örän jogapkärçilikli çemeleşip, bu işe özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Munuň şeýledigini bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem tassyklaýar. Tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Geçmişe nazar aýlanymyzda-da, halkymyzyň tebigat bilen hemişe sazlaşykly ýaşandygyna göz ýetirýäris. Taryhy öwrenmegiň gözbaşynda ynsanara gatnaşyklardan kän ozal kemala gelen şert, ýagny janly-jandaryň döremegine getiren daşky gurşawyň özüniň emele gelşi dogrusyndaky tebigat ylymlarynyň çemen-dessesi ýatyr. Diýmek, gadymy taryhy öwrenmek işi bu ugurda toplanan tejribeden, ylaýta-da, munda has esasly we ygtybar-ykrarly ylmy tejribeden başlanylsa, hem maksada, hem mantyga laýyk, çünki geçmiş ýaşaýyş döremezden-de kän öňinçä janly-jandara hem ata, hem ene bolan, ýagny taryha ýaşaýyş getiren, öze

Ýandak

Halkymyzda şeýle gürrüň bar: «Ýandak obaňda gögerse, tebip derkar däl». Bu sözüň aňyrsynda uly many bar. Lukman Hekimiň il-güne: «Men gitsem, düýäniň çalyny içiberiň» diýen sözi hem biziň aýtjak bolýan zadymyza degişli. Sebäbi düýäniň iň süýji görýän höregi ak sazak bilen başyna biten däneli ýandak. Ýandak takyr hem adyrsowrak ýerlerde gögerýär. Adyrsow ýerde biten ýandagyň güli az bolýar. Takyrda biteniňki tersine köp bolýar. Suwuň boýunda biten ýandagyň baldagy ýogyn, boýy uzyn bolýar. Ýandagyň özboluşly owadan güli we dänesi bolýar. Ýyl ygally gelse, adaty ösümlikler pür-pürçege öwrülýär. Ýandak bolsa tersine dänelemeýär. Sebäbi ol özüne gerek bolan suwy has çuň ýerden alýar. Şonuň üçin onuň köki ýeriň has aşaky gatlagyndan suw içýär.