«Çillesi çi:lde ýatmaz...»

7 Dekabr 2023
477

Ata-babalarymyz gyş paslyny dört topara bölýär: garagyş, uly çille, kiçi çille, garagyş. Uly çille ertir 8-nji dekabrdan başlap, 17-nji ýanwara çenli dowam edýär.

Uly çilläniň dowamlylygy 40 güne çekýär. Bu möwsümde gyşyň garly günleriniň köp bolýandygy sebäpli, türkmen halk aýdymlarynda gyz-gelinleriň alkymyny «kyrk çilläniň garyna» meňzedýärler. Uzak dowam edeni üçin ot-çöpi ýeterlik bolmadyk maldar we hamyrmaýasyny ykjam saklamaýan zenan barada, uly çille: «Gara goýunda guýruk goýman, sakynyk aýalda hamyrmaýa» diýermiş diýýärler. Bu nakylyň ikinji böleginiň manysyny çözlesek, hamyrmaýa sowukda üşese, bişirilen çörek «gülleýär», ýagny çöregiň ýüzi besse-besse bolup ýanýar.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar