Ýabany armytlar

6 Dekabr 2023
458

Günorta-Günbatar Köpetdagda ýabany armytlaryň 4 görnüşi: buasseniň armydy, türkmen armydy, adaty armyt we regeliň armydy duş gelýär. Buasseniň armydy Merkezi Köpetdagda hem ösýär. Armydyň bu görnüşi horaçeken, dagdan agaçlary bilen bilelikde deňiz derejesinden 800-1200 metr belentlikdäki düzlükleriň çöllük zolagynda hem-de gurak çägesöw-daşly dag eňňitlerinde ösýär. Buasseniň armydy boýy 2,5-4 metre çenli ýetýän gyrymsy agaçdyr. Onuň miwesi ownuk bolup, diametri 1 santimetre golaýdyr.

Türkmen armydynyň boýy 10-12 metre çenli ýetýär. Miweleri şar şekilli ýa-da gysgajyk armyt görnüşindedir. Miweleriniň diametri 2-4 santimetr aralygyndadyr. Türkmen armydy, esasan, tohumyndan we kök ösüntgilerinden köpelýär.

Ogulgül MEREDOWA,
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar