Täzelik

7 Dekabr 2023
613

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň nahalhanasynda agaç nahallaryny ýetişdirmegiň agrotehnikasyna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatyna jemgyýetiň hünärmenleri, bagbanlar, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda alnyp barylýan işler we dürli saýaly, miweli agaçlaryň nahallaryny ýetişdirmegiň inçe syrlary hakynda pikir alşyldy. Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda bu nahalhanada gülleriň, agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi ýetişdirilýär. Taýýar nahallar sarp edijilere ugradylýar.

Beýleki habarlar