Ýandak

28 Noýabr 2023
503

Halkymyzda şeýle gürrüň bar: «Ýandak obaňda gögerse, tebip derkar däl». Bu sözüň aňyrsynda uly many bar. Lukman Hekimiň il-güne: «Men gitsem, düýäniň çalyny içiberiň» diýen sözi hem biziň aýtjak bolýan zadymyza degişli. Sebäbi düýäniň iň süýji görýän höregi ak sazak bilen başyna biten däneli ýandak.

Ýandak takyr hem adyrsowrak ýerlerde gögerýär. Adyrsow ýerde biten ýandagyň güli az bolýar. Takyrda biteniňki tersine köp bolýar. Suwuň boýunda biten ýandagyň baldagy ýogyn, boýy uzyn bolýar. Ýandagyň özboluşly owadan güli we dänesi bolýar. Ýyl ygally gelse, adaty ösümlikler pür-pürçege öwrülýär. Ýandak bolsa tersine dänelemeýär. Sebäbi ol özüne gerek bolan suwy has çuň ýerden alýar. Şonuň üçin onuň köki ýeriň has aşaky gatlagyndan suw içýär.

Azat MYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar