''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Bugdaý oragyna taýýarlyk

Boldumsaz etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň agzybir işgärleri jogapkärli möwsüm bolan bugdaý oragyna ykjam taýýarlykly gelýärler. Olar zähmetsöýer gallaçy kärendeçileriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin 22500 gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda, bökdençsiz ýygnamagy maksat edinýärler. — Önümçilik kärhanamyzda kuwwatly kombaýnlaryň jemi 49 sanysy möwsüme taýýar edildi. Olaryň 5-si «John Deere», 44-si «СLAAS» kysymly kuwwatly kombaýnlardyr. Galla oragy döwründe işlediljek kombaýnlara zerur hyzmatlaryň iş üstünde guralmagy bolsa olaryň öndürijilikli peýdalanylmagyny üpjün eder. Häzirki wagtda bugdaý oragy möwsümine gatnaşjak kombaýnçylar, tehniki işgärler we hasyly daşamaga niýetlenen awtoulaglaryň sürüjileri bilen ýangyn-tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça düşündiriş çäreleri geçirilýär — diýip, kärhananyň ýolbaşçysy Täzebaý Saparow gürrüň berdi.

Pileçileriň yhlasly zähmeti

Pileçileriň yhlasly zähmeti Häzirki wagtda dowam edýän pile möwsüminde ýokary hilli pile hasylyny öndürmek ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýän ýüpekçi kärendeçiler Akdepe etrabynyň Sapyş Çerkezow adyndaky daýhan birleşiginde-de az däl. Olar bu möwsümde 153 guty gurçuk tohumyny idedip, 5600 kilogram ýokary hilli piläni döwlete satmagy maksat edinýärler. — Bereketli pile hasylyny ýetişdirmek üçin ýüpek gurçuklaryny wagtly-wagtynda iýmitlendirip, saklanylýan ýerleriniň arassa bolmagy üpjün edilýär. Bu jogapkärli işde hojalygyň tejribeli ýüpekçileriniň hatarynda Guwanç Baýramow, Dursun Gurbanmyradowa, Gyzylgül Haýydowa, Öwez Baýramow, Saparmyrat Annaýew dagynyň köplere görelde bolýandyklaryny bellemeli. Häzirki wagtda daýhan birleşigimiziň ýüpekçileri öz ýetişdiren pile hasyllaryny kabul ediş nokatlaryna tabşyrýarlar. Nesip bolsa, möwsümde edermen ýüpekçilerimiz şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirip, meýilnamada göz öňünde tutulan pile hasylyny Watan harmanyna goşarlar — diýip, daýhan birleşiginiň hünärmeni Babyş Töräýew gürrüň berdi. 

Hasyl ýitgisiz ýygnalar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň kärendeçileri 28500 gektar ýerde «guşgursak» ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. 4820-den gowrak gallaçy kärendeçiler özleriniň garamagyndaky bugdaýly ýerlerde ahyrky tapgyrda ideg işlerini  berjaý edip, öňde duran galla oragy möwsümine hem ykjam taýýarlyk görýärler. Şu ýyl etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň ýokary iş öndürjilikli kombaýnlarynyň 65-den gowragynyň galla oragy möwsümine gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu kombaýnlara önümçilik kärhanasynyň ussalary tarapyndan degişli tehniki hyzmatlar edilip, möwsüme birkemsiz taýýarlanylýar. Kombaýnlara orak möwsümine iş üstünde zerur tehniki hyzmatlary amala aşyrmak üçin göçme abatlaýjy toparlaryň hem 2-si döredildi. Bu toparlar hünärmenler, tejribeli ussalar, abatlaýjy enjamlar, ätiýaçlyk şaýlary we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edildi. Bu bolsa orak möwsüminde kombaýnlaryň saz we bökdençsiz işlemegine şert döreder. Şeýle hem taýýar hasyly bugdaý kabul ediş nokatlaryna daşamak üçin edara-kärhanalaryň, awtoulag kärhanasynyň, şahsy hojalyklaryň ýük awtoulaglaryny peýdalanmak barada şertnamalar baglaşylýar.

Tehnikalar möwsüme taýýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bugdaý oragy möwsüminde 15,5 müň gektar meýdandaky bereketli hasylyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyna mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän Görogly etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleri, kombaýnçylary häzirki wagtda taýýarlyk işlerini ahyrky tapgyrda dowam etdirýärler. Şu wagta çenli olaryň yhlasly zähmetiniň netijesinde,  golaýlap gelen möwsümde ulanylmagy göz öňünde tutulýan 31  sany däne ýygýan kombaýnlaryň ählisi bir hatar gözden  geçirilip, kemçilikleri  düzedilip, doly taýýar edildi. Bu işde Myrat Garryýew, Hemra Sapardurdyýew, Täçmyrat Amaşow, Şaguly Orazgulyýew ýaly tejribeli adamlar ýokary işjeňlik görkezdiler. Kärhanada bugdaý oragyna gatnaşmaly ýöriteleşdirilen toparlar döredilip, olara degişli tehnikalar berkidildi, jogapkär ýolbaşçylar, hünärmenler bellenildi. Şonuň ýaly-da kombaýnlara iş üstünde ýangyç-tehniki hyzmatlary etmäge niýetlenen ulaglar, göçme ussahanalar enjamlaşdyryldy. Mundan başga-da, kombaýnçylaryň, ulag sürüjileriň arasynda okuw-düşündiriş işleri guralýar. Döwletmyrat DURDYÝEW,TAP-nyň Görogly etrap komitetiniň başlygy.

Azyk bolçulygyna mynasyp goşant

Ene topragyň berekedini artdyrmak, nygmat bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşmak etrabymyzyň oba adamlarynyň baş maksadydyr. Olaryň agzybirlik bilen çekýän zähmetleri bazarlarymyzda bolçulygyň döredilmegine uly ýardam berýär. Şeýle il-ýurt bähbitli işe zähmetkeşleriň höwes bilen gatnaşmaklarynyň netijesinde şu ýylyň geçen dört aýynda etiň 8,1 müň tonnadan gowragy, süýdüň 29,9 müň tonna golaýy, ýumurtganyň bolsa 16,8 milliondan gowragy öndürildi. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli artykdyr. Gowy görkezijileriň oba adamlaryna döwletimiz tarapyndan uly goldaw berilmegi netijesinde gazanylýandygy bellärliklidir. Şeýle çemeleşme oba ilatynyň bol girdejileriň eýeleri bolmagyna-da getirýär. Elleri uzadan ýerine ýetýän adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejeleri barha ýokarlanýar. Oba milli maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýan işler bolsa obalaryň täze, döwrebap keşbini emele getirýär.

Gowaça bejergisi ýokary depginde

Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 2176 gektar gowaça meýdanlarynda otag, ýekeleme, hatarara bejergi işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Hatarara bejergi mehanizatorlardan uly jogapkärçiligi talap edýär. Hut şunuň bilen baglylykda, bu iş köpýyllyk tejribesi bar mehanizatorlara ynanylypdyr. Öz işine ezber mehanizatorlar berkidilen tehnikalaryny saz işledip, bejergini gowaça düýplerine zeper ýetirmezden, ýokary hilli geçirmäge çalyşýarlar. Daýhan birleşiginiň garamagyndaky tehnikalaryň 3-si, etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyna degişli tehnikalaryň 1-si hatarara bejergisinde işledilýär. Bu tehnikalara Ataniýaz Isakow, Parahat Ýerejepow, Döwletbaý Nurymbetow, Çary Weljikow dagy erk edýärler. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy netijesinde her günde 70 — 75 gektar ýerde hatarara bejergi işi geçirilýär. Hatarara bejergi işiniň öz wagtynda geçirilmegi gowaçalaryň düýplerini ýumşatmakda, ýeriň yzgaryny saklamakda, hapa-haşal otlardan goramakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Pileçileriň yhlasy ýerine düşýär

Tejen etrabynyň ýüpekçi-kärendeçileri etrabyň pile kabul ediş kärhanasyna şanly ýylymyzda taýýarlanan kümüşsöw gymmatlygy köpçülikleýin tabşyrýarlar. Üstümizdäki ýylda olar ýüpek gurçugynyň 739 gutusyny degişli talaplara laýyklykda idetdiler. Häzirki jogapkärli günlerde etrabymyzyň ýaşlary hem ýüpekçilere ýakyndan ýardam edýärler. Olar ýokary hilli piläni arassalamakda we kabul ediş kärhanasyna wagtynda tabşyrmakda yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri bolsa möwsüme gatnaşyjy ýaşlar bilen duşuşyp, olaryň armalaryny ýetirýärler we öňdebaryjylary höweslendirýärler.

500 tonna pile ugrunda

Harman barha beýgelýär «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watan harmanyna 500 tonna ýokary hilli pile goşmagy maksat edinip, tamamlanyp barýan ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde gaýratly zähmet çeken welaýatymyzyň ezber ýüpekçi kärendeçileri şu günlerde ýetişdiren bereketli hasyllaryny ýitgisiz ýygnap, kabul ediş bölümlerine tabşyrmagyň depginini barha ýokarlandyrýarlar. Şeýlelikde, olaryň köp sanlysy özleriniň baglaşan şertnamalaýyn borçnamalaryny has artygy bilen berjaý etmegiň hötdesinden gelmek bilen, hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky giň gerimli goldawlaryna ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen jogap berýärler.

Lebaply ýüpekçileriň uly zähmet ýeňşi

Welaýatymyzyň ýüpekçileri döwlete pile tabşyrmak boýunça meýilnamalaýyn borçnamalaryny 18-nji maýda goşa baýramyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaraly bellenilýän şanly senesine gabatlap, üstünlikli berjaý edendikleri barada buýsanç bilen habar berdiler. Ýurdumyzyň kümüşsöw çäjine 1047 tonnadan gowrak Lebap pilesi goşant edildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba zähmetkeşlerine yzygiderli edýän hemaýat-goldawlarynyň we döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde pile tabşyrmak möwsümi uly ruhubelentlik bilen dowam edilýär.

Berk ynam we belent ruh bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan oba hojalyk pudagynyň ösüşine aýratyn uly üns berilýär. Obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki binýadyny ýokarlandyrmaga we oba hojalyk ekinlerini mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatyny kuwwatlandyrmaga iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýylyň-ýylyna daşary ýurtlardan täze, döwrebap traktorlar, kombaýnlar we beýleki oba hojalyk tehnikalarydyr gurallary satyn alynýar. Bu bolsa zähmetkeş daýhanlaryň işlerini has-da ýeňilleşdirip, olaryň ene ýerden bol hasyl almaklaryna uly itergi berýär.

Möwsüme ykjam taýýarlyk görülýär

Bol hasylyň aladasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk ulgamyny düýpli galkynyşa eýe edýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen ygtybarly üpjün etmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp zähmet çekýän welaýatymyzyň kärendeçileri, mülkdarlary öňde duran galla oragyna ykjam taýýarlyk görýärler. Welaýatymyzyň ekerançylary geçen ýylyň güýzünde 50 müň gektar meýdana bugdaý ekip, dänäniň bitginli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Olar üstümizdäki ýylda şonça meýdandan 80 müň tonna galla hasylyny almagy maksat edinýärler. Idegi ýetirilýän bugdaýly meýdanlar daýhan azabynyň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.

Ýazlary hereket bilen...

Söýgüli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň: «Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,//Bereketli gelsin tylla güýzüňiz» diýen gyzyla gaplaýmaly hoş niýetli arzuwynyň asyl manysyna dogry düşünýän ýurdumyzyň edermen oba zähmetkeşleri, agrosenagat toplumynyň ähli işgärleri, hususyýetçiler oba hojalyk önümlerini öndürmekde, ony gaýtadan işläp, bazarda haryt bolçulygyny döretmekde, şeýle-de özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ugratmakda egin-egne berip, yhlasly zähmet çekýärler. Olar «Şu gün düýnküden, ertir şu günküden, şu ýyl geçen ýylkydan artyk önüm öndürmeli. Ýeriň hasyllylygyny artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaly» diýen pikire uýýarlar. Oba hojalygynda toplanan baý tejribäni ylymda gazanylan täzeliklerdir üstünlikler bilen utgaşdyryp alyp barmagy özlerine baş ýörelge edinen Mary welaýatynyň ussat kärendeçileri möwsümleýin işleriň her birine irgözinden girişýärler. Olar şu ýylyň bugdaý hasylynyň ekişine hem 2023-nji ýylyň güýzünden, irki möhletde girişdiler. Gallaçylaryň sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, bol hasyl berýän, kesellere durnukly, ýokary hilli bugdaý tohumy bilen ýeterlik üpjün edilmegi, yzgar, ösüş suwunyň, mineral we organiki dökünleriň, agrotehniki talaplara laýyklykda öz möhletinde b

Ýüpekçiler pellehanada

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak piläni bol kemala getirip, bu gün arzyly sepgidi eýelän Lebap welaýatynyň ýüpekçileri uly zähmet ýeňşini gazandylar. Watanyň pile çäjine 1010 tonnadan gowrak ýokary hilli pile goşmagy başaran gaýratly ýüpekçiler beren sözlerinde abraý bilen tapyldylar. Bary-ýogy bir aýdan sähel gowrak wagta çeken ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi örän gyzgalaňly geçdi. Ýüpekçiler möwsümiň ilkinji gününden uly aladalar bilen gurşalyp alyndy. Olara ähli babatda degişli kömek-goldaw berildi. Gurçugyň esasy iýmiti tut ýapraklarynyň ýeterlik bolmagy üçin öňki we täze ekilen tut agaçlarynyň irgözinden düýbi ýumşadylyp, dökünläp suwarmak ýaly işler geçirildi. Aýratyn-da, ekerançylyk meýdanlarynyň gyrasyndaky agaçlara şol ýerlere eýelik edýän kärendeçileriň kömegi bilen gowy ideg edildi. Ine, şeýle aladalaryň, galyberse-de, yzygiderli ýagan ýagyş-ýagmyryň netijesinde, tut agaçlary gowy ýapraklady. Welaýatyň gündogar sebitinde tut ýapraklary has ir ýetişdi. Bu bolsa Kerki, Köýtendag, Halaç etraplarynyň ýüpekçilerine gurçugy irki möhletlerde idedip başlamaga mümkinçilik berdi. Şunuň hasabyna kerkili ýüpekçiler bu baradaky meýilnamasyny welaýatda ilkinji bolup ýerine ýetirip, 85 tonnadan gowrak pile taýýarlady. Goňşularynyň

Bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnalyň!

Hemmämize mälim bolşy ýaly, bosagada galla oragy möwsümi. Edermen gallaçylaryň ýetişdiren bugdaý hasylyny öz wagtynda ýeke dänesini hem isrip etmän Watan harmanyna tabşyrmak iň möhüm we jogapkärli wezipe. Munuň üçin orujy kombaýnlary sazlap, hasyly daşaýan ulaglary gözden geçirip, abatlap goýmak ýitginiň peselmegine uly täsir edýär. Däne orýan kombaýnlaryň öndürijilikli işlemegini gazanmak üçin wagtlaýyn ýaplary, pelleri we meýdanlaryň daş-töweregini tekizlemeli. Bugdaý hasylynyň doly bişiş döwri başlandan soň, 5 – 6 günüň dowamynda ýygnalyp alynsa, däne ýitgisi az bolýar. Ýygym näçe uzaga çekdirilse, şonça-da ýitgi köpelýär. Köp maglumatlara görä, bugdaý doly bişiş döwründen 15 gün geçenden soň orulsa, hatda dänesi dökülmezek, sypaly berk sortlaryň hem däne ýitgisi azyndan gektarda 2 – 3 sentnere ýetýär. Hasylyň ýitgisi mehaniki, fiziologiki, ýygyjy maşynlar hem-de hasyly daşamak, dänäni ilkinji gezek gaýtadan işlemek bilen bagly ýüze çykýar.

Pileçiler höweslendirildi

Bäherden etrabynda ýüpekçilikdäki häzirki jogapkärli möwsüm guramaçylykly alnyp barylýar. Etrabyň ýüpekçileri 521 guty ýüpek gurçugyny degişli talaplara laýyklykda idetmek arkaly taýýarlanan piläniň ilkinji kilogramlaryny kabul ediş kärhanasyna tabşyryp başladylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýüpekçilikde uly zähmet üstünligine beslemegi maksat edinýän etrabyň ýüpekçi kärendeçileri şanly ýylda çig piläniň 19 tonnasyny taýýarlamaga borçlanýarlar. Olaryň şu günlerki çekýän yhlasly zähmeti bu babatda meýilnamalaryna hötde geljekdigine ynamy artdyrýar.

Möwsüme taýýarlykly barylýar

Babadaýhan etrabynyň ak ekin ussatlary galla oragy möwsümine ýokary derejedäki taýýarlyklar bilen barýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin etrabyň gallaçylary 30 müň gektar meýdanda guşgursak ak bugdaýyň bitginli hasylyny kemala getirýärler. Däne ekilen meýdanlardan 60 müň 700 tonna bugdaý almagy meýilleşdirýän gallaçylar orak möwsümini guramaçylykly başlap, gysga möhletde tamamlamagy gazanmagy maksat edýärler. Möwsümde däne orujy kombaýnlaryň 63-sini işletmek göz öňüne tutulýar. Kombaýnlary netijeli işletmegi, ýygnalan hasyly kabul ediş ammarlaryna bökdençsiz daşamagy üpjün etmek barada häzirden etrap häkimliginiň, tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň, galla kabul ediş kärhanasynyň, beýleki ugurdaş kärhanalaryň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda okuw maslahatynyň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýüpekçilik

Ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstümizdäki ýylda işlerimiziň rowaçlyga beslenip, ýurdumyzyň ösüşlere eýe bolmagy ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde ýüpekçiligiň ösdürilmegine hem uly ähmiýet berilýär.

Pileçiler yhlaslylyk görkezýär

Gökdepe etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri häzirki jogapkärli möwsümi üstünlikli alyp barýarlar. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasyna gündelik gelip gowuşýan kümüşsöw gymmatlygyň tonnalary hem şeýle diýmäge esas berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljak ýylynda etrabyň pileçileri 657 guty ýüpek gurçugyndan ýokary hilli çig piläniň 24 tonnasyny taýýarlamagy maksat edindiler. Bu asylly maksadyň ýerine düşjekdigine olaryň şu günki iş-aladalaryndan göz ýetirip bolýar. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasyna ýüpekçilerden gelip gowuşýan pile degişli talaplara laýyklykda kabul edilýär. Bu işde kärhananyň hünärmenleriniň tagallalary öwgä mynasypdyr.

Ýüpekçilik

Armalary ýetirildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpekçilige hem aýratyn üns berilýär. Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Mary etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri hem bereketli pile hasylyny taýýarlamakda ussatlyklaryny görkezýärler.

Ekine yhlas siňdirilýär

Ak bugdaý etrabynyň “ak altyn” ussatlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda 21 müň 900 gektarda gowaçanyň bol hasylyny öndürmegi maksat edinýärler. Bu asylly maksat oba zähmetkeşlerini gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag ýaly şu günüň möhüm çärelerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmaga ruhlandyrýar. Häzirki günlerde ýer eýeleriniň, pagtaçy kärendeçileriň her biri gowaçanyň ideginde yhlasly zähmet çekýär. Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde, M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde, “Ak üzüm”, “Üzümli toprak” daýhan hojalyklarynda ekiniň ideg işleri has göwnejaý alnyp barylýar. Ideg işlerinde kämil oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar.