Tehnikalar möwsüme taýýar

24 Maý 2024
467

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bugdaý oragy möwsüminde 15,5 müň gektar meýdandaky bereketli hasylyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyna mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän Görogly etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleri, kombaýnçylary häzirki wagtda taýýarlyk işlerini ahyrky tapgyrda dowam etdirýärler. Şu wagta çenli olaryň yhlasly zähmetiniň netijesinde,  golaýlap gelen möwsümde ulanylmagy göz öňünde tutulýan 31  sany däne ýygýan kombaýnlaryň ählisi bir hatar gözden  geçirilip, kemçilikleri  düzedilip, doly taýýar edildi. Bu işde Myrat Garryýew, Hemra Sapardurdyýew, Täçmyrat Amaşow, Şaguly Orazgulyýew ýaly tejribeli adamlar ýokary işjeňlik görkezdiler. Kärhanada bugdaý oragyna gatnaşmaly ýöriteleşdirilen toparlar döredilip, olara degişli tehnikalar berkidildi, jogapkär ýolbaşçylar, hünärmenler bellenildi. Şonuň ýaly-da kombaýnlara iş üstünde ýangyç-tehniki hyzmatlary etmäge niýetlenen ulaglar, göçme ussahanalar enjamlaşdyryldy. Mundan başga-da, kombaýnçylaryň, ulag sürüjileriň arasynda okuw-düşündiriş işleri guralýar.

Döwletmyrat DURDYÝEW,
TAP-nyň Görogly etrap komitetiniň başlygy.

Beýleki habarlar