''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Milli binagärligiň buýsançly eserleri

Ak mermerli paýtagtymyzyň taryhyna ser salsaň, onuň her künjegine degişli maglumatlar, özboluşly binagärlik aýratynlyklary ünsi çekýär. Saklanyp galan maglumatlara görä, şäher esaslandyrylandan soňra şähergurluşyk meýilnamasy boýunça ilkinji iri köçeleriň biri Merw prospekti bolupdyr. Ilki «Merw» diýlip atlandyrylan bu uzyn köçä 1897-nji ýylda Zakaspiý oblastynyň ýolbaşçysy general Kuropatkiniň ady dakylýar. Sowet häkimiýeti döwründe ol «Swoboda» prospekti diýlip üýtgedilýär. Häzirki wagtda bu gözel köçe türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň adyny göterýän Magtymguly şaýoludyr. Ol şäheriň demirgazyk-günbataryndan günorta-gündogara tarap uzaýan, iň irki we esasy şaýollaryň biridir. Aşgabadyň ilkinji köçeleri 1887-nji ýyldan abadanlaşdyrylyp başlanýar. Esasan-da, Merw prospekti we Annenkow köçesi şossä (ulag gatnawy üçin berk emeli gatlakly we gapdallarynda suw akdyrmak üçin ýapjagazlar bolan ýol) öwrülipdir. Ýanaşyk köçelere daş, ýanýodalara bişen kerpiç düşelipdir. Ýollaryň saýaly bolmagy üçin ýaplaryň boýuna agaç ekilipdir. Häzirki «Aşgabat» seýilgähiniň (öňki ady «Jemgyýetçilik bagy») düýbi hem şol ýyllarda tutulypdyr.

Bedew söhbeti

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Boz duman aýakly, bezbent toýnakly

Täze tapyndy

“Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasy Ruhubelent, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplaryndaky ýadygärlikleriň saklanylyşyny gözden geçirmek, tehniki ýagdaýlaryny anyklamak, taryhy gorag çelgilerini gözden geçirmek we olary surata düşürmek maksady bilen, iş saparyny gurady. Iş saparynyň dowamynda Ruhubelent etrabynyň Şagadam  geňeşliginde ýerleşýän Gaňňa I ýadygärliginden keramikadan taýýarlanan ikbaş tapyldy. Tapyndy Daşmetjit halk hünärleri muzeýine tabşyryldy. Öňki döwürlerde ikbaşlary toýundan, keramika gaplarynyň diwarynyň döwük böleklerinden, daşdan, balykgulakdan we süňkden kesip, käwagtlar bürünçden guýup ýasapdyrlar. Daşdan ýasalan ikbaşlar ýasy, tegelek görnüşde bolupdyr, süňkden seýrek ýasalypdyr. Toýundan ýasalan ikbaşlar ýasy we süýri görnüşinde bolupdyr. Daş we toýun ikbaşlaryň ýüzüne nagyşlar, göni we tolkun, tegelek, atanak çyzyklar çekilipdir. Ikbaşlar çukurjyklar bilen bezelip, käbirleri bolsa nagyşsyz görnüşindedir. Ikbaşlarda duş gelýän üçburçluk, göni we tolkun çyzyklar, atanak şekilli görnüşler hasyllylygy we abadançylygy aňladypdyr. Ikbaşlary dört bölege bölýän çyzyklar pasyllary ýa-da dünýäniň dört tarapyny aňladypdyr.

Seljuk soltanlary

Dowamy. başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda. Ömür beýany

Ga­dy­my Merwde ýa­şan alym­lar

Jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­niň kuw­wat­ly güý­ji hök­mün­de ylym ul­ga­my ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz yl­my ösüş­le­ri ýur­du­my­zy dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na çy­kar­ma­gyň mö­hüm şer­ti hök­mün­de kes­git­le­ýär. Bu gün­ki gün Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len halkymyzyň şöhratly taryhy ylmy esasda öwrenilýär. Ga­dy­my Merw top­ra­gyn­da hem dür­li dö­wür­ler­de alym­la­ryň en­çe­me­si ýa­şap­dyr, iş­läp­dir we ma­te­ma­ti­ka, ast­ro­no­mi­ýa hem-de beý­le­ki ylym­la­ra de­giş­li en­çe­me açyş­lar edip­dir­ler. Bu alym­la­ryň ýa­zan ki­tap­la­ry dün­ýä yl­my­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na öw­rül­di. Ta­ry­hy mag­lu­mat­lar­da be­ýan edi­li­şi ýa­ly, XI—XII asyr­lar­da ylym­da uly ösüş­ler ga­za­ny­lyp­dyr. Bel­li rus aly­my Ý.E.Ber­tel­siň ýaz­ma­gy­na gö­rä, Sel­juk sol­tan­la­ry­nyň döw­rün­de ýurt­da baý me­de­ni dur­muş dö­re­di­lip­dir, ol bol­sa bü­tin dün­ýä­niň me­de­ni­ýe­ti­niň ös­me­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup­dyr. Şeý­le alym­la­ryň bi­ri hem Omar Ha

Ibn Battuta türkmen topragynda (Köneürgenç — Deli syýahaty)

Orta asyrlarda yslam dünýäsi çuňňur ylym-bilime eýe bolupdyr. Muňa mysal edip, Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanuny» kitabynyň Ýewropanyň uniwersitetlerinde 500 ýyl töweregi okuw kitaby hökmünde ulanylandygyny görkezmek bolar. Arap alymlary we syýahatçylary hem dünýä barada doly düşünjäni döretmäge çalşypdyrlar. Olaryň görnüklisi ХIV asyryň iň beýik syýahatçysy marokkoly Abu Abdylla Muhammet Ibn Battutadyr. Ol 30 ýylyň içinde Atlantik ummanyndan Ýuwaş ummanyna çenli aralykda 130 müň kilometre golaý aralygy geçip, dünýäniň 44 döwletine syýahat edipdir. Ibn Battutanyň Orta Aziýa syýahatynyň ähmiýeti, öz döwründe Marko Polonyň syýahatynyň Ýewropa üçin bolan ähmiýetinden kem bolmandyr. Meşhur jahankeşde öz syýahatynyň dowamynda türkmen topragynda hem bolupdyr. Ol 1334-nji ýylyň güýzünde Horezm döwletiniň paýtagty Ürgenje gelýär. Şol döwürde Horezm mongol döwleti bolan Altyn Ordanyň hany Özbek hanyň golastyndady. Bu pajarlap ösýän ülkäniň hökümdary bolsa kuwwatly Noýan Gutlug Temirdi. Çingiz hanyň leşgerleriniň çozuşyndan soň uly heläkçilige uçran Ürgenç Gutlug Temiriň döwründe ekerançylygyň, söwdanyň we hünärmentçiligiň öňki şöhratyna ýene-de eýe bolupdy. Emir tarapyndan Köneürgenjiň meşhur minarasy, medrese, Nejmeddin Kubranyň aramgähi

Geçmişiň gözli şaýady

Ýurdumyzyň çar künjündäki geçmişi ýatladyp duran galalar her bir Watan perzendiniň öz Diýarynyň geçmişine bolan sarpasyny, geljegine çäksiz ynamyny artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz olary öwrenmegi, şöhratly taryhymyza sarpa goýmagy ündeýär. Uzaklardan howalanyp görünýän galalaryň şykgy toýundan bolan, syrça siňen diwarlary seniň hyýalyňy geçmişe alyp gidýär. Göwnüňe bolmasa, büdür-südür bolup duran pagsalarynyň arasyndan geçmişiň ýaňy gelen ýaly bolýar. Amyderýanyň orta akymynda, onuň sag kenaryny jähekläp oturan gadymy Beşir obasyna gelen her adamyň öňi bilen obanyň ortasynda, dagyň bölegi ýaly bolup duran köne gala nazary düşýär. Oba adamlary mundan 70-80 ýyl ozal galanyň erkiniň has belent bolandygyny ýatlaýarlar. Bir wagtlar galanyň tutuş daşyndan aýlanan garym bolupdyr. 1928-nji ýylda galanyň daşyndaky garym «guşagy» onuň aýtymyndan toprak alnyp gömülipdir. Şeýlelikde, onuň tutýan meýdany kiçelipdir.

«Kerwensaraý» ýadygärligi ýa-da taryhyň «syrly sandygy»

Eger bir ýurduň şöhratly taryhy gaýtadan dikeldiljek bolsa, onda onuň joşgunly geçmişiniň beýanyny binagärlik ýadygärliklerinden gözlemeli. Çünki asyrlaryň gaý-tupanyna, döwürleriň ýagyş-ýagmyryna döş geren gerçekler ýaly merdem başlaryny belent tutup, mizemän oturan bu beýik binalar heniz-henizlerem kalbyňda biygtyýar buýsanç duýgularyny oýarýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýyldaky Karary esasynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-barlag işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň we wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen, «Köneürgenç kerwensaraýy» diýlip şertli atlandyrylan ýadygärlikde gazuw-barlag işlerine badalga berildi. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň 8-nji aprelinde kabul eden Karary esasynda tassyklanylan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, gazuw-barlag işleri tapgyrlaýyn alnyp barylýar. Bu işler Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli müdirliginiň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandid

Myhmansöýerlik — gadymdan gelýän adat

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, däp-dessurlary, urp-adatlary özboluşly edep kadalaryny özünde jemlemek bilen, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýär. Myhman garşylamak, oňa hezzet-hormat etmek, myhman çagyrmak, olary ugratmak däpleri hem şolaryň biri. Pederlerimiz myhmanyň gelmegini ýagşa ýorupdyrlar. Gelen myhmana uludan-kiçi hemme uly hormat goýupdyr. «Myhman — ataňdan uly», «Myhman öz rysgaly bilen geler» diýen pähimler asyrlarboýy dowam edip gelýär. Çünki myhmanyň gelmegi döwletlilik, bereketlilik hasaplanypdyr. Her obada uly hormata, sarpa eýe bolan, sözüne, maslahatyna gulak asylýan adamlar bolýar. Biziň myhmansöýer Goýmat obamyzda hem şeýle adamlaryň biri Täçmämmet Baýram ogludy. Ol uzak ýyllaryň dowamynda mekdebiň müdiri, mugallym bolup işläpdi. Döwletli ojakda — Haljan gelneje bilen ikisinden ýaýraw alan maşgalada sekiz gyz, dört ogul dünýä indi. Olaryň içinde mugallymam, terbiýeçem, lukmanam, öý hojalykçysy hem bar. Doganoglanlarynyň çagalykda ýetim galan iki sany gyzlary hem şu maşgalada terbiýelenip kemala gelipdiler. Onuň öýüne günde-günaşa düýeli, atly, awtoulagly adamlar gelerdiler. Olaryň arasynda dürli kärde işleýän wezipeli adamlar hem bardy. Käbirleri birki günden gitseler, Daşoguz sebitlerinden söwda-satyk işi bilen gelýän adamlar e

Garagumdan geçen kerwen ýollaryny yzlap

Ýurdumyzda we sebitde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň ýazuw çeşmelerini we olaryň medeniýetini öwrenmek meselesi hemme wagtda hem özüniň wajyplygyny saklaýar. Çünki taryhy wakalary şol döwrüň garaýyşlary bilen synlamakda ýazuw çeşmeleri ýakyndan ýardam berýär. XIX asyrda Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň taryhyny öwrenmäge goşant goşan syýahatçylaryň biri hem Anriý Mozerdir. Belli şweýsar sagat ussasy Genriý Mozeriň ogly Anriý Mozer öz döwründe görnükli diplomat, syýahatçy, şahyr bolupdyr. Mozer dünýäniň ajaýyp tebigatly künjeklerine syýahat eden hem bolsa, ol ýerleriň tebigy gurluşyny, aýratyn landşaftlaryny ylmy esasda öwrenip, geografiki açyş etmändir. Ýöne jahankeşdäniň 1886-njy ýylda fransuz dilinde taýýarlanan «Merkezi Aziýanyň üsti bilen syýahat» atly işi degişli ýurtlaryň däp-dessurlaryny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir. Mozer ilkinji syýahatyny Russiýanyň Orenburg şäherinden başlaýar we Daşkent, Buhara, Hywa, Aşgabat, Tähran, Baku ýaly uly şäherleriň üstünden geçýär hem-de öz ýazgylarynda bu şäherler barada gowy ýatlamalary belleýär.

Asyrlaryň ýaňy

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň 8-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmegiň we onuň baý milli medeni mirasyny aýap saklamagyň, geljek nesillere ýetirmegiň hem-de olary syýahatçylyk ulgamyna girizmegiň täze tapgyryna badalga berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gadymy taryhyny, maddy we ruhy medeniýetini giňişleýin öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Köpasyrlyk taryha eýe bolan türkmen halky öz çylşyrymly we täsin taryhy, arheologik ýadygärlikleri, baý medeni mirasy, milli özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Güneşli Diýarymyzda türkmen halkynyň gadymy döwürlerine degişli ýadygärlikleri diýseň kän bolup, olaryň her biri ynsany uzak geçmişiň syrly dünýäsine sary alyp gidýär. Bu keremli ýerlere zyýarat edýärkäň, kalbyňda täsin duýgular oýanyp, hamana asyrlaryň owazasy gulagyňa eşidilýän ýaly bolýar.

Akyldaryň edebi mirasy — ruhy dünýämiziň baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýetimizi, sungatymyzy, taryhymyzy hem-de milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda uly işler alnyp barylýar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşyjylaryň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldamaklary hem muny aýdyňlygy subut edýär. Ýurdumyzda 2024-nji ýylda belleniljek Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Beýik akyldaryň döredijiligine degişli şygyrlar diwanyny, internet portallaryny döretmek, alymlaryň derňewleriniň netijelerini toplamak we neşir etmek işi ýola goýulýar. Şahyryň ýubileýine meýilleşdirilen çäreler onuň baý edebi mirasynyň has çuňňur öwrenilmegine şert döreder.

Dowamaty dowam halym

Halyçylyk sungaty pederlerlerimizden miras galyp, asyrlardan-asyrlara aşyp, häzirki wagtda zenanlarymyzyň esasy hünärleriniň biri hasaplanýar. Biziň halkymyz hünärsiz kişini miwesiz daragta meňzedýär. Şonuň üçin-de ene-mamalarymyz el hünärlerini nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize çenli apalap getiripdirler. Haly, keşde ýaly inçe işler ýaş gyzlarymyzyň käbesinden soňky terbiýeçisidir. Türkmen gyzlary haly dokamagy çagalyk döwründen öwrenip başlaýarlar. Haly diýmegiň özi türkmeniň haly, ahwaly, ýagdaýy diýen manyny berýär. Pederlerimiz öýi, duly gyzyl çog halydan doly adamlary barly, döwletli adamlar hasaplapdyr. Şonuň üçinem türkmenlerde halyny «ýedi hazynanyň» biri saýypdyrlar. Gadym döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň söwda kerweninde hem türkmen halysy ýüpekden soň ikinji geçginli we islegli haryt bolupdyr. Nepis halylarymyz beýik imperatorlaryň, soltanlaryň, şalaryň, hökümdarlaryň köşklerini, tagtlaryny, saraýlaryny bezäpdir. Halylarymyzda gyzyl reňkiň köp bolmagy daşary ýurtlulary has-da özüne çekipdir. Sebäbi gadymdan bäri gyzyl reňk synmaz güýjüň, şöhratyň, ýeňşiň, söýginiň nyşany hasaplanypdyr.

Şöhratly taryhyň yzlary

Ýurduň gadymy medeni mirasyny açyp görkezýän tapyndylaryň biri-de möhürlerdir. Gazuw-agtaryş işleri alnyp barlanda bürünçden, gipsden, kümüşden, toýundan, daşdan möhürleriň tapylmagy köpleriň ünsüni özüne çekýär. Möhürler tegelek, inedördül, gönüburçluk görnüşli ýasalypdyr. Möhürler türkmen halkynyň dini däp-dessurlary, ynançlary, rowaýatdyr hekaýatlary bilen berk baglanyşyklydyr. Goňurdepeden tapylan silindr şekilli möhüriň gipse basylan şekilinde bir adam ellerini uzadyp, ýarty göwresi adam, ýarty göwresi bolsa ýolbars şekilli hyýaly görnüşli jandary tutup dur, onuň gapdalynda hem bir adam hyýaly bir jandary elleri bilen tutup dur. Şular ýaly sýužetli möhürler Mesopotamiýadan hem tapylypdyr.

Dünýä ýaýylýan gymmatlyklar

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly medeni mirasymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi medeni we edebi gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu guramanyň esasy maksatlary bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan we netijeli ösdürmekden ybarat. ÝUNESKO medeni ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň gorap saklanylmagy ulgamyndaky halkara derejesinde işleri alyp barýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy.

Şöhratly geçmişiň şuglasy

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Mukaddes türkmen topragynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulyp, onuň dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojagydygyny, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidigini doly ykrar edýän iň gadymy haşamly ýadygärliklere baý sebitleriniň biri hem gadymy Nusaýdyr» diýip belleýär. Munuň özi şöhratly taryhymyzda öçmejek yz goýan Nusaý galalarynyň ähmiýetini görkezýär. Nusaý Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagtydyr. Gadymy şäheriň düýbi biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda tutulypdyr. Bu gadymy ýadygärlik diňe bir türkmen alymlarynyň däl, eýsem, dünýäniň dürli künjegindäki arheologlaryň hem ünsüni çekýär. Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem bu hakykaty tassyklaýar. Nusaýda ilkinji arheologik gazuw-agtaryş işleri 1930-njy ýylda belli taryhçy-arheolog A.Maruşenko tarapyndan geçirilip başlanýar. Arheolog öz işlerinde Nusaýyň hökmany öwrenilmeli taryhy ýadygärlikdigini we Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagtydygyny, döwleti esaslandyranlaryň häzirki Türkmenistanyň çäginden gelip çykandygyny belläp geçýär.

As-Sulynyň maslahatlaryndan

Türkmeniň şöhratly taryhynda uly yz goýan Abu Bekir Muhammet ibn Ýahýa As-Suly IX – X asyrlarda ýaşap geçipdir. Ol küştüň kämilleşmegine, ösmegine mynasyp goşant goşan şahsyýetdir. Onuň küşt hakyndaky arap dilindäki golýazmalarynda bu oýnuň muşdaklaryna degişli peýdaly maslahatlar berilýär. Ine, olaryň käbiri: P Küştde sabyrly bolmaly. Garşydaşyň malyny almaga howlukmaly däl. Ýedi ölçäp, bir kesmeli. Ýöne garşydaşyňa hüjüm etmäge-de maý bermeli däl.

Halkyň ruhy baýlygy

Hereket we akyl bilen oýnalýan milli oýunlar çagalaryň ählitaraplaýyn ösüşine we terbiýesine uly täsirini ýetirýär. Milli hereketli oýunlaryň ýaşlaryň birek-birege kömek bermek we goldamak ýaly ajaýyp häsiýetli, berk bedenli, sagdyn, ruhubelent, edermen, hyjuwly bolup kemala gelmeklerinde ähmiýeti uludyr. Akyl bilen oýnalýan oýunlar ýaşlardan ugurtapyjylygy, özüne bolan ynamy talap edip, ruhuň belent bolmagyna getirýär. Saglygyň sakasy bolan sportuň aglaba görnüşi hem milli oýunlardan gözbaş alýar. Ýazyjylaryň, şahyrlaryň döredijiliginde hem halkymyzyň ruhy baýlygy bolan türkmen milli oýunlarymyzyň dürli-dürli görnüşlerine gabat gelmek mümkin. Muňa mysal edip, halkymyzyň gadymy «Görogly» eposynda: «Röwşen oglanlara goşulyşyp, olar bilen öwrenişip gitdi. Ol oglanlar bilen aşyk, çilik, top, tüwdürme, döwmaç, taýak dikdi we başga oýunlary oýnap geziberdi» diýlip beýan edilýär. Halkymyzyň milli oýunlarynyň birnäçesi häzirki wagtda hem çagalaryň arasynda uly höwes bilen oýnalýar. Olaryň içinde aşyk bilen oýnalýan oýunlar has meşhurlyga eýedir.

Köşkleriň «Altyn täji»

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde degişli ýolbaşçylara milli taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny gorap saklamak üçin zerur işleri yzygiderli geçirip durmagyň wajypdygyny nygtap, bu ugurda wagyz-nesihat işleriniň hilini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi jemgyýetiň ösüşiniň häzirki tapgyrynda dünýä medeniýetiniň görnükli nusgalary diýlip ykrar edilýän milli mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmekde hem-de ýaşlarymyzy şöhratly taryhymyza söýgi, watançylyk ruhunda terbiýelemekde okgunly gadamlaryň täze badalgasydyr. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän arheologiýa we medeni ähmiýetli ýadygärlikler diňe bir eziz Watanymyzyň şöhratly taryhyna buýsanmakda däl, eýsem, tutuş adamzat nesliniň müňýyllyklaryň jümmüşinde döreden we kämilleşdirip gelen sungatyny, aňyýet ösüşini öwrenmekde ygtybarly çeşmedir. Şoňa görä-de, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, rejeleýiş, dikeldiş, ylmy-barlag işlerini yzygiderli geçirmek hem-de olary halkara syýahatçylyk merkezlerine öwürmek zerurdyr.

Danalary beren şäher

Häzirki Köneürgenç şäheri orta asyrlarda özüniň gülläp ösen döwründe Gündogaryň danalaryny dünýä beren şäherdir. Beýik alym Biruni «Geçen nesilleriň ýadygärlikleri» diýen işinde Aleksandr Makedonskiniň Merkezi Aziýa gelmezinden 980 ýyl ozal hem Horezmde ýaşaýşyň bolandygyny belläp geçýär. Baryp gadymy döwürde Horezmde takyk ylymlaryň esasy tutulyp, bu ylmyň çalt ösmegi üçin zerur bolan şertler döredilipdir. Aýratyn hem, ylmyň matematika, astronomiýa, geodeziýa ýaly ugurlarynyň  täze gözýetimlere ýetmeginde adyny taryhyň altyn sahypasyna ýazyp giden Muhammet ibn Musa al Horezmi, Abu Reýhan Biruni, Abu Nasyr ibn Yrag, Mahmyt Çagmini, Husaýin Horezmi... ýaly ylym pälwanlaryny bagyşlan mekandyr. Belli matematik Horezminiň ömri bu ylmyň gülläp ösen döwri bilen berk baglydyr. Horezminiň näme üçin ylmyň bu ugruna baş goşandygynyň düşündirişi tutuş Ýer ýüzüniň ylym ojaklarynda häzir hem gymmatyny ýitirmän gelýän ylmy traktatlarynda şeýle beýan edilýär: «Men arifmetikanyň ýönekeý we çylşyrymly sowallaryny öz içine alýan, algebrany hem-de almukabaly hasaplaýan kiçijik kitaby düzdüm. Çünki ol miras paýlaşylanda, söwdada we dürli ylalaşyklarda, şeýle hem ýer ölçenilende, ýap gazylanda, gurluşyk geometriýasynda we şular ýaly dürli işlerde adamlara ge