Myhmansöýerlik — gadymdan gelýän adat

6 Iýun 2023
1057

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, däp-dessurlary, urp-adatlary özboluşly edep kadalaryny özünde jemlemek bilen, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýär. Myhman garşylamak, oňa hezzet-hormat etmek, myhman çagyrmak, olary ugratmak däpleri hem şolaryň biri. Pederlerimiz myhmanyň gelmegini ýagşa ýorupdyrlar. Gelen myhmana uludan-kiçi hemme uly hormat goýupdyr. «Myhman — ataňdan uly», «Myhman öz rysgaly bilen geler» diýen pähimler asyrlarboýy dowam edip gelýär. Çünki myhmanyň gelmegi döwletlilik, bereketlilik hasaplanypdyr.

Her obada uly hormata, sarpa eýe bolan, sözüne, maslahatyna gulak asylýan adamlar bolýar. Biziň myhmansöýer Goýmat obamyzda hem şeýle adamlaryň biri Täçmämmet Baýram ogludy. Ol uzak ýyllaryň dowamynda mekdebiň müdiri, mugallym bolup işläpdi. Döwletli ojakda — Haljan gelneje bilen ikisinden ýaýraw alan maşgalada sekiz gyz, dört ogul dünýä indi. Olaryň içinde mugallymam, terbiýeçem, lukmanam, öý hojalykçysy hem bar. Doganoglanlarynyň çagalykda ýetim galan iki sany gyzlary hem şu maşgalada terbiýelenip kemala gelipdiler. Onuň öýüne günde-günaşa düýeli, atly, awtoulagly adamlar gelerdiler. Olaryň arasynda dürli kärde işleýän wezipeli adamlar hem bardy. Käbirleri birki günden gitseler, Daşoguz sebitlerinden söwda-satyk işi bilen gelýän adamlar esli gün eglenerdiler. Şeýlelikde, günleriň bir güni garry mamamdan:

Hojabek ÝAGŞYÝEW,
Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar