Asyrlaryň ýaňy

29 Maý 2023
1228

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň 8-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmegiň we onuň baý milli medeni mirasyny aýap saklamagyň, geljek nesillere ýetirmegiň hem-de olary syýahatçylyk ulgamyna girizmegiň täze tapgyryna badalga berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gadymy taryhyny, maddy we ruhy medeniýetini giňişleýin öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Köpasyrlyk taryha eýe bolan türkmen halky öz çylşyrymly we täsin taryhy, arheologik ýadygärlikleri, baý medeni mirasy, milli özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Güneşli Diýarymyzda türkmen halkynyň gadymy döwürlerine degişli ýadygärlikleri diýseň kän bolup, olaryň her biri ynsany uzak geçmişiň syrly dünýäsine sary alyp gidýär. Bu keremli ýerlere zyýarat edýärkäň, kalbyňda täsin duýgular oýanyp, hamana asyrlaryň owazasy gulagyňa eşidilýän ýaly bolýar.

Akkeýik ALLAGULYÝEWA,
«Diýar».
Beýleki habarlar