Köşkleriň «Altyn täji»

3 Maý 2023
1244

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde degişli ýolbaşçylara milli taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny gorap saklamak üçin zerur işleri yzygiderli geçirip durmagyň wajypdygyny nygtap, bu ugurda wagyz-nesihat işleriniň hilini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi jemgyýetiň ösüşiniň häzirki tapgyrynda dünýä medeniýetiniň görnükli nusgalary diýlip ykrar edilýän milli mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmekde hem-de ýaşlarymyzy şöhratly taryhymyza söýgi, watançylyk ruhunda terbiýelemekde okgunly gadamlaryň täze badalgasydyr.

Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän arheologiýa we medeni ähmiýetli ýadygärlikler diňe bir eziz Watanymyzyň şöhratly taryhyna buýsanmakda däl, eýsem, tutuş adamzat nesliniň müňýyllyklaryň jümmüşinde döreden we kämilleşdirip gelen sungatyny, aňyýet ösüşini öwrenmekde ygtybarly çeşmedir. Şoňa görä-de, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, rejeleýiş, dikeldiş, ylmy-barlag işlerini yzygiderli geçirmek hem-de olary halkara syýahatçylyk merkezlerine öwürmek zerurdyr.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, etnograf.
Beýleki habarlar