Şöhratly taryhyň yzlary

24 Maý 2023
1154

Ýurduň gadymy medeni mirasyny açyp görkezýän tapyndylaryň biri-de möhürlerdir. Gazuw-agtaryş işleri alnyp barlanda bürünçden, gipsden, kümüşden, toýundan, daşdan möhürleriň tapylmagy köpleriň ünsüni özüne çekýär. Möhürler tegelek, inedördül, gönüburçluk görnüşli ýasalypdyr. Möhürler türkmen halkynyň dini däp-dessurlary, ynançlary, rowaýatdyr hekaýatlary bilen berk baglanyşyklydyr.

Goňurdepeden tapylan silindr şekilli möhüriň gipse basylan şekilinde bir adam ellerini uzadyp, ýarty göwresi adam, ýarty göwresi bolsa ýolbars şekilli hyýaly görnüşli jandary tutup dur, onuň gapdalynda hem bir adam hyýaly bir jandary elleri bilen tutup dur. Şular ýaly sýužetli möhürler Mesopotamiýadan hem tapylypdyr.

Selbiniýaz GARAGÖZOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar