''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty sişenbe güni tamamlandy. Dünýä çempionatynyň jemleri boýunça türkmen türgenleri 15 medal gazandylar. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ýaryşyň iki gününiň netijeleri boýunça türkmen türgenleri erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8, jemi 15 agram derejesinde 15 medal gazandylar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň futzal topary Türkmenistanyň naýbaşy ligasynda ýeňiji boldy

Çempionatyň jemleýji tapgyrynda “Denizçi” toparynyň futzalçylary “Migrasiýa” toparyny 5: 2 hasabynda ýeňip, jemi 52 utuk toplady. Şeýlelikde, "Deňizçi" Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň "Kopetdag" toparyndan 1 utuk öňe saýlandy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy 40 utuk bilen çempionatyň bürünç medalyna eýe boldy. Şeýlelikde, "Denizçi" futzal topary 2024-nji ýylda geçiriljek Aziýa Futzal federasiýasynyň Çempionlar ligasynda oýnamaga mümkinçilik aldy. 2009-njy ýyldan bäri çempionata gatnaşyp gelýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň futzalçylar toparynyň milli çempionatda gazanan dördünji ýeňşidigini bellemelidiris.

Mediaforumda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemi jemlendi

Aşgabat, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 28-nji noýabrda tamamlanan Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi. Çärä Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), göreşiň bu görnüşi boýunça Afrika bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa konfederasiýasynyň (EKC), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Kuraş federasiýasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman mediaforumy açyk diýip yglan edip, Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýygnananlary gutlady. Bellenilişi ýaly, çempionatda 4 yklymyň 45 ýurdundan 181 türgen 15 medal toplumy ugrunda bäsleşdi. 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň dowam edýän günlerinde geçirilen IKA-nyň kongresine bolsa Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, şeýle hem Günorta we Demirgazyk Amerikadan 53 ýurduň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Mediaforumda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemi jemlendi

Aşgabat, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 28-nji noýabrda tamamlanan Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi. Çärä Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), göreşiň bu görnüşi boýunça Afrika bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa konfederasiýasynyň (EKC), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Kuraş federasiýasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman mediaforumy açyk diýip yglan edip, Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýygnananlary gutlady. Bellenilişi ýaly, çempionatda 4 yklymyň 45 ýurdundan 181 türgen 15 medal toplumy ugrunda bäsleşdi. 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň dowam edýän günlerinde geçirilen IKA-nyň kongresine bolsa Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, şeýle hem Günorta we Demirgazyk Amerikadan 53 ýurduň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Dostlugy berkiden sport baýramy

Kuraş boýunça dünýä çempionatyndan soňky oýlanmalar Taryh gazanylýan ýeňişler bilen has-da şöhratlanýar. Biz muňa paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik. «Ýeňiş» diýlende, diňe bir 15 türgenimiziň 15 ýerden gazanan medallaryny göz öňünde tutamzok. Dogrusy, bu ajaýyp üstünlik! Çempionaty kabul etmek we ony ýokary derejede geçirmek bilen, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda, sportuň barha ilerledilmeginde, ýagşylykda jahana nusga bolmakda, ajaýyplyklaryny, aýratynlyklaryny Ýer ýüzüne ýaýmakda-da ýeňiş baryny gazandy.

Çuňňur hoşallygyň nyşany

Düýn Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda bolmagynyň çäklerinde, Halkara kuraş assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Haýder Farman ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, paýtagtymyzda dünýä ýaryşlarynyň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde ýörite sport lybaslaryny we olaryň güwänamalaryny gowşurdy. Munuň özi ýurdumyzda sportuň başa-baş söweş sungaty ugruna degişli görnüşleriniň ösdürilmegine, aýratyn-da, Olimpiýa hereketiniň giň gerime eýe bolmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini görkezýär. Gowşurylan sport lybaslary we olaryň güwänamalary bolsa bu ugurdaky köpugurly işlere hoşallyk hökmünde kabul edildi.

Çempionlaryň sözi

Ulbusin HAKIMOWA, zenanlaryň arasynda 48 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempiony (Özbegistan): — Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşmak meniň üçin ýakymly tejribe boldy. Bu ajaýyp şähere ilkinji gezek gelip görýärin. Ilkinji gadamymyň dünýä çempionlygyna beslenmegi has-da begendirdi. Çempionatda özüm üçin iň mynasyp garşydaş türkmenistanly türgen Aýşirin Haýdarowa boldy diýip hasaplaýaryn. Onuň bilen ozal hem käbir ýaryşlarda ýaryş düşekçesine çykmak miýesser edipdi. Ýaryşlardaky bäsdeşime, başga wagtlardaky ýakyn boýdaşyma geljekde has uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Geljegiň şäheri — sportuň merkezi

Düýn Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman we Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanlar Arkadag şäherine gezelenç etdiler. Onuň çäklerinde daşary ýurtly wekiller Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine, şeýle-de Köpugurly sport toplumyna, şäheriň häkimligine baryp gördüler. Wekiliýetiň agzalary toplumyň sport mümkinçilikleri, 10 müň orunlyk stadiony bilen tanyşdyryldy. Halkara kuraş assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Köpugurly sport toplumynda bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, paýtagtymyzda dünýä ýaryşlarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygynyň nyşany hökmünde ýörite sport lybaslaryny we onuň güwänamalaryny gowşurdy.

Kuraş — 2023: Dünýä dolan dabara

Dinara ROZYKULOWA, kuraş boýunça dünýä çempiony: — Ýurdumyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji güni durmuşymda ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Ata Watanymyzda geçirilen halkara sport ýaryşynda zenanlaryň arasynda 63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, dünýä çempiony bolmak miýesser etdi. Munuň özi her bir türgeniň iň arzyly arzuwy. Çempionatda üstünlikli çykyş etmek üçin milli ýygyndymyz bolup çeken ýadawsyz zähmetimiziň ýerine düşendigine çäksiz buýsanýaryn. Baş tälimçimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli türgenleşdik, görkezijilerimizi gün-günden gowulandyrdyk. Men çärýek finalda hindistanly Snehal Rameş Kawareden, ýarym finalda eýranly Tahera Azarpeýwanddan, finalda bolsa Hytaý Taýpeýinden gelen Wan Tin Liden üstün çykyp, ýeňiş gazanmagy başardym. Ýurdumyzda şeýle iri ýaryşlaryň geçirilmegi, onda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş etmegi biziň sport üstünligimizdir. Gahryman Arkadagymyz, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan iri sport ýaryşlaryna ýokary derejede taýýarlanmak üçin aňrybaş şertlerdir mümkinçilikleriň döredilmegi ýeňişli menzillere bolan ynamymyzy has-da artdyrdy.

Media münberinde

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde paýtagtymyzda dürli maslahatlar we çäreler geçirildi. Şolaryň biri hem «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» ady bilen paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynda geçirilen halkara mediaforumdyr. ediaforumyň işine Halkara kuraş assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda dünýä birinjiligini geçirmäge degişli düzümleriň taýýarlygy, şeýle hem şu ýylyň möhüm ýaryşyna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň taýýarlyk derejesi barada žurnalistlere maglumatlar berildi.

Kuraş — 2023: Dünýä dolan dabara

Sabina KADYROWA, kuraş boýunça dünýä çempiony: — Maňa paýtagtymyzda geçen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 78 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempiony bolmak başartdy. Häzirki wagtda men Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň 11-nji synpynda okaýaryn. Çempionata tomaşa etmek üçin deň-duşlarym, hossarlarym geldiler. Olaryň we köp sanly tomaşaçylaryň ynam-goldawy güýç-kuwwat çeşmesi bolup, ýeňşe bolan ynamymy artdyrdy. Ilkinji gezek gatnaşýan dünýä çempionatymda çärýek finalda men Şital Şitaldan (Hindistan), ýarym finalda we finalda çekeleşikli duşuşyklarda, degişlilikde, bürünç medalyň eýesi Saba Karamaliden (Eýran) we dünýäniň wise-çempiony Filura Ergaşowadan (Özbegistan) üstün çykmagy başardym. Soňky ýyllarda türkmen türgenleri kuraş boýunça uly üstünlikleri gazandylar. Nobatdaky dünýä çempionatynda hem milli türgenlerimiziň gazanan netijeleri örän buýsandyryjydyr. Ýaryşlaryň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen türgenler, tälimçiler bilen tanyşdyk, olar bilen gürrüňdeş bolduk. Munuň özi biz üçin uly tejribe boldy.

Iri sport baýramyna badalga

25-nji noýabrda paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu waka Aşgabadyň halkara sport merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň Halkara kuraş assosiasiýasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan bu şanly waka Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň düzümine girýän Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guraldy.

Sanlar we maglumatlar

✓ 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Aziýanyň, Afrikanyň we Ýewropanyň 28 döwletiniň gatnaşmagynda Halkara kuraş assosiasiýasy döredildi. 1999-njy ýylyň maýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde Kuraş boýunça I dünýä çempionaty geçirildi. 2003-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda geçirilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 22-nji maslahatynda kuraş göreşi Aziýa oýunlarynyň sport görnüşi diýlip resmi taýdan yglan edildi. ✓ Paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna dünýäniň 50-ä golaý döwletiniň kuraş boýunça pälwanlarynyň 240-dan gowragy gatnaşyp, olar 15 agram derejesinde (7-si erkeklere, 8-si zenanlara degişli) medallaryň 60-sy ugrunda bäsleşdiler.

Sport diplomatiýasynda täze sepgitler

Ýakynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) düzümine saýlanylmagy ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň bu ugurdaky ajaýyp üstünligi boldy. Mälim bolşy ýaly, bu komitet sportuň ähmiýetli ornuny giňeltmek we ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmek maksady bilen, 1978-nji ýylda döredildi. Ýurdumyzyň 2017 — 2021-nji ýyllar döwri üçin hem ÝUNESKO-nyň bu düzüminiň agzalygyna saýlanandygyny we onuň işine işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek.

Janköýerleriň şöhratly «Arkadagy»

Sport barada gürrüň gidende, her ýurduň özüniň aýratyn üns berýän sport görnüşi bolýar. Göreş boýunça biziň pälwanlarymyz birwagtlardan bäri ykrar edilendir. Munuň şeýledigini ýakynda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda türgenlerimiziň gazanan medallary hem tassyklaýar. Şeýle-de bolsa sportuň beýleki görnüşleri hem birjik-de ünsden düşürilmän, yzygiderli ösdürilýär. Muňa mysal: «Arkadag» futbol topary. Toparyň nyşanynda türkmeniň ajaýyp bedewi çarpaýa galyp dur. Haýsy ugurda hem bolsa, millilik diýlen zat saklansa gowy. Futbolda-da şeýle. Millilik bilen futbolyň näme baglanyşygy bar diýilmegi mümkin. Düşündirmesi ýönekeý. Aýdaly, göçgün janköýerlerden «hyň berýän» stadionlary göz öňüne getiriň! Elden giderilen amatly pursat üçin ah çekýän ýa-da janköýerlik edýän toparynyň geçiren golundan soň «serden geçýän» mähelläni stadionlara idekleýän güýç milliligine-milletine buýsanç duýgusydyr. Öz ýurdumyzyň toparlary-ha däl, eýsem, daşary ýurt futbolynda çykyş edýän bir oýunçymyzyň topary üçin hem özümizden bidin telewizoryň öňüne omzabermedigimiz hem az-azdyr.

19 oýunda 19 ýeňiş

Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 22-nji tapgyrynyň oýnuny geçirmek üçin Mary şäherine baran «Arkadag» topary üç utuk bilen dolandy. «Energetikden» 2-0 hasabynda üstün çykan «Arkadag» toparynyň gollarynyň ikisi hem birinji ýarymda hasaba alyndy. Hasaby duşuşygyň 16-njy minutynda Didar Durdyýew açdy. Onuň birinji ýarymyň esasy wagtyna goşulan goşmaça wagtyň üçünji minutyndaky urgusyna-da çäre tapylmady. Ýaşyl meýdançadaky göreşiň ikinji ýarymynda futbolçylar hernäçe jan etseler-de, «gol» sesi ýaňlanmady. Didaryň tora salan iki goly bilen hem oýun tamamlandy. Ýatlatsak, 19-njy oýnunda 57 utuk toplan «akylly» şäheriň adybir topary «Arkadag» toparlaryň sanawyna ynamly öňbaşçylyk edýär.

Buýsanja beslenen çempionat

Ata Watanyň mertebesini gazanýan üstünlikleri bilen belende göterip bilýän nesiller taryha girýär, halkyň buýsanjyna öwrülýär. Bu hakykata Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň uly wakasyna öwrülen, Aşgabat şäherinde geçen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň gazanan ýeňişleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek mümkin. Dünýäniň çar künjeginden ussat türgenleri bir ýere jemlän çempionatda 15 agram derejesinde çykyş eden 15 sany türkmen türgeniniň ählisiniň hem baýrakly orunlara mynasyp bolmagy guwandyryjy wakadyr. Bu täze taryhy döwürde belent ruhly, sagdyn bedenli, öňlerinde belent maksatlary goýan täze nesliň — Arkadagly bagtyýar ýaşlaryň kemala gelýändigine aýdyň güwä geçýär.

Guwandyryjy üstünlikler

1.Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň 5 müň tomaşaça niýetlenen Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirildi. çempionaty Aşgabat şäheri sebitde ilkinji gezek kabul etdi. 2.Türkmenistanyň milli ýygyndysy merjen paýtagtymyzda geçirilen dünýä çempionatyny altyn medallaryň 5-si, kümüş medallaryň 6-sy we bürünç medallaryň 4-si bilen tamamlady.

Ýeňijileriň köňül kelamy

Dinara ROZYKULOWA,Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň altyn medalynyň eýesi: — Gözel paýtagtymyzda uly üstünliklere beslenen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna 63 kilogram agram derejesinde gatnaşyp, onda ýokary netijäni görkezip, dünýäniň çempiony diýen ada, altyn medala eýe bolmagym meni has-da tolgundyrdy. Aýratyn belläsim gelýän zatlaryň biri hem — nobatdaky dünýä çempionatynyň ilkinji altyn medalyny öz adyma ýazdyrmagy başardym. Şu pursatda biz — türgenlere döwrebap sport toplumlarynda türgenleşmäge, halkara derejesinde geçirilýän çempionatlara gatnaşmaga döredýän köpugurly şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn. Men Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda saýlap alan hünärim boýunça ýokary bilim aldym. Häzirki wagtda bolsa Türkmenabat şäherindäki 10-njy sport mekdebinde tälimçi bolup zähmet çekýärin. Kuraş boýunça geçirilen XIV dünýä çempionaty barada belläp geçsem, çempionat gyzykly hem-de çekeleşikli pursatlara örän baý boldy. Türkmen sportunyň beýik geljegi bar. Biz — türgenler Watanymyzyň ýaşyl Tuguny belentde parlatmakda yhlasymyzy, başarnygymyzy gaýgyrmarys.

Sport älemindäki şanly waka

Berkarar Diýarymyzda geçen sanlyja ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde olimpiýa hereketini ösdürmek üçin ägirt uly işler üstünlikli amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, beýleki degişli desgalar gurlup ulanmaga berildi. Aşgabatda sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça döwrebap toplumlary özünde jemleýän, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny täze derejelere çykardy. Özüniň gujur-gaýraty, aýratyn ýiti zehini we döredijilikli gözlegleri bilen dünýäniň sport jemgyýetçiliginde uly abraýa eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sporty, sporty söýüjiler, türgenler üçin döreden köpugurly şertleri milli sportuň ykbalyny düýpli özgertdi, dünýä derejesindäki şöhratly ýeňişlere besledi. Hut şu köpugurly şertleriň esasynda türkmen türgenleri ençeme halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýaşyl baýdagymyzy belentde parlatdylar. 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem türgenlerimiziň üstünlikli çykyş edendiklerini ýatlamak has-da ýakymly. 2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempiona