Geljegiň şäheri — sportuň merkezi

30 Noýabr 2023
428

Düýn Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman we Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanlar Arkadag şäherine gezelenç etdiler. Onuň çäklerinde daşary ýurtly wekiller Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine, şeýle-de Köpugurly sport toplumyna, şäheriň häkimligine baryp gördüler. Wekiliýetiň agzalary toplumyň sport mümkinçilikleri, 10 müň orunlyk stadiony bilen tanyşdyryldy.

Halkara kuraş assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Köpugurly sport toplumynda bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, paýtagtymyzda dünýä ýaryşlarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygynyň nyşany hökmünde ýörite sport lybaslaryny we onuň güwänamalaryny gowşurdy.

«Arkadag»
Beýleki habarlar