Ýeňijileriň köňül kelamy

29 Noýabr 2023
254

Dinara ROZYKULOWA,
Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň altyn medalynyň eýesi:

— Gözel paýtagtymyzda uly üstünliklere beslenen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna 63 kilogram agram derejesinde gatnaşyp, onda ýokary netijäni görkezip, dünýäniň çempiony diýen ada, altyn medala eýe bolmagym meni has-da tolgundyrdy. Aýratyn belläsim gelýän zatlaryň biri hem — nobatdaky dünýä çempionatynyň ilkinji altyn medalyny öz adyma ýazdyrmagy başardym. Şu pursatda biz — türgenlere döwrebap sport toplumlarynda türgenleşmäge, halkara derejesinde geçirilýän çempionatlara gatnaşmaga döredýän köpugurly şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn. Men Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda saýlap alan hünärim boýunça ýokary bilim aldym. Häzirki wagtda bolsa Türkmenabat şäherindäki 10-njy sport mekdebinde tälimçi bolup zähmet çekýärin. Kuraş boýunça geçirilen XIV dünýä çempionaty barada belläp geçsem, çempionat gyzykly hem-de çekeleşikli pursatlara örän baý boldy. Türkmen sportunyň beýik geljegi bar. Biz — türgenler Watanymyzyň ýaşyl Tuguny belentde parlatmakda yhlasymyzy, başarnygymyzy gaýgyrmarys.

Taýýarlan Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
«Medeniýet we syýahat» žurnalynyň jogapkär kätibi.
Beýleki habarlar