Sport diplomatiýasynda täze sepgitler

30 Noýabr 2023
393

Ýakynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) düzümine saýlanylmagy ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň bu ugurdaky ajaýyp üstünligi boldy.

Mälim bolşy ýaly, bu komitet sportuň ähmiýetli ornuny giňeltmek we ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmek maksady bilen, 1978-nji ýylda döredildi. Ýurdumyzyň 2017 — 2021-nji ýyllar döwri üçin hem ÝUNESKO-nyň bu düzüminiň agzalygyna saýlanandygyny we onuň işine işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek.

Gurtgeldi GARÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bedenterbiýe we köpçülikleýin sport çärelerini guramak bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar