Buýsanja beslenen çempionat

29 Noýabr 2023
243

Ata Watanyň mertebesini gazanýan üstünlikleri bilen belende göterip bilýän nesiller taryha girýär, halkyň buýsanjyna öwrülýär. Bu hakykata Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň uly wakasyna öwrülen, Aşgabat şäherinde geçen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň gazanan ýeňişleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek mümkin.

Dünýäniň çar künjeginden ussat türgenleri bir ýere jemlän çempionatda 15 agram derejesinde çykyş eden 15 sany türkmen türgeniniň ählisiniň hem baýrakly orunlara mynasyp bolmagy guwandyryjy wakadyr. Bu täze taryhy döwürde belent ruhly, sagdyn bedenli, öňlerinde belent maksatlary goýan täze nesliň — Arkadagly bagtyýar ýaşlaryň kemala gelýändigine aýdyň güwä geçýär.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar