"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Bilim — sazlaşykly ösüşiň egsilmez çeşmesi

Kämilligiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň bilim babatda badalga beren özgertmeleri ýaş nesliň aň-düşünjeli, sowatly, ökde hünärli adamlar bolup ýetişmekleri baradaky alada ýugrulandyr. Ajaýyp zamanamyzda ýaş nesillere dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynda döwrebap bilim-terbiýe bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin eziz Diýarymyzyň bagtyýar nesilleri  häzirki zaman okuw-tehniki enjamlary, kompýuterler, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdeplerde bilim alýarlar, sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde saglyklaryny berkidip, günlerini şadyýan geçirýärler. Ýurdumyzda bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilime uly ähmiýet berilýär. Ylmyň soňky gazananlary ulgama giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa bilimiň hiliniň ýokary bolmagyny üpjün edýär hem-de ýaş nesliň aň-düşünjeli, hünärine ökde, maksadaokgunly, döredijilikli pikirlenýän, tehnologiýalardan we daşary ýurt dillerinden baş çykaryp bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Ýaş nesillere bilim bermekde yhlasyny gaýgyrmaýan, uly abraýdan peýdalanýan mugallymlaryň biri-de Aýlar Annakuliýewadyr. Aýlar mugallym Ukraina döwletiniň Kiýew şäheriniň milli lingwistiki uniwersitetini üstünlikli tamamlap, Türkmengala etrabyndaky 4-nji orta mekdepde zähmet ýoluna başlaýar. Häzirki wagtda bolsa ýaş mugallym Ýolöten etrabyndaky 1-nji orta mekdepde işleýär. Aýlar mugallymyň 8 ýyl iş tejribesi bolup, ol iňlis dili dersi boýunça okuwçylara okatmagyň täze usullaryndan peýdalanyp bilim berýär. Onuň bilim berýän ýaş nesilleriň ders bäsleşigine yzygiderli gatnaşyp, mekdep hem etrap derejesinde ýokary netijeleri gazanýarlar. Mugallym ýaş nesilleriň bilimli, ata Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýär. Zähmetsöýer, hünäriniň ussady bolan Aýlar mugallyma ene-atalar çäksiz sagbolsun aýdýarlar.

Usuly-amaly maslahat geçirildi

Kaka etrap bilim bölüminiň iş meýilnamasy esasynda Kaka etrabynyň orta mekdeplerinde degişli hünärmenleriň, mekdep müdirleriniň, çagalar baglarynyň müdirleriniň arasynda usuly-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna bagyşlanan usuly-amaly maslahat işjeňlige eýe boldy. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýada pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipeler, esasy maksatlar, ýerine ýetirilmeli işler hakynda giňişleýin pikir alşyldy. Çykyş edenler agzalan Konsepsiýanyň umumybilim maksatnamalary boýunça bilim bermegiň ähli derejelerinde okatmagyň usulyýetini nazaryýet we tejribe taýdan yzygiderli kämilleşdirmäge, onuň döwrüň talaplaryna we halkara standartlaryna laýyklygyny üpjün etmäge, okuw-terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy we has kämil, ýokary netijeli usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly ýaş nesliň kalbynda ata Watana, onuň şöhratly taryhyna, merdana we zähmetsöýer halkymyzyň milli däp-dessurlaryna, ýol-ýörelgelerine, edep kadalaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, medeni we ruhy mirasyna buýsanjyň we sö

Göreldeli açyk sapaklar

Kaka etrabyndaky 17-nji orta mekdepde dersler boýunça göreldeli açyk  sapaklar yzygiderli geçirilýär.  Iňlis dili mugallymy Käkilik  Begiýewanyň 4-nji “b” synpyň okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça geçen göreldeli açyk sapagy has uly gyzyklanma eýe boldy. Ýurdumyzda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim bermek, bilim işgärleriniň hünär ussatlygyny açyp görkezmek, öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek hem-de ýaýratmak, şeýle-de  Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämillesdirmegiň Konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygyny bu gezekki göreldeli açyk sapagy aýdyň görkezdi.

Okuwçy ýaşlar internet olimpiadasyna gatnaşdylar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça guralýan internet olimpiadasynyň II tapgyryna Kaka etrabynyň mekdep okuwçylary işjeň gatnaşdylar. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny” we olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary giň gerimde ornaşdyrmak, şeýle-de mekdep okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça has zehinlileri ýüze çykarmak bu olimpiadanyň esasy maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, olimpiadanyň nobatdaky tapgyryna taýýarlykly gelen etrabymyzyň mekdep okuwçylary türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça zehin-başarnygyny doly derejede görkezdiler. Olaryň birnäçesiniň görkezijileri has-da guwandyryjy boldy.

Kitap — hazyna

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Kitap adamyň döreden täsin we beýik gudratydyr. Ol döwürleriň aýnasy, ynsanyň özünden soňky nesillere goýup gidýän, bahasyna ýetip bolmajak mirasydyr. Bu gudratda adamzat durmuşynyň müňýyllyklaryň dowamyndaky ösüşi, ylym-bilimde ýeten sepgitleri, döwürleriň syýasy, ykdysady we medeni baglanyşygy, umuman, asyrlaryň ýaňy beýan edilýär». Bu jümlede türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaba goýýan belent sarpasy açylyp görkezilýär. Şonuň bilen baglylykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ildeşlerimiziň arasynda kitaba bolan gyzyklanmanyň barha artmagy örän guwandyrýar. Kitap okamaga islegiň artýandygyna kitaphana işgäri hökmünde gündelik durmuşymyzda has anyk göz ýetirýäris. Kitaphana ýazylýan okyjylaryň sany yzygiderli artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on aýynda welaýatymyzyň kitaphanalaryna täze ýazylan okyjylaryň sanynyň 8 müň 500-e golaýlamagy hem munuň subutnamasydyr. Şeýlelikde, bu gün welaýatymyzyň kitaphanalarynyň okyjylarynyň sany 115 müňden geçýär.

Röwşen geljegimiziň aladasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy döwrebap ösýär, kämilleşýär. Bu ugurdaky Döwlet maksatnamalarydyr konsepsiýalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň netijeliligi ýokarlanýar, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegine täze şertleri emele getirýär. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda durmuşa geçirilýän işler has-da guwandyrýar. Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermäge gönükdirilen, täzeçillige daýanýan özgertmeleriň rowaçlanmagyna itergi berýän bu Konsepsiýalaryň durmuşa geçirilmegine bilim-terbiýeçilik edaralaryň işgärleriniň her biri mynasyp goşandyny goşýar.

Döwrebap ösüşler

Ýurdumyzy ylym we sanly tehnologiýalar esasynda senagatlaşdyrmak, ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler sazlaşykly ösüşi üpjün edýär. Ylym ulgamyny ösdürmek, düýpli ylmy-nazary, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmakda, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ylmy ösdürmegiň häzirki zaman nusgalaryna çalt depginde geçmek, düýpli hem amaly ylymlaryň, ylma esaslanýan tehnologiýalaryň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, ýokary taýýarlykly ylmy işgärleri, hünärmenleri taýýarlamak döwletimizde möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar, täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işleriniň depgini bilen şertlenilýär. Ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly täze senagat düzümlerini kemala getirmegiň hasabyna çalt depginde döwrebaplaşdyrmak syýasaty işjeň amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ykdysadyýet

Bagtyýar durmuşyň gözbaşy

Ösen tehnologiýalardan peýdalanmak

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz beýik maksatlara gönükdirilen bilim syýasaty bilen rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bagtyýar nesiller üçin ägirt uly aladalar edilýär. Bilimiň halkara giňişligine çykarylmagynda sebitde we dünýäde iň köp ulanylýan dilleriň biri hasaplanýan iňlis diliniň öwrenilmegine uly orun berilýär. Daşary ýurt dillerini ynamly, ygtybarly ulanmakda umumybilim basgançagynyň ähmiýeti uludyr. Munuň şeýledigi orta mekdeplerde iňlis diliniň grammatikasynyň we sözleýşiniň öwredilmeginiň barha kämilleşdirilmelidigini delillendirýär. Jemgyýetçilik ýaşaýşynyň dürli ugurlarynda bolşy ýaly, häzirki ösýän döwür bilim ulgamynda hem, şol sanda daşary ýurt dillerini okatmakda hem täze tehnologiýalaryň döredilmegine we ulgamda ulanylyşynyň işjeňleşdirilmegine getirdi. Döwrebap tehnologiýalaryň sapakda peýdalanylmagy täze usulyýetleri ýüze çykardy. Şeýle usulyýetleriň kämilleşdirilmeginde okatmagyň döwrebap serişdeleriniň, has oňaýly sanly tehnologiýalaryň okuw işinde giňden ulanylmagy möhüm orny eýeleýär.

Sapakda öwrediji oýunlaryň orny

Başlangyç we ýokary synplarda okatmagyň esasy talaplarynyň biri-de çagalarda gowy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek bolup durýar. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde daşary ýurt dili hökmünde okadylýan rus dili sapaklarynda çagalaryň ukyp-başarnyklaryny we pikirleniş, sözleýiş endiklerini ösdürmegiň iň täsirli usuly didaktiki oýunlar bolup durýar. Didaktiki oýunlar — bu okuwçylar üçin öwrediji oýunlardyr, mugallymlar üçin bolsa okatmagyň usulydyr. Başlangyç we ýokary synplarda rus dili sapaklarynda didaktiki oýunlar sapagyň islendik tapgyrynda we dürli görnüşli sapaklarda ulanylyp bilner. Bu oýunlar, esasan hem, sapagyň täze temany berkitmek, ýalňyşlyklar üstünde işlemek, şeýle hem gaýtalamak, sapagy jemlemek we umumylaşdyrmak bölümlerinde ulanylsa, has-da ýerlikli bolar. Şeýle hem ýaş aýratynlyklaryna garamazdan, sapagyň başynda (guramaçylyk döwründe), öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamakda, söz baýlyklaryny kämilleşdirmekde hem ulanmak mümkin. Didaktiki oýunlar çagalaryň aňynyň ösmegine kömek edýär. Olaryň öý işini ýerine ýetirmeginde özbaşdak ýumuşlar bilen işlemegine ýardam edip, işjeňligini artdyrýar. Bu oýunlaryň kömegi bilen çagalar täze temany çalt kabul edýärler we özleriniň döredijilik ukyplaryny ösdürýärler

Daşky gurşawy goramagy öwretmek

Tebigat dünýäsini, onuň janly-jandarlaryny goramak biziň her birimiziň borjumyz bolup durýar. Öz okadýan geografiýa dersim boýunça ýokary synplarda guraýan sapaklarymda tebigat dünýäsine aýawly çemeleşmek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekýärin. Has takygy, 10-njy synpda «Daşky gurşawy goramak» diýen temany geçenimde, tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga, meýdan zolaklaryny, suwlary hapalamazlyk düzgünlerine okuwçylaryň ünslerini çekdim. Tebigaty zyýanly täsir edýän maddalardan goramagyň, ösümlikleriň, haýwanlaryň ýaşamagy we köpelmegi üçin amatly şertleri döretmegiň düzgünleri dogrusynda hem gysgajyk söhbetdeşlik guradym. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hereket edýän döwlet goraghanalarynyň we çäkli goraghanalaryň ösümlik, haýwanat dünýäsini goramakda uly ähmiýetiniň bardygy hakynda maglumat berdim. Synp tagtasynda öýe berlen tema boýunça okuwçylar sapagy gürrüň berdiler. Goraghanalaryň alyp barýan işleri boýunça sowal-jogap alşyldy. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ähmiýeti barada okuwçylar öz pikirlerini beýan etdiler. Ýurdumyzyň derýalary, kenar ýakalarynda bag-bakjalygy döretmegiň zerurlygy ýaly durmuş ähmiýetli işler dogrusynda okuwçylaryň pikirlerini hem soradym. Multimedia tagtasynda Türkmenistanyň tebigaty barada şekillendirilen sl

Çagalara özbaşdak ýumuşlary tabşyrmak

Dersler boýunça başlangyç synp okuwçylarynyň hasaplamalara bolan gyzyklanmasy has uludyr. Çagalar bagyndan gelen körpe eýýäm sanamagy, goşmagy, aýyrmagy bilýär. Matematika sapagynda geometrik şekilleri saýgarmagy we tanamagy üçin olary dürli görnüşli reňkler bilen tapawutlandyrýaryn. Surat sapaklarynda hem matematikadaky mysallarda ulanylan geometrik şekilleriň atlaryny reňkleriň üsti bilen ýatladýaryn. Öýe iş hökmünde çagalaryň boş wagtlaryny manyly geçirmek maksady bilen, goşmaça ýumuşlary tabşyrýaryn. Ene dili sapaklarynda ertekilerde agzalýan jandarlaryň, gahrymanlaryň öý haýwanlaryna ýa-da ýabany haýwanlara degişlidigini ýazyp gelmeklerini tabşyrýaryn. Surat sapaklarynda özbaşdak surat çekmek işlerine hem aýratyn çemeleşýärin.

Kämil usulyýetiň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegine uly üns berýär. Sanly bilimiň innowasion çemeleşmeleriniň, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklary kompýuterler bilen enjamlaşdyryldy we internet maglumat toruna birleşdirildi. Sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilim berlişiniň kämilleşmegine getirdi. Okatmagyň we öwretmegiň häzirki zaman interaktiw usullaryna, multimedia tehnologiýalaryna uly ähmiýet berilýär. Orta mekdepleriň tejribehanalary ýörite enjamlar, elektron, wideo, audio, kompýuter, interaktiw tagta we multimedia abzallary bilen üpjün edildi.

Daşary ýurt dilleri öwrenilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýaşlaryň giň dünýägaraýşyny kemala getirmekde uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýaşlara dünýä dillerini öwretmegiň ähmiýeti uludyr. Ýaşlar bilim öwrenmäge ymtylyşlary, ukyp-başarnyklary bilen iňlis dilini höwes bilen öwrenýärler. Dil öwrenmegiň dürli ugurlaryndan, döwrebap usullaryndan peýdalanylýar. Bu babatda ylmy edebiýatlara, sözlük kitaplaryna uly ähmiýet berilýär. Dil öwrenýän ýaşlar sözlükler arkaly ukyplaryny artdyrýarlar, bilimlerini ösdürýärler. Ýaşlaryň sözlükleriň üsti bilen öwrenýän iňlis dilindäki edebiýatlary okamaga mümkinçiligi artýar. Daşary ýurt dillerini hünär dili hökmünde öwrenýän ýaşlar halkara adalgalaryny hem öwrenýärler.

Üstünlik ussatlyga bagly

Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bilimler dünýäsine aralaşan ynsanyň aň taýdan kämilleşmegine, alyp barýan işiniň has-da netijeli bolmagyna okan kitaplary, alan bilimleri ýardam edýär. Ýurdumyzyň mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň gazanýan üstünlikleri bu ugurda kabul edilýän resminamalaryň durmuşa ornaşdyrylyşynyň netijeliligini aýdyň görkezýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde häzirki zaman mugallymyna bildirilýän talaplar, düýpli çözgütleri amala aşyrmak wezipeleri öňde goýulýar. Biziň ýurdumyzda ösüp barýan ýaş nesilleri terbiýelemek döwlet ähmiýetli uly işdir. Olar mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda we mekdeplerde, mekdepden daşary edaralarda, ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak bilen terbiýelenýär.

Borjumyz — kämil nesli terbiýelemek

Türkmenistanda giň dünýägaraýyşly, täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, dünýä täzeliklerinden habarly, ylym, döredijilik bilen gyzyklanýan, edepli, milli ruhda terbiýelenen ýaş nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Döwlet Baştutanymyzyň edýän tagallalary netijesinde, ýaşlarda Watana, merdana halkymyza hem-de şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmak, olaryň döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin uly işler durmuşa geçirilýär. 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmekden, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmakdan, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmakdan ybarat.

Kitap marafony: okamak endiginiň açary

Türkmen topragy dünýä ylmynyň ösen, meşhur alymlaryň okan, zähmet çeken, döreden topragydyr. Bu gün şol mukaddes toprakda ýaşlarymyzyň dürli ugurlarda kämilleşmegi ugrunda tagallalar edilýär. Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen «Kitap marafony» hem şol ýörelgelerden gözbaş alýar. MARAFON (Μαραθών) — bu grek sözi bolup, ol «uzak ýol» diýmegi aňladýar. Kitap marafony dünýäde meşhurlyga eýe bolup, uly göwrümli kitaplary uzak wagtyň dowamynda okamak üçin okyjylar oňa agza bolýarlar. «Kitap marafonynyň» esasy maksady ýaşlarda peýdaly endikleri kemala getirmek, ýady, pikirlenişi we hyýaly düşünjeleri ösdürmek, döredijilik ukybyny, söz baýlygyny artdyrmakdyr. Oňa gatnaşýan agzalar okamak üçin yglan edilen kitaby berlen möhletiň dowamynda okaýarlar hem-de öz aralarynda pikir alyşýarlar. Degişli meýilnama laýyklykda, gatnaşyjylara näçe wagtyň dowamynda näçe sahypa okalmalydygy barada ugrukdyryjy maglumatlar berilýär.

Ýaş alymlaryň we hünärmenleriň ylmy-amaly seminary geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ylmy işgärleri taýýarlamak işlerini çaltlandyrmak, ylmyň jemgyýetimizdäki ornuny ýokarlandyrmak, häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän binýatlaýyn hem sanly ylym ulgamyny kemala getirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bilim, ylym, önümçilik ulgamlaryny utgaşykly ösdürmek hem-de olaryň arabaglanyşygyny kämilleşdirmek üçin yzygiderli aladalar edilýär. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda geçirilen ylmy-amaly seminar ýokary ýa-da orta hünär bilimli ýaş alymlaryň we hünärmenleriň kwalifikasiýalaryny, bilimlerini we ylym medeniýetlerini ýokarlandyrmak maksadyndan ugur alyp, geologik barlaglary, geotehnologik meseleleri çözmeklige gönükdirilen innowasion tehnologiýalara erk etmek, gaz ýataklaryny özleşdirmek, tebigy gazy akdyrmak we gaýtadan işlemek, gaz pudagynyň ykdysady we ekologik jähetlerini ara alyp maslahatlaşmak we olary önümçilige ornaşdyrmak meselelerini öz içine aldy.