"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Dünýä dolan taglymat

Hormatly Prezidentimiziň medeni taglymaty, ilkinji nobatda, dünýä parahatçylygyny öňe sürýär. Parahatçylyk diýlen dünýägaraýyşda «umumadamzat», «gatnaşyk», «hyzmatdaşlyk», «agzybirlik» ýaly ugurlar bir sapaga düzülip, aň ulgamyny sazlaýar. Gahryman Arkadagymyz “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda: “Döwlet gurluşynda, syýasatda, ykdysadyýetde, sosial durmuş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgerişlikleriň ruhy güýji ähli işe döredijilikli çemeleşmekde — medeni ilerlemelerdedir. Şoňa görä-de biz giň mazmuny, çeperligi we taryhy kökleri has çuň heňňamlara aralaşýandygy bilen kämilligiň ýölgörkeziji şamçyragyna öwrülen milli medeniýetimizi barha ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýäris” diýýär. Halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetini özara gatnaşyklar arkaly dünýä çykarmak, olary sünnäläp nesillere ýetirmek maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, şol sanda onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen ýylyň özünde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO ka

Dostlaryň sazlaşykly owazy

Milli medeniýeti we sungaty çuňňur öwrenmek, ösdürmek, kämilleşdirmek, dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklary berkitmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipeleriniň biridir. Taryhymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, dilimiziň we ruhy gymmatlyklarymyzyň umumylygy halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýär. Medeniýet we sungat wekilleri Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çärelere — kino günlerine, bilelikdäki konsertlere, maslahatlara, sergilere, festiwallara yzygiderli gatnaşýarlar. Bular köptaraply medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. 2023-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynda 2024-nji ýylda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip edipdi. Ine, ýakynda, ýagny 24-26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi dost-doganlyk gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygynyň güwäsine öwrüldi.

Beýik sungatyň ýoly

Suratda: (çepden) Ata Ablyýew, Bibi Welmyradowa we Akmyrat Çaryýew. Irki döwürlerde obama-oba aýlanyp, toýlarda bagşylar diňlenipdir. Ahal welaýatynda «Garadaşaýak» diýlip atlandyrylan obamyz Gökdepe galasyndan öň hem bar eken. Aýdym-sazyň gadyr-gymmatyna düşünýän bu obalylara şol döwürler «müň öýli garadaşaýaklylar» diýipdirler.

Miwajy (Rowaýat)

Türkmen halky özüni ekläp-saklaýan ene topragyň her bir pelini-goluny, guýusyny-ýabyny söýgüläp-sarpalap atlandyransoň, oňa rowaýat bagyşlap, perzentlerine miras goýupdyr. ...Ir döwürler bir çarwa baýyň bäş ogly bilen bir gyzy bar eken. Garry enesiniň elinde erkelenýän Miwe gyzyň hakyky ady tutulman «Enem gyzy, Enegyzym» diýlip söýgülenipdir. Ogullaryny öýeren baý, olaryň örňäp barşyna guwansa-da, ýeke gyzynyň ýanýoldaşynyň ýogalyp, onuň ýalňyzlygyna gussa çeker eken. Gyzynyň çolaşyk ykbalyna ýüregi bilen gyýlan baý: «Gyzymdan-da at galsyn» diýip, çöl ýerden bir sonarlykda gyzyna niýetläp guýy gazdyrýar. Emma guýudan şor suw çykýar. Muňa gaty gynanan Miwe: «Bu guýynyňam suwy meň maňlaýym ýaly şor eken. Ir gülmedik, giç gülmez. Giç gülmedik, hiç gülmez» diýip, gözýaş döküp aglapdyr. Ony gören guýy ussasy bilen kömekçisi Myrat atly ýigit baýdan rugsat alyp, bäş-alty çakyrym aňyrdan ikinji guýyny gazýarlar. «Yhlasa — myrat». Gijesini gündiz edip işlän ussalar süýji suwuň gözüni açýarlar. Ýazlagçylaryň ýanyna düýe çal, azyk-suwluk bahanasy bilen gatnaýan ýigidi, gelniň görkündenem beter, agraslygy, akyllylygy maýyl edipdir.

Ömrüňiz döwre döwran, Arkadag!

Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli «Arkadag Binasynyň» ýanyndaky meýdançada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Baýramçylyk konserti «Baky bagtyň aýdymy Siz, Milli Lider Arkadag!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlady. Kompoziýa sebitde deňi-taýy bolmadyk ägirt uly taslamanyň — Arkadag şäheriniň gurluşygynyň amala aşyrylmagyna badalga beren Garyman Arkadagymyzyň beýik işlerine bagyşlandy.

Sanly şäher — şanly şäher

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň gurlup, açylmagy bilen ildeşlerimiziň müňlerçesi täze iş orunlary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi. Ýurdumyzda her bir adamyň, maşgalanyň döwlet tarapyndan goldanylmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň baş ýörelgesidir. Biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işler, durmuşa geçirilýän iri taslamalar halkyň bähbidine gönükdirilýär. Arkadag şäheri hem Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen hut şeýle asylly maksatlaryň we däpleriň esasynda bina edilen şäherdir. Ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşynyň döwletimiziň we halkyň

«Taryplap Watanyň ýagty ertirin...»

Ýakynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan zehinli bagşy-sazandalar türkmen halk aýdymlaryny we sazlaryny ýerine ýetirdiler. Ýeňiji bolanlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy, şonuň bilen birlikde-de olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Arkadagly şäherde medeniýetiň mukamy

Her ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda merjen Arkadag şäherinde geçirilmeginde uly many bar. Çünki Köpetdagyň eteginde tebigatyň gözel ýerinde gurlan Arkadag şäheriniň ruhy dünýäsi ata-baba milli medeni ulgamy bilen sazlaşýar. Arkadag şäherinden asyrlaryň jümmüşine diň salsaň, türkmen medeniýetiniň taryhynda uly yz galdyran hem-de atlary rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň parahatçylyk senasyna öwrülen sazlarynyň ýaňy gulagyňa eşidilip başlaýar. Medeniýet hepdeliginden soňky oýlanmalar

Bagşy-sazandalar joşa gelende

Bagşydyr sazandalar — türkmen toýlarynyň esasy bezegi. Olara sylag-sarpanyň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony döwrebap derejede kämilleşdirmek, bu ugra zehinli ýaşlary giňden çekmek maksady bilen dürli bäsleşikleri geçirmeklik ýola goýuldy. Munuň özi ýaş nesliň kalbynda köküni gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan aýdym-saz sungatymyza, milliligimize bolan höwesi, söýgi-buýsanjy has-da artdyrdy.

Ýurt binaly boldy, döwlet guruldy

Gündogaryň beýik akyldary hem şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasyna girizilmegi, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň karary bilen 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylmagy il-ýurdumyz üçin uly abraý-mertebedir. Magtymguly Pyragynyň beýikligi onuň goşgularynda durmuş hakykatynyň çeper we öňdengörüjilik bilen beýan edilmegindedir. Beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan, görüň, näçe asyrlardan bäri egsilmez ylham, ruhy güýç alýarlar?! Onuň goşgularynda durmuşyň dürli taraplary içgin beýan edilýär. Şahyryň ruhuňa gudratly bir güýç bolup täsir edýän, ýagşylygy ündeýän setirlerini dünýä halklary hem aýdym edip aýdýarlar.

BAGT BAGYNYŇ BILBILLERI

Bagtyýar çagalygyň, asuda, bolelin durmuşyň gujagynda erkana ýaýnaýan şadyýan çagalaryň mekanyna öwrülen gözel Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar. Çagalaryň durmuş goraglylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Ata Watanymyzyň aýdyň ertirleriniň eýeleri, bagtyýar halkymyzyň dowamaty hasaplanýan çagalaryň kämil bilim-terbiýe almaklary, sagdyn bedenli, milli ýörelgelerimize ygrarly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesillerimiziň aýratyn ukyp-başarnyklaryny, ýiti zehinlerini ýüze çykarmak, saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmekleri üçin ýurdumyzda döredijilik bäsleşikleri, festiwallar yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda we dünýä derejesinde geçirilýän abraýly halkara sport ýaryşlarynda hem bagtyýar nesillerimiziň gazanýan üstünliklerine şaýat bolýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň we eneleriň saglygyny goramak babatda edilýän tagallalar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Bu babatda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz abraýly halkara guramalary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýýar. Ýurdumyz bilen ÝUNFPA, ÝUNISEF hem-de BSGG ýaly abraýly halkara guramalaryň

TOÝ TOÝLANÝAR MEDENIÝETIŇ ŞANYNA

UZAK ÝAŞA, ARKADAG!

Gahryman Arkadagymyzyň eşretli eýýamynyň ömrümize dolmagynyň, ykballara gabat gelmeginiň, bagta berilmeginiň, saýa salmagynyň özi bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Berlen ömrüň gymmatyny duýmak bar, oňa uýmak bar. Apalamak, arzylamak bar. Subutyny türkmeniň şu günki ýeten beýik derejesiniň özi sözsüz düşündirýär. Şu nurana günleriň sanalgy sallaryň dowamynda gurlan erteki mysaly Arkadag şäheriniň bir ýyllygy bilen utgaşmagy aýratyn täsin.

Toýly ýyllaryň gujagynda

Abraý-mertebesi barha belende göterilýän ata Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere, taryhy tutumlara beslenýär. Şol ösüşlerdir tutumlar bolsa türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, asuda, bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Her bir raýatyň bimöçber aladalar bilen gurşalyp alynýan döwletinde ýaşamak, işlemek, döretmek uly bagtdan, bagtyýarlykdan nyşandyr. Elbetde, her bir halk özüniň milliligi, medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary bilen tanalýar. Bu günki gün türkmen medeniýeti we sungaty Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolýar. Her ýylda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.

«Gel, dutarym, sözleşeli...»

Balkanabat şäherinde ýerleşýän Nebitçileriň medeniýet köşgüne barsaň, welaýatymyzyň tanymal bagşy-sazandalarynyň suratlarynda nazaryň eglenýär. Türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran ussatlaryň nurana keşplerini synlanyňda, kalbyňy ýakymly duýgularyň gaplap alanyny duýman galýarsyň. Şol ýakymly duýgular bolsa milli öwüşgine baý bolan aýdym-saz sungatymyz, onuň ösüşli menzilleri we häzirki ajaýyp zamanamyzda ýeten belentlikleri, halkyň köňül töründe orun alan senet eýeleri baradaky buýsançly oýlanmalara ulaşýar. Mekdepde edebiýat sapagyny has-da gowy görýän, çeper eserleri ürç edip okaýan ýetginjek oglan-gyzlaryň goşgy ýazmaga synanyşmadygy ýok bolsa gerek. Özümiň bu babatdaky ilkinji ädimimiň türkmen dutaryna bolan buýsanjy beýan etmek bilen başlanandygy şu günki ýaly ýadymda. «Dutar, seniň gudratyňa haýran men» diýen setir bilen başlanýan goşgy, soň-soňlar göz ýetirişim ýaly, çeperçilik taýdan gowşajyk çykanam bolsa, damarynda türkmen gany aýlanýan oglanyň öz milliligine bolan buýsanjyny, gara gazma dutarly şahandaz halkyna söýgüsini ýüze çykarmaga çalşypdy...

Täze eýýamyň üme dessury

Eziz Diýarymyzda milli gymmatlyklarymyzyň, gadymy däp-dessurlarymyzyň has-da kämilleşmegi hem-de dünýä ýaýylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.  Ene-mamalarymyzyň el hünäri bolan keşdeçilik, halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr.  Ýurdumyzda üme dessury bilen baglanyşykly «El hünäri — il gezer» ady bilen birnäçe çäreler we bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Dabaraly çäreleriň dowamynda sungat derejesine ýetirilen çeper el hünärimiziň özboluşly aýratynlyklary giň beýanyny tapýar. Keşdelere, göllere siňen durmuş hakykaty barada söhbet edilýär.

El hünäri — il gezer

MILLILIK — MILLETIŇ BUÝSANJY Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen gelin-gyzlarynyň keşde çekmek sungaty gadymy el hünärleriniň biridir. Halk arasynda uly söýgä we islege mynasyp bolan keşdeçilik senediniň gözbaşy müňýyllyklara uzaýar. Keşdeler milli egin-eşiklerimiziň düzüm bölegidir. Gyz-gelinleriň milli el işleri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Sebäbi, keşdeçilik sungaty türkmen zenanlarynyň döreden baýlyklarynyň esasy nusgalarynyň biri hasaplanylýar.

«MAGTYMGULY ZERGÄR» ESERI

Garaşsyzlyk döwrüniň syýasy we ruhy talaplaryny berjaý etmekde şekillendiriş sungatynyň orny uludyr. Türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegine uly goşant goşan suratkeşleriň birnäçesi Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbini dürli usullarda janlandyrypdyrlar. Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döreden «Magtymguly Pyragy» kanoniki portretinden başlap, şu günlerde döredilýän Pyragynyň keşbini synlanyňda şol döwre mahsus duýguny başdan geçirýärsiň. Aýhan Hajyýew 1959-njy ýylda ýerine ýetiren «Magtymguly zergär» atly işini şahyryň kanoniki portretine esaslanyp, şahyry ХVIII asyra degişli egin-eşikler bilen suratlandyrýar, şeýle hem Magtymgulynyň diňe bir şahyr däl-de, eýsem ussat zergärdigini açyp görkezýär. Eserde Magtymguly Pyragy ak öýüň içinde eline zergärçilik gurallaryny alyp, gülýaka ýasaýan pursatynda şekillendirilýär. Şahyryň keşbine seredeniňde, onuň öz kärinden lezzet alýan adamyň duýgusyny, rahatlygyny, özüne bolan ynamy görýärsiň. Şahyryň garaýşynda öňdengörüji pikirli adamyň häsiýetini görmek bolýar.

Aýdym-sazyň şäheri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň beýik ösüşlerini, medeni-ruhy kuwwatyny açyp görkezýän, medeniýetiň we sungatyň has-da rowaçlanýan şäheridir». Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen Medeniýet hepdeliginde hem bu hakykat has äşgär duýuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen guralmagy asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda örän ýokary derejede geçirilip, ýatda galyjy duýgulara beslenmegi täze şäherde döredilen ajaýyp şertlerdir mümkinçilikler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. «Akylly» şäherde owadanlygy, kaşaňlygy we özboluşly binagärlik öwüşginleri bilen alamatlanýan medeni ojaklaryň, medeni aň-bilim binalarynyň birnäçesi bar. Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hem şeýle binalardyr. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda şol medeni ojaklarda çäreleriň birnäçesiniň üstünlikli geçendigi diýseň guwandyrýar.

Sungat — köňül köprüsi