"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Ýaş alym­la­ry sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 12-nji iýu­n­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de ýaş alym­la­ryň hem-de ta­lyp­la­ryň ara­syn­da her ýyl ge­çi­ril­ýän yl­my iş­ler bo­ýun­ça bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Her ýy­lyň 12-nji iýu­nyn­da bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän bu bäs­le­şi­gi Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy we Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi bi­le­lik­de gu­ra­ýar.

Gurban baýramy

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Häzirki wagtda her bir gü­nü­miz toý­dur baý­ram­la­ra bes­le­nip, toý­la­ry­myz to­ýa ulaş­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ama­la aşy­ryl­ýan her bir tu­tum­ly baş­lan­gyç­lar­da Gah­ry­man Arka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­myz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän hal­ky­my­zyň asu­da, aba­dan, pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ba­ra­da­ky be­lent mak­sat­la­ry dur­ýar.

Ke­nar­da­ky ýa­kym­ly pur­sat­lar

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da dö­re­di­len äh­li şert­ler di­ňe bir to­mus paslynda däl, eý­sem ýy­lyň beý­le­ki pa­syl­la­ryn­da dynç al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry, da­şa­ry ýurt myh­man­la­ry bu ýer­de dö­re­di­len döw­re­bap müm­kin­çi­lik­ler­den peý­da­la­nyp, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da dynç alyp bil­ýär­ler. Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ry­ny be­ze­ýän «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da şu gün­ler to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär.

Gün­den go­ra­na­lyň!

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Gün şöh­le­si­niň gyz­gyn­ly­gy ýyl-ýyl­dan ar­typ, bu ýag­daý, aý­ra­ty­nam, Gün şöh­le­si­niň ýi­ti we dik düş­ýan möw­sü­mi bo­lan to­mus pas­lyn­da has-da güýjeýär. Dog­ry ka­bul edi­len­de, D wi­ta­mi­niň çeş­me­si bo­lan Gün şöh­le­si­niň muk­da­ry art­sa, adam be­de­ni­ne ýa­ra­maz tä­sir edip, jöw­za­ly ys­sy­da Gün ur­ma ha­dy­sa­sy­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­na se­bäp bo­lup bil­ýär. Mu­nuň öňü­ni al­mak üçin bol­sa Gün­den go­ran­mak ze­rur­dyr.

Ertir — Gurban baýramy

Ynsanperwerligiň we ruhy tämizligiň dabaralanmasy Gurban baýramy ynsanperwerligi, ruhy tämizligi, hoşniýetliligi, belent ahlaklylygy dabaralandyrýan milli baýramdyr. Bu baýram adamlaryň arasyndaky belent ýörelgelere ýugrulan gatnaşyklary pugtalandyrýan, kalplary tämizleýän, ruhy gymmatlyklarymyzy, ahlak ýörelgelerimizi çuňlaşdyrýan, köpasyrlyk däp-dessurlarymyzy giňden ýaýbaňlandyrýan mukaddeslik derejesine ýeten özboluşly gymmatlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli däp-dessurlarymyz sarpalanyp, gadymy ýörelgelerimize uly hormat goýulýar. Bu halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň giňden dabaralandyrylmagynda hem açyk-aýdyň görünýär. Şu nukdaýnazardan, Gurban baýramy hem pederlerimizden gelýän gadymy hem milli ýörelgelerimiziň esasynda giňden bellenilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahawatly çözgüdi bilen her ýylda üç gün dynç güni diýlip bellenilip, bagtyýar raýatlarymyzyň asylly däplerimize görä gurbanlyk dessuryny berjaý etmeklerine uly mümkinçilik döredilýär. Gurban baýramynda, ilkinji nobatda, arassaçylyk kadalary doly berjaý edilýär. Öýlerde baýramçylyga giňden taýýarlyk görülýär. Toý saçaklary ýazylyp, naz-nygmatlar bilen bezelip, myhman garşylanýar. Gurbanlyk maly s

Abadan ýaşaýyş — her bir çaganyň hukugy

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni. Bagtyýar çagalarymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolan bu sene mynasybetli BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru NARTEA «Güneşde» myhmançylykda. Biz onuň bilen söhbetdeş bolup, ýaşajyk okyjylarymyzy gyzyklandyrýan käbir sowallar bilen ýüzlendik. — Hormatly Aleksandru Nartea, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Zeminiň ähli künjeginde her bir çaga üçin iş alyp barýandygyny bilýäris. Bu gurama, Türkmenistanda onuň wekilhanasynyň döredilişi hakynda anygrak gürrüň beräýseňiz?!

Bagt ýaýrar çagalaň şat sesinden, Sowgat boldy «Arkadagly nesiller»

Gül-gunçalaryň ösýän ýerinde, gözellikler, kebelekler, göze ýakymly görnüşler hem peýda boluberýär. Ynanmasaňyz, gülleriň parç bolup oturan ýerine nazar aýlaýyň, ähli zat gülüň yşkynda perwanadyr. Kebelekler gülüň gunçalaryna gonup, ondan bal şiresini toplap ýören bolsalar, janly-jandarlar, hatda ynsanlaram gülüň gözelligine seredip ganyp bilýän däldirler. Eger-de gül-gunçalaryň gözelligine, görkanalygyna hyrydarlar şeýle kän bolsa, durmuşyň gül-gunçalary hasaplanylýan eýjejik, naşyja balajyklara, garagöz çagajyklara bildirilýän söýgi-mähir näçekä?! Olara söýgi, hormat ummasyzdyr. Ýylgyryşy açylyp duran gülleri ýadyňa salýan bagtyýar çagalar — biziň durmuşymyzyň, ömrümiziň nowjuwan gülleri, ter çemenleri. Olaryň bar ýerinde, ýaşaýyş, gülki, şatlyk bar. Olaryň ýylgyran ýerinde ýaşaýşa höwes, hyjuw, söýgi bar. Çaga gülküsiniň hemişelik ýaňlanýan ýerinde — ata Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň şadyýan oýnap gülmegi, rahat dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Häzirki wagtda tomusky dynç alyş günlerine çykan bagtyýar körpeler çäksiz mähir-söýgi bilen gurşalyp, olaryň dynç alyş günleriniň gyzykly, manyly geçmegi üçin ýurdumyzda birnäçe döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Toms

Goýnuňda dynç alşym gyzykly geçýär, Gyzgalaňly paslym, şadyýan paslym!

Salam, tomus! Seniň geleriňe ulular hem garaşandyr welin, çagajyklaryň-ha garaşanlygyna şek-şübhe ýok. Olaryň käbiri sende ýetişýän ir-iýmişleriň datly tagamyny küýsäp garaşan bolsa, ýene käbirleri sergin howaly Gökderededir jenneti mekan hasaplanýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç almaga howlugdylar. Obada ýaşaýan atalarynadyr dogan-garyndaşlaryna gezmäge gidip, tomsuň agramly bölegini şol ýerde geçirmäge höwesek şäherli çagalar-da kän. Tylla güýz, aýazly gyş, al-elwan gülleri bilen topraga haly ýazan ýaz, bularyň ählisi öz nobatyny yzygider ötürip, öz ornuny tomus paslyna berdiler. Eý, tomus, seniň gelmegiň bilen hatda Gün hem has-da sahylaşyp, jomartlaşyp, öz nuruny bolluk bilen eçilýär. Ajaýyp goýnunda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň ençemesini jemleýän Gökdere tomsuň gelmegi bilen ýaşajyk nesillerimize giňden gujak açdy. Awazada we mekdepleriň çäklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri-de dynç alýan, wagtyny hoş geçirýän çagalardan doldy. Bu ýerde çagalar dünýä ülňülerine laýyk derejede dynç alýarlar, kitaphanalarda kitap okamak bilen meşgullanýarlar, surat çekýärler, oňat naharlanýarlar, wagtly-wagtynda ukularyny alýarlar, bilim-sowadyňy ar

Milli şahyrymyza bagyşlanan bäsleşikler

Ýakynda «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy iki sany döredijilik bäsleşiginiň jemini jemledi. Olaryň biri «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralyp, «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» at bilen geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşik düzme we hekaýa ýazmak hem-de surat çekmek ugurlaryny öz içine aldy. Oňa paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň mekdep okuwçylarynyň 195-si öz işleri bilen gatnaşdylar. Netijede, eminler topary her ugur boýunça iň gowy eserleriň awtorlaryny ýeňiji diýip yglan etdiler.

Siziň zehinli deň-duşlaryňyz

Yhlas, zehin birleşse...

Saýlawlara taýýarlyk möwsümi dowam edýär

11-nji iýunda saýlawlara taýýarlyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry bolan Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine dalaşgärleri bellige almak işi tamamlandy. Möwsümiň ilkinji iki tapgyryny düzýän dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işi ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygyna, halkara kadalara laýyk gelýän şertlerde geçirildi. Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine jemi 9 — her saýlaw okrugy boýunça 3 dalaşgär hödürlenildi. Dalaşgärleriň arasynda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň wekilleri bar. Olaryň aglabasy syýasy partiýalaryň agzalarydyr. Şeýlelikde, döwlet durmuşynyň möhüm meselelerini çözmekde raýat jemgyýetiniň ähli institutlarynyň işjeň gatnaşygy üpjün edilýär. Bellige alnan her bir dalaşgäre milli saýlaw kanunçylygyna, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek üçin deň derejedäki hukuklar we mümkinçilikler döredilýär.

Breýn-ring bäsleşigi geçirildi

Häzirki wagtda ýurdumyz dünýä döwletleri, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu ugurdan talyplaryň sowatlylygyny artdyrmak, düşünjelerini ösdürmek maksady bilen bäsleşiklerdir olimpiadalar geçirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygy» atly breýn-ring bäsleşigi hem munuň bir mysalydyr. Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň bilelikde guramagyndaky bu bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşikde Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky gatnaşyklar, guramanyň döreýiş taryhy, onuň ähmiýeti baradaky sowallar berildi. Munuň üçin 10 sany topar özara bäsleşdi. Jemi 50 soragy çözmek üçin, oňa şonça minut wagt berildi. Emin agzalarynyň gelen netijesine görä, birinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar topary mynasyp boldy. Ikinji orny Türkmen döwlet maliýe institutynyň, üçünji orny Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplar toparlary eýelediler.

Agzybirligiň, hoşniýetliligiň baýramy

Toýlar içre ýaşaýan halkymyz ýene-de bir milli senesini — mukaddes Gurban baýramyny garşy alýar. Ony bize paýtagtymyz Aşgabatda hem-de oba-kentlerimizde uzaklardan bagt diňi ýaly bolup görünýän hiňňildikler buşlaýar. «Belent-belent bat almaga» barýan ýaz keşpli ýaşlarymyz bolsa şeýle heýjan günleriň ýaraşygy. Olaryň kalbynda aýdym, dillerinde eziz Watana bolan alkyş ýaňlanýar. Aslynda, türkmen kalby imanly, dili dogaly halk. Niçikmi, rehimdarlyk, ynsanperwerlik, dostanalyk bilen baglanyşykly haýsy bir iş ýüregine jaýlaşykly ornaşsa, şony alyp göterer. Ýagşa «ýagşy» diýip, arşa ýetirer, öz ýörelgelerine, däp-dessurlaryna gabat gelmeýän del nysaklardan gaça durmagy neberelerine nesihat eder. Şu jähetden seredeniňde, Gurban baýramyna ýurdumyzda ynsan gadyrynyň, birek-birege bolan hormat-sylagyň, bir desterhanyň başyna üýşülmeginiň hem-de agzybirligiň näderejede sarpalanýandygynyň aýdyň nyşany hökmünde seredilýär.

Ýaş alymlaryň bäsleşigi jemlendi

Ýakynda — 12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Aň-paýhas bäsleşigine barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň ýaş alymlary, ýokary, ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, ylmy işe gyzyklanma bildirýän islendik hünärdäki ýaş türkmenistanlylar gatnaşýar. Bu abraýly ylmy bäsleşige ýaşlaryň gyzyklanmasy ýylsaýyn artýar. Hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi netijesinde onuň abraýy barha ýokarlanýar. Şu ýyl ýaş alymlaryň bir müň alty ýüzden gowragy ýurdumyzyň ylmynyň nanotehnologiýalar, täze serişdeleri ylmy taýdan barlamak, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk hem-de derman serişdeleri önümçiligi tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ileri tutulýan ulgamlarda özleriniň taslamalaryny we ylmy barlaglaryny hödürlediler.

Dost-doganlyk dabaralanýar

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen toý-baýramly, döwletli-döwranly, bagtyýar zamanada ýaşaýarys. Milli baýramlarymyz, Magtymguly Pyragynyň arzuwlaýşy ýaly, bir saçagyň başyna jemlenip, agzybirlikde uly ruhubelentlik bilen bellenilýär. Ine, şeýle baýramlaryň biri hem Gurban baýramydyr. Mukaddes Gurban baýramy irki döwürlerden gözbaş alyp, oňa gadymy Oguz ýörelgeleri, ahlak-edep, pähim-parasat ýakymlylygy siňipdir. Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýik başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mukaddes Gurban baýramynyň däp-dessurlary döwrebap öwüşginlerde berjaý edilýär.

Milli tagamlar

Gurban baýramy Diýarymyzyň çar künjeginde giňden bellenilip geçilýär. Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu mukaddes baýram halkymyzyň kalbyna çäksiz ylham, joşgun we şatlyk paýlaýar. Gadymyýetden gelýän Gurban baýramyny agzybirlikde we jebislikde bellemek türkmen halkynyň asylly däpleriniň biridir. Abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýan her bir maşgalada Gurban baýramçylygynda bereketli toý saçaklary giňden ýazylyp, baýramçylyk tagamlary taýýarlanýar hem-de gurbanlyk sadakalary berilýär. Bu hoşniýetliligiň baýramynda bagtyýar döwrümizde halkymyzyň öňden dowam edip gelýän däp-dessurlary mynasyp dowam etdirilip, gatlama, pişme, ýagly petir, çelpek ýaly dürli tagamlar hem-de palaw, dograma, ýarma, çekdirme, gowurma ýaly milli naharlarymyz, şeýle-de dürli işdäaçarlar taýýarlanylýar. Ata-babalarymyz Gurban baýramynyň öňüsyrasynda öýke-kineli adamlary bilen ýaraşypdyrlar. Bu bolsa adamlaryň ýüreginde birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýgyny berkidip, baýramçylygy ýokary ruhubelentlik bilen garşylamaga kömek edipdir. Ruhubelentlik bolsa saglygyň ýokary görkezijisidir.

Dünýäniň açary — ylym

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ylymlar güni mynasybetli «Dünýäniň açary — ylym» atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagyndaky maslahata iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmekde we ylmy açyşlary alyp barmakda edilýän aladalar baradaky buýsançly sözler çykyşlaryň esasy özenini düzdi. Çykyş edenler berkarar Watanymyzyň ylym-bilimde gazanýan ösüşleri, täze innowasiýalardan kämil baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler, şeýle hem alymlaryň ylmy gazananlaryny dünýä ýaýmak hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda edilýän aladalar dogrusynda gürrüň etdiler.

Kitaphanaçylar maslahatlaşdylar

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny ylmy esasda öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda tutumly işler amala aşyrylýar. Geçmişde ýaşap geçen beýik şahsyýetlerimize bagyşlanyp, döwlet we halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlar, dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmeniň taryhynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrüldi» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny okyjylar köpçüligine wagyz etmekde, düşündirmekde kitaphana işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Olar edara-kärhanalarda, medeniýet we bilim ojaklarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, harby bölümlerde ýygy-ýygydan bolup, dürli medeni çäreleri geçirýärler, kitap sergilerini guraýarlar.

Kitaphana gyzyklanma ýokary

Sarahs etrap merkezi kitaphanasynda we onuň ýerlerdäki kitaphana şahamçalarynda döwrebap işler alnyp barylýar hem-de okyjylara göwnejaý kitaphana hyzmatlary amala aşyrylýar. Şeýle bolansoň, kitaphanalara ýazylýan okyjylaryň sany artýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň geçen bäş aýynda etrap merkezi kitaphanasy boýunça täze ýazylanlaryň sany 200-den geçdi. Olaryň esasy bölegi bolsa ýaşlardyr. Ýaşlaryň elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyna gyzyklanmasy has-da ýokarydyr.

Usuly-amaly maslahat işjeňlikde geçdi

Kaka etrabynyň 10-njy çagalar bagynda çagalar baglarynyň müdirleriniň we usulçy terbiýeçileriniň arasynda usuly-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda, pedagogik işgärleriniň öňünde durýan maksatlar we ýerine ýetirilmeli işler usuly-amaly maslahatdaky pikir alyşmalaryň özeni boldy. Etrap bilim bölümi tarapyndan guralan usuly-amaly maslahatda agzalan Konsepsiýanyň ähmiýeti we maksady hakda giňişleýin durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” esasy maksady umumybilim maksatnamalar boýunça okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň esasynda dünýä jemgyýetçiliginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramaga taýýar, çuňňur bilimli, döredijilikli pikirlenip bilýän, watansöýüji, zähmetsöýer, ahlak taýdan arassa, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýetleri kemala getirmekden we ösdürmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, bu Konsepsiýanyň kabul edilmegi mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryna jogap berýän ýolbaşçylara has-da döredijilikli işle