"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Mani ýa-da pul harplygy oýun ýaly usul arkaly üstünlige we üpjünlige tarap

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Bodo ŞEFER

HIÇ HAÇAN ÝEKE DOLANDYRMAŇ, şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri

Bilelikde liderligiň täze kesgitlemelerini döredýän, oňa düýbünden başgaça many berýän täze nesliň ähli ýaşdaky liderlerine bagyşlanýar. Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory.

Arkadag şäheri — geljegiň şäheri

Köpetdagyň eteginiň taryhy künjegine gözellik goşýan Arkadag şäheri halkymyzyň buýsanjy. “Ýaşlaryň şäheri”, “Geljegiň şäheri” diýlip ykrar edilen Arkadag şäheriniň ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheridigini bellemek has-da ýakymly. Geçen ýylyň tomsunda, şanly günde sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň ilkinji tapgyrynyň açylyş dabarasy bolup, ol ýerde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy ulanmaga berildi. Şondan bäri bir ýyldan gowrak wagt geçdi. Geçen döwrüň içinde Arkadag şäherinde ýurt we halkara derejesindäki çäreleriň ençemesiniň üstünlikli geçirilmegi “akylly” şäheriň dünýädäki meşhurlygynyň artmagyna itergi berdi.

Işjeňlikde geçen maslahat

Babadaýhan etrabynyň jemgyýetilik guramalary tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakyndaky» Kararyndan gelip çykýan wezipeleri ilata düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde geçirilýär. Babadaýhan dokma toplumynyň mejlisler jaýynda edara-kärhanalaryň zähmetkeşleriniň arasynda geçirilen maslahat hem şeýle çäreleriň biri boldy. Maslahatda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar çykyşlarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şatlykly wakalara ünsi çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna gabatlanyp, 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy wakalaryň üstüni ýetirjekdigini buýsanç bilen nygtadylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň durmuşyndaky jemgyýetçilik-syýasy we taryhy ähmiýeti barada aýdylanlar has-da uly gyzyklanma döretdi.

Aýdym-sazly dabara

Asyrlaryň şamçyragy — Magtymguly Pyragy Golaýda etrap medeniýet bölüminiň ýygnaklar zalynda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Asyrlaryň şamçyragy — Magtymguly Pyragy” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa ýokarda ady agzalan edara-kärhanalaryň işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahat duşuşygy

Geňeşli ýurt bagtyýarlyk ýolunda Ýakynda Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de şäher halk maslahatynyň bilelikde guramagynda «Geňeşli ýurt bagtyýarlyk ýolunda» ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa şäher halk maslahatynyň agzalary, TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Şat çagalygyň höziri

Mary welaýatynyň gözel künjeginde, Murgap derýasynyň kenarynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlan «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde-de şu günler şatlyk-şowhun höküm sürýär. Bu ýerde dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda 300 çaga dynç alyp, saglygyny berkidýär, merkezdäki dürli gurnaklara gatnaşyp, dynç alşy wagtyhoşlukda, keýpiçaglykda geçirýär. Bagtyýar çagalaryň her bir gününi şadyýan, şowhunly geçirmekleri üçin bu ýerde ýörite iş meýilnamasyna laýyklykda, dürli dabaralar, aýdym-sazly şüweleňler, gyzykly gezelençler guralýar. Dowam edýän üçünji tapgyrda şu merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalar Mary welaýat kitaphanasynda, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, «Bagtyýarlyk» seýilgähinde gezelençde bolmak bilen, wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Çagalar kitaphanada özlerini gyzyklandyrýan kitaplary okaýarlar, kitaphana işgärleriniň täsirli gürrüňlerini diňleýärler. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guralan gezelençde çagalar muzeýiň taryh, arheologiýa, etnografiýa, türkmen tebigaty bölümlerine aýlanyp, halkymyzyň geçmiş taryhy, gadymy ýadygärlikleri, gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan gadymy gymmatlyklar, sungat derejesine çykarylan senetçiligi, milli däp

Ýaş­lar — ýag­ty er­tir­le­riň eýe­le­ri

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Hormatly Pre­zi­den­timiziň ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi ne­ti­je­sin­de ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan däp-des­sur­lar esa­syn­da my­na­syp ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça ze­rur bo­lan iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş­la­ra äh­li­ta­rap­la­ýyn gol­daw­lar be­ril­ýär.

Çagalaryň arasynda geçirilen dabaralar

27-nji iýulda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly diýip adym tutsalar» diýen at bilen merkezara «Açyk gapylar» güni geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guran bu çäresine Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Merkezlerde dynç alýan çagalaryň beýik söz ussadyna, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasyna, eziz Diýarymyza we beýik ösüşlerimize, bagtyýar çagalyga bagyşlap öz düzen goşgularyny okamaklary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Çäräniň dowamynda teatr ussatlarynyň, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň çykyşlaryna, aýdym-sazly edebi çykyşlara orun berildi. Şeýle hem çagalar döredijilik toparlarynyň tans çykyşlary has-da täsirli boldy. Bu ýerde gadymdan gelýän däplere eýerilip, toý pişmesi bişirildi, milli senetçilik we el işleri ýerine ýetirildi. Bu uly çärede çagalar türkmen milli oýunlaryny oýnadylar.

Milli ýörelgeler — mizemez binýat

Halk Maslahaty ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we jemgyýetdäki durmuş gatlaklarynyň bähbitlerini sazlaşdyrmak bilen, ýurt derejesinde bilelikdäki hereketi guraýjy güýç hökmünde çykyş edýär. Bu gün ýurduň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň hemaýaty bilen her bir adamyň, ýurdy özgerdiji her bir subýektiň döredijilikli zähmetiniň döwlet derejesinde goldanylýandygy, ýokary baha mynasyp bolýandygy Diýarymyzyň ösüşleriniň kepilidir. Bu hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baý durmuş we syýasy tejribesiniň halkymyzyň gurujylyk, döredijilik pähim-paýhasynyň netijesinde amala aşýar. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde öňe sürülýän pähim-paýhaslaryň halkyň we her bir adamyň öňünde duran wezipeleridir maksatlary aňlamagyň hem-de amal etmegiň ýol-ýörelgeleri bolup çykyş edýändigini aýratyn bellemeli. Şol esaslar barada alym Arkadagymyz: «Öňümizde bu mukaddes Watanyň has abadan geljegi üçin bilelikde, birlikde — agzybirlikde geçmeli ýollarymyz, külterlemeli menzillerimiz, dowam etmeli döwlet dessurlarymyz bar» diýýär. Bu bolsa adamlaryň, dürli jemgyýetçilik toparlarynyň we gatlaklarynyň, tutuş halkymyzyň ýurduň geljegi üçin agzybirlikde bitirmeli işleriniň üstünlikli durmuşa geçmeginde

Geňeşli salamat bolar (Ýaş žurnalistiň sözi)

Ýurdumyzda Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmäge ykjam taýýarlyk görülýär Halk pähimleriniň birinde «Geňeşli salamat bolar» diýilýär. Ata-babalarymyzyň mizemez durmuş kadasyna, ruhy-ahlak ýörelgesine öwrülen geňeşmek däbiniň mazmunyny açyp görkezýän bu paýhasdaky «salamat» sözüne üns berip göreliň! Salamatlyk — sag-gurgunlyk, dynçlyk, parahatlyk. Diýmek, islendik mesele geňeşilip çözülse, onuň netijesi ähli adamlary kanagatlandyryp, hemmeleriň bir pikire gelmegine esas bolýar. Şu jähetden, pederlerimiziň asylly ýörelgesi häzirki wagtda döwlet syýasaty derejesinde döwrebap röwüşde üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda — 24-nji sentýabrda ýokary derejede geçirmäge ykjam taýýarlyk görülýär.

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

■ Gökderedäki «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Aşgabat şäher Ýaşlar guramasynyň guramagynda geçirilen bäsleşikde ökdeler öňe saýlanyp, ýeňiji bolan toparlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Munuň özi çagalaryň gyzykly dynç alşyny ýatdan çykmajak pursatlara besledi. Ajap BAÝGELDIÝEWA, TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Bagtyýar çagalyk Golaýda Köýtendag etrabyndaky Dostluk şäherinde ýerleşýän sport toplumynda çagalaryň arasynda sport ýaryşy geçirildi. Bu ýerde çagalar öz aralarynda «Merdana» we «Çalasyn» atly toparlara bölünip, sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşdiler. Uly ruhubelentlikde geçen ýaryşda ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşik täsirli geçdi

Aşgabat şäherindäki 127-nji ýöriteleşdirilen çagalar bagynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň arasynda «Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy»,  aşpezleriniň arasynda «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşigiň ilkinji gezek döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirildi. Bäsleşige onuň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalary, aşpezleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşýanlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, ýeňijiler yglan edildi.

Milli “Ak bugdaý” muzeýine syýahat

Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýine Türkmenistanyň Demokratik we Agrar partiýalarynyň Ak bugdaý etrap komitetleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan syýahat guraldy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de işjeň agzalary gatnaşdy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly, şeýle-de Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi mynasybetli guralan syýahat muzeýiň arheologiýa bölüminden başlandy. Dürli ýyllarda gadymy Änewiň taryhy ýerlerinde geçirilen ylmy barlag, gazuw işleri netijesinde tapylan eksponatlar agzalan bölümiň esasy gymmatlyklarydyr. Syýahata gatnaşanlar Änewiň taryhy depelerinden tapylan, bäş müň ýyl mundan öň ösdürilip ýetişdirilen bugdaýyň ilkinji dänelerini uly gyzyklanma bilen synladylar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Ahal welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Änew şäher Jemagat hojalygy müdirliginde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçen wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyga agzalan müdirlikde zähmet çekýän işçi-hünärmenler gatnaşdy. Duşuşykda Watanymyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, döwlet we milli maksatnamalar esasynda durmuşa geçirilýän, il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen işler barada gürrüň edildi. Ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi, obalarymyzyň, şäherçedir şäherlerimiziň gözelleşmegi ugrundaky tagallalarda her bir ildeşimiziň mynasyp goşandynyň bolmalydygy barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Gurmak gurplulykdan nyşan

Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan gurmak, döretmek ýoluny belent mertebe bilen ýöredýär. Munuň şeýledigine biziň etrabymyzyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Obalarymyzda göwünleri galkyndyrýan täze-täze binalar, önümçilik desgalary gurulýar. Kaşaň ýaşaýyş jaýlary ilatyň abadan durmuşda ýaşamagyna hyzmat etse, medeni-durmuş maksatly ymaratlar olaryň ruhy dünýäsiniň barha baýlaşmagyna uly ýardam berýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda etrabymyzda gurluşyk-gurnama işleri has-da giň gerim alýar. Şanly ýylyň geçen 6 aýynda etrabymyzda döwletimiziň düýpli maýa goýumlarynyň 35,9 million manatlygy özleşdirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5 göterime golaý artykdyr.

Uly höwes döretdi

TMÝG-niň etrap geňeşi Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, netijeli çäreleri yzygiderli geçirýär. Ýaňy-ýakynda TMÝG-niň etrap geňeşi ýaş nesillerimizi kitaphanalara çekmek we olarda kitap okamaga söýgi döretmek maksady bilen etrapdaky 2-nji, 5-nji çagalar baglarynyň körpeleriniň gatnaşmagynda “Kitap meniň dostum!” ady bilen etrabyň merkezi kitaphanasyna gezelenç guradylar. Çagalary kitaphana çekmek maksady bilen geçirilen bu çärede körpe nesillerimiz kitaphananyň bölümlerindäki gyzykly kitaplar bilen tanyş boldular. Aýratynam, kitaphananyň ertekiler bölümindäki türkmen halk ertekili ajaýyp suratlar bilen bezelen kitaplar körpeleriň ünsüni özüne çekdi. Sebäbi, özlerine tanyş bolan “Böwenjik”, “Hudaýberdi gorkak” ýaly ertekileriň bezemen suratly kitaplaryny görmek körpeleri örän begendirdi we beýleki ertekileri hem okamaga uly höwes döretdi.

Wagyz-nesihat çäreleri

Gender deňligi dabaralanýar Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen wagyz-nesihat çäresi gender deňligine bagyşlanyldy. «Gender deňligi — bagtyýar geljegiň miwesi» diýlip atlandyrylan bu wagyz-nesihat çäresini Mary şäher we Mary etrap zenanlar bölümleri bilelikde guradylar. Çärä şäheriň we etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar hem-de kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresini şäher häkiminiň orunbasary, şäher zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Torumowa alyp bardy.

Beýik akyldara bagyşlandy

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa gatnaşanlar Magtymguly Pyraga, watansöýüjilik, edep-ekram meselelerine bagyşlap ýazan goşgularyny labyzly okadylar, şeýle-de beýik akyldaryň goşgularynyň many-mazmunyny, ähmiýetini çeper dilde düşündirdiler. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, Watanymyzyň ösüş-özgerişleri barada gürrüň etdiler.  Bäsleşige  gatnaşanlara we onuň ýeňijilerine Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.