"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Milli demokratiýa ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewüligi we sazlaşygy ýurdumyzyň gülläp ösmegini, dünýädäki abraýynyň artmagyny, halkymyzyň parahat, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny şertlendirýär. Durnukly ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli demokratik ýörelgelerimizi, abadan we bagtyýar durmuşy hem-de döredijilikli zähmeti goramakda guwandyryjy netijeleri gazanmak ugrunda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgelerinde jemgyýet we şahsyýet gatnaşyklary hukuk esasynda guralýar. Kanuna esaslanýan gatnaşyklar hemmeleriň jogapkärçiligine we kanunyň talaplaryny berjaý etmegi borç edinmeklerine daýanýar. Kämil kanuna daýanýan milli demokratik ýörelgelerimiz bilen öňe gitmek döwletimiziň baş ýörelgesi bolup durýar. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti adama bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde garaýar. Halk häkimiýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan demokratik däpleri döwlet gurluşynyň sazlaşygyny kesgitlemek bilen, ýurdumyzyň durnukly ösüşine milli özboluşlylyk berýär. Halkyň g

Halkara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda zenanlaryň orny

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen bolup geçen ýokary derejedäki duşuşygynyň, «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň möhüm ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, şäherdir etrap guramalarynyň başlyklary, Mejlisiň zenan deputatlary, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň zenan ýolbaşçylary, işjeň agzalary, işewür zenanlar we mährem eneler gatnaşdylar.

Hepdäniň habarlary

Wagyz-nesihat çäresi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda temmäki önümleriniň, ýaramaz endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek maksady bilen, mekdebiň mejlisler zalynda «Sagdyn nesil — egsilmez güýç» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni

Güneşli Diýaryň gül-gunçalary Halkymyzda ýaş nesle her bir öý-ojagyň döwleti, ýaşaýşyň dowamaty hökmünde garalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bagtyýar çagalar aýratyn üns-alada bilen gurşalýar.

Körpelere okap beriň!

Gyzyl alma (Tymsal)

Gymmatly ruhy hazyna

Ýaş nesliň terbiýesinde kitabyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny ata-babalarymyz jaýdar belläp geçipdirler. Kitap kalbyňa giňlik hem-de egsilmejek paýhas nuruny eçilýän gymmatlykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda kitabyň ähmiýeti hakynda täsirli hem-de gymmatly maglumatlar berilýär. Taryhda beýik döwletleri döreden halkymyz kitaba, onuň gudratly güýjüne çäksiz sarpa goýup gelipdir. Muňa şöhratly taryhyň mekany Merwde gurlan kitaphanalar aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiz ajaýyp eserinde gadymy Merwiň birnäçe kitaphanalarynyň bolandygyny belleýär. Kitaphanalar ylym-bilim ojagy, paýhaslar öýi hökmünde halk arasynda giňden meşhurdyr. Kitaphanalaryň çäginde medreseleriň hem ýerleşendigi taryhy çeşmelerde beýan edilýär. Diýmek, kitap ylym-bilim bilen aýrylmaz bagly bolupdyr.

Möhüm möwsümiň bosagasynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy bilen bir hatarda, olaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, göwnejaý dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Sapaly tomusda şypaly mesgenlerde wagtlaryny şadyýan geçirjek bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine ýurdumyzyň ähli künjegindäki sagaldyş-dynç alyş merkezleri doly taýýar edildi. Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatymyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerini möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler geçirildi. Tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň barşynda welaýatymyzdaky «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş merkezinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaş nesilleriň göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertler döredildi. Möwsümiň dowamynda «Bagtyýar nesil» dynç alyş merkezinde 3 tapgyrda, her tapgyrda 300 çaganyň 20 gün dynç almagy meýilleşdirilýär. Dynç alyş möwsüminde merkezde jemi 900 çaga wagtlaryny şadyýan geçirer. Şeýle hem möwsümiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daşoguz» sagaldyş we dynç alyş merkezinde 5 tapgyrda, her tapgyrda 100 çag

Giň dünýäniň geň habarlary

Zyýansyzlandyryjy material Köp adamly jemgyýetçilik ýerlerinde ýokanç keselleriň ýaýramak mümkinçiliginiň ýokarydygy hemmä mälim bolsa gerek. Bu meseläniň çözgüdi häzirki zaman ylmynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Melburn tehnologiýa institutynyň alymlary jemgyýetçilik binalarynyň gurluşygynda, enjamlarynda nanotehnologiýalar esasynda döredilen materiallardan peýdalanmak hakyndaky pikiri öňe sürýärler. Olaryň irginsiz ylmy-gözlegleriniň netijesinde, tutuşlygyna nano ölçegli tikenler bilen örtülen, esasynda kremniý bolan täze material döredildi. Onuň esasy aýratynlygy, galtaşan ýokanç keselleri dörediji wiruslary 96 göterim zyýansyzlandyrýandygyndadyr.

Mukaddesliklere sarpa goýup

Ýakynda maýor Şöhrat Orazdurdyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde ýaş esgerler bilen medeni-dynç alşy talabalaýyk guramak maksady bilen, etrapdaky merkezi kitaphana hem-de Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelençler guraldy. Gezelenjiň dowamynda kitaphananyň hünärmeni Gülşirin Meredowa ýaş esgerlere Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplarynyň many-mazmuny, şeýle-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününüň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler hem-de akyldar şahyrymyzyň il-ýurt, Watan, agzybirlik baradaky şygyrlary esasynda giňişleýin gürrüň berdi. Soňra gezelenç Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Ýaş watançy harby gullukçylara muzeýiň ylmy işgäri Maksat Işantaýewiň ol ýerde saklanylýan gymmatlyklar hakynda beren giňişleýin maglumatlary merdana Watan goragçylarynda uly täsir galdyrdy. Gülälek TAGANOWA,maýor.

Göreldeli harby gullukçylar

Ýaňy-ýakynda maýor Muhammet Şalykowyň serkerdelik edýän harby bölüminde garawul gullugyny alyp barmakda gulluk borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetiren çagyryş boýunça harby gullukçylary sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarada garawul gullugyny gujurly alyp baran, ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga şahsy goşantlaryny goşan, ýokary söweşjeň taýýarlygy bilen aýratyn tapawutlanan we öz üstüne ýüklenen wezipe borçlaryny birkemsiz berjaý eden seržant Merdan Akmuhammedow, kiçi seržantlar Begenç Baýramgeldiýew, Agamyrat Mämmedow, Babahan Akmuhammedow, esgerler Umyt Durdyýew, Batyr Annaberdiýew, Arslan Aşyrlyýew daga harby bölümiň serkerdesiniň adyndan Hormat hatlary we TMÝG-niň etrap geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýram ITALMAZOW, podpolkownik.

Bagtyýar ýaşlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary esasynda ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagy hem-de döwrümize mynasyp ýaşlar bolup kemala gelmegi ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň, şeýle-de akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde giň gerimli çäreler bilen utgaşmagynyň ýaş nesilleriň mynasyp terbiýelenmeginde uly ähmiýeti bardyr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parasatlyk bilen belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine göz ýetirmäge, bolup geçýän zatlaryň düýp mazmunyna düşünmäge çagyrýar, adamlary paýhaslanmaga, özüne düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýaşlarymyzy ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazyna hökmünde halkymyza gowuşmagy bolsa, diňe bir ýaşlarymyzy däl, eýsem, bütin halkymyzy buýsandyrdy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu kitabynyň «Watan goragy ynamly gollarda» atly bölüminde: «Ýaşlaryň geljeginiň nurana hem bagt

Ösüşleriň aýdyň ýoly

Milli kanunçylyk kämilleşdirilýär Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmakda giň möçberli işler üstünlikli dowam etdirilýär. Bu möhüm wezipe toplumlaýyn maksatnama laýyklykda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda-da döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işlenip taýýarlanan birnäçe wajyp kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy we kabul edildi.

Eziz Watan toýa barýar

2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagynyň çuň manysy bar. Çünki, üstümizdäki ýyl beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toýunyň dabarasy bilen berk baglanyşyklydyr. Dana söz ussadynyň soňky nesillere miras galdyran gymmatly şygyrlary gadymy halkymyza durmuşyň terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen nusgawy şahyrymyz Magtymgulynyň döredijiligini çuňňur öwrenmekde, dünýä ýaýmakda örän uly işler bitirilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilip geçiljekdigi üstümizdäki ýylyň taryhy wakasy bolar. Beýik şahyrymyzyň öwüt-ündewli şygyrlary her birimiz üçin durmuş ýörelgesi bolup hyzmat edýär.

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni

Ýaňlansyn dünýäde bala gülküsi! Her ýyl tomus paslynyň ilkinji gününde, ýagny, 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzda dabaraly bellenilip geçilýär. Bu ajaýyp baýramda çagalar şatlyk-şowhuna beslenip, döwletiň özleri üçin edýän aladalaryna çäksiz buýsanýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, çagalarymyzyň özlerini bagtly duýmagyna ýardam etmäge çalşalyň, çagalarda özlerine ynamy güýçlendirmegimiz gerek.

Şahyryň eserlerinde tebigatyň waspy

Dürdäne setirleri bilen, her bir jümlesi nakyla öwrülen, pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp şygyrlary bilen dünýä halklaryna özüni tanadan beýik Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň mertebesini belende galdyran akyldar şahyrdyr. Şu ýerde, meniň bir zady belläp geçesim gelýär. Meşhur ýazyjy Çingiz Aýtmatow: “Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldary bolan halkyň özi-de beýikdir” diýip ýazýar.

Ýürekden bir sözüm bar

Alkyşlarymyz egsilmezdir Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen biz — ýaşlara okamaga, döretmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap şertlerde bilim alyp, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmegimiz üçin bimöçber aladalar edilýär. Biz hem öz gezegimizde geljekde bilimimizi ýokarlandyryp, ata Watanymyza mynasyp ýaşlar bolup ýetişjekdigimize ynandyrýarys.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Iş sazlaşykly guralýar Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, öňe sürýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty rowaç alyp, bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli başlangyçlary dünýäniň döwletleriniň ünsüni özüne çekýär we içgin öwrenilýär.

Asudalygyň goragynda

Zerur tagallalar edilýär «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýokary zähmet üstünlikleriniň, şanly wakalaryň ýyly bolýar. Şeýle ajap zamanamyzda il-günümiz asudalykda, agzybirlikde joşgunly zähmet çekýär.

Bagtyýarlygymyzyň we berkararlygymyzyň ygtybarly binýady

Ýurdumyzda ähli adamlaryň kanunyň öňünde deňdigi, olaryň kanun tarapyndan deň goralmaga hukugynyň bardygy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mysalynda öz aýdyň subutnamasyna eýe bolýar. Döwletimiziň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hem öz gözbaşyny Esasy Kanunymyzdan alýandygyny, şonda esaslandyrylan adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän düzgünleriň olara binýat bolup durýandygyny bellemek gerek. «Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň hem-de berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Mukaddes düşünjeleri özünde jemleýän Konstitusiýamyz jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminama bolmak bilen, onda kepillendirilen kadalaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň özboluşly dabaralanmasydygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr.

Bileniň — baýlygyň

Boeing kim? Bu soraga «kim» däl-de «näme?» diýip, düzediş berjekler seýrek däldir. «Boeing» biziň durmuşymyza uçaryň görnüşi hökmünde girdi.