"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Diýarymyzda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy emele geldi

Ir­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­ba­ra­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne gel­di. Hem­me­ler uly ru­hu­be­lent­lik bi­len Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zy mü­bä­rek­le­ýär­ler. Sun­gat us­sat­la­ry­nyň joş­gun­ly aý­dym-saz­ly kom­po­zi­si­ýa­sy baý­ram­çy­lyk şow­hu­ny­ny has-da art­dyr­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­ba­ra üçin ýö­ri­te taý­ýar­la­nan zal­da tä­ze elekt­roe­ner­ge­ti­ka des­ga­la­ry­nyň işe gi­ri­zil­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň öňün­de çy­kyş et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän bi­te­wi ener­gi­ýa ul­ga­my­ny hal­ka­la­ýyn bir­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Bal­kan–Da­şo­guz ug­ry bo­ýun­ça ýo­ka­ry wolt­ly as­ma elekt­rik ge­çi­ri­ji­si­niň we elekt­rik be­ket­le­ri­niň açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem Da­şo­guz şä­he­rin­de bi­na edi­len döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­ler. We­la­ýa­tyň ila­ty­na ýo­ka­ry hil­li hyz­mat et­jek tä­ze 200 sa­ny ýo­lag­çy aw­to­bu­sy­ny hem sow­gat hök­mün­de gow­şu­ra­rys di­ýip, döw

Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­nyň tä­ze ne­şi­ri çap­dan çyk­dy

5-nji iýun­da bel­le­ni­lip ge­çi­len Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­nü­ne ga­bat­la­nyp Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­nyň 4-nji ne­şi­ri çap edil­di. Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­niň ýag­da­ýy­ny ta­kyk gör­kez­mek bi­len, ýur­duň bio­dür­lü­li­gi­niň san taý­dan üýt­geý­şi­niň mö­hüm gör­ke­zi­ji­si­dir. Res­mi taý­dan ka­bul edi­len na­ma hök­mün­de on­da ýur­duň ýa­ba­ny ösüm­lik­le­ri­niň­dir haý­wan­la­ry­nyň seý­rek duş gel­ýän, sa­ny azal­ýan hem-de ýi­tip git­mek how­py aban­ýan gör­nüş­le­ri­niň te­bi­gat­da­ky sa­ny, ýaý­ra­wy, ýag­da­ýy we go­rag çä­re­le­ri ba­ra­da bir nus­ga ge­ti­ri­len mag­lu­mat­lar be­ril­ýär.

Durmuşymyzyň dowamaty

Täsinliklerden doly çaga dünýäsiniň görkanalygyny artdyrmak, olaryň bigam dünýäsinde şatlykly pursatlaryň köp bolmagyny gazanmak biz, ululara bagly bolup durýar. Sebäbi bu günki körpeje — ertir ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin mynasyp işleri durmuşa geçirmeli uly adam. Şonuň üçinem ýurdumyzda çaganyň irki ösüşinden başlap, olaryň sagdyn, bilimden paýly, sungatda, sportda ukyp-başarnyklaryny görkezmek mümkinçiliklerine eýe bolmaklary babatda ähli şertler döredilýär. Bu aýdylanlaryň mysalyna durmuşymyzyň her bir gününde hem şaýat bolýarys. Häzirki wagtda Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri, esasanam, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyz bu iri halkara guramasynyň Konwensiýalarynyň birnäçesine goşulmak bilen

Zähmet tejribesinde Kärdeşler arkalaşyklarynyň orny

«Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda kärdeşler arkalaşyklary — agzalarynyň zähmet we onuň bilen baglanyşykda beýleki durmuş-ykdysady hukuklaryna we bähbitlerine wekilçilik etmek hem-de olary goramak, zähmeti gorap saklamak we onuň şertlerini gowulandyrmak üçin hünär bähbitleriniň umumylygy esasynda raýatlar tarapyndan meýletin döredilýän özbaşdak jemgyýetçilik guramalarydyr. Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy — kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasy ýa-da kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hakyndaky düzgünnama esasynda hereket edýän, guramaçylyk-hukuk hem-de eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, adatça, bir kärhanada, edarada, guramada we hakyna tutma zähmeti ulanýan zähmet gatnaşyklarynyň beýleki subýektinde işleýän, şeýle hem bilim edarasynda okaýan kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň meýletin birleşigidir.

Şa gadamy düşümlidir, şowludyr

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly dabaralara we taryhy pursatlara beslenýän günleri her birimiziň bagtyýar geljege bolan ynamymyzy has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Balkan – Daşoguz elektrik geçirijisiniň hem-de her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan beketleri ulanmaga bermegi, şonuň ýaly-da welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek awtobuslary sowgat bermegi halkymyzyň toý şatlygyny arşa galdyrdy.

Dabara

Tebigat — ýaşaýşyň çeşmesi Golaýda etrapdaky Talhatanbaba oba medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli, “Tebigat — ýaşaýşyň çeşmesi” atly dabara geçirildi. Oňa ýokarda ady agzalan edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Bäsleşik geçirildi

Zerim bar, zergärim bar... «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, TKA-nyň Milli merkeziniň, TZB-niň Merkezi Geňeşiniň, BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşigi uly ruhubelentlige beslenýär.

Metbugat — döwrüň aýnasy

“Metbugat — döwrüň aýnasy” diýilýär. Bu hakykatdan hem şeýle. Döwürleýin metbugatdan, gazet-žurnallaryň sahypalaryndan Watanymyzyň gündelik durmuşynda bolup geçýän habarlar, taryhy wakalar, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler bilen tanşyp bolýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň döwürleýin neşirlerine üstümizdäki ýylyň ikinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygyna etrabymyzyň ýaşlary aýratyn ähmiýet berýärler. Ýaşlaryň aglabasy gazetdir žurnallaryň çap edilýän görnüşine, şeýle-de elektron görnüşine irki möhletde ýazyldylar. “Ahal durmuşy”, “Türkmenistan”, “Arkadag”, “Nesil” gazetleri, “Zenan kalby” žurnaly biziň söýgüli neşirlerimiz bolup durýar. Bu gezek hem ilkinji nobatda şol neşirlere ýazyldyk. “Türkmenmetbugat” mobil goşundysynyň “Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri” bukjasyna ýazylan ýaşlaryň sany has-da köp. Biz hem söýgüli neşirlerimizde etrabymyzyň ýaşlarynyň durmuşynda bolup geçýän wakalary beýan edýän habarlarymyzdyr makalalarymyz bilen çykyş edip durarys.

Döwrebap ätiýaçlandyryş hyzmatlary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ykdysady kuwwaty artýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi sazlaşykly ýokarlanýar. Yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar, döredilýän nusgalyk obadyr şäherçeler ýurdumyzyň döwrebap keşbine gözellik goşýar. Ösüş-özgertmelere beslenen täze taryhy döwrümizde özleri üçin döredilýän ýokary amatlykly iş şertlerinden göwni ganatlanan ätiýaçlandyryş ulgamynyň hünärmenleri hem netijeli zähmet çekip, fiziki we ýuridiki şahslaryň emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitlerine goramak bilen bagly olar üçin döwrebap ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny ýokary derejede ýola goýýar.

Şygryýet äleminiň alymy

Öňde-de bir akyldar: «Eger bu dünýäde baky ýaşajak bolsaň, il okar ýaly kitap ýaz ýa-da kitap ýazylar ýaly haýyrly iş bitir» diýipdir. Biziň gürrüňini etjek bolýan Annadurdy molla-şahyrymyz bolsa, dana kişiniň diýýänleriniň ikisini-de aňryýany bilen berjaý eden adam. Ol Hakdan berlen üýtgeşik zehinini tutanýerli zähmeti bilen «igeläp», adamlaryň elinden düşürmän okaýan idegli kitaplaryny-da ýazdy, özüniň belent ynsanperwerligi, hoşgylawlygy bilen, mydama köpüň hyzmatynda bolup, kitap ýazarlyk ilhalar işleri-de etdi. ...Meniň Annadurdy agany gaýybana tanap, ony görmegiň arzuwynda bolmagyma ýetginjeklik döwrümde atam Agaly Seýitden eşiden bir wakam sebäp bolupdy. Nämeden gürrüň açylany ýadyma düşenok, ýöne şol gezek atam Annadurdy aga bilen baglanyşykly bir wakany ýatlap, şeýle gürrüň beripdi:

Eserler we asyrlar

Türkmen Magtymguly Pyragyny milli şahyry hasaplaýar. Edil şonuň ýaly, onuň keşbini döreden suratkeş hem hergiz hakydasynda. Akyldar şahyr hakda söz açylan ýerde Aýhan Hajyýew hem ýatlanylýar. Suratkeş külli türkmen üçin uly iş bitirenleriň biri. Nakgaşlykdaky nusgawy eserleri türkmen şekillendiriş sungatyndan başlap, teatrda, kinoda keşp döredenlere çenli nusga boldy. Güýji-täsiri ençeme eserleriň döremegine getirdi. Heýkeltaraşlar düýpli-düýpli heýkelleri döretdiler. Saragt Babaýew Magtymgulynyň heýkelini ýasanynda her gezek kanoniki keşbi nusga edinýändigini aýdýar. Köpetdagyň etegindäki Magtymgulynyň äpet ýadygärligini göreniňde-de, ýene Aýhan Hajyýewiň abyrsyz uly işleri hakyda dolýar. Bir ömre ýeterlik iş

Ussadyň kämil eseri

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okan ýyl­larymda-da milli aýdym-sazlarymyzyň döreýiş taryhyna aýratyn üns berýärdim. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde mugallym bolup işlemek bilen, ýene-de halypalarymyzyň zehininden çykan ajaýyp aýdym-sazlarynyň döreýiş taryhy bilen gyzyklanmagy dowam etdirýärin. Çünki zehinli talyp ýaşlarymyzyň geljekde ussatlyk derejesine ýetmeginde milli aýdym-saz sungatymyzyň ussatlarynyň döreden we joşup-joşup ýerine ýetiren aýdymlary, çalan meşhur sazlary hakda giňişleýin düşünje almaklary örän zerurdyr. Hut şonuň üçin hem häzirki günde öz aramyzda zähmet çekip ýören ussatlaryň täsirli söhbetlerini diňläp, gyzykly maglumatlary bolsa okuw maksatnamamyzyň çäklerinde talyplarymyza ýetirip durýarys. Aýdym-saz sungaty adamlaryň göwnüni ganatlandyryp, özüne we geljege bolan ynamyny artdyrýar. Bu bolsa ussat halypalaryň döreden aýdym-saz sungatynyň beýikligidir.

«Ýigidiň dünýäde üçdür myrady»

Hal­ky­my­zyň baý ede­bi mi­ra­sy hä­zir­ki wagt­da giň­den öw­re­nil­ýär we oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýö­ri­te Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, 2024-nji ýyl­da Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny bel­le­mek bi­len bag­ly ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­lar­dyr ede­bi du­şu­şyk­lar giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da toý­la­ry toý­la­ra ulaş­ýan Wa­ta­ny­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da be­ýik söz us­sa­dy­nyň adam­za­dyň ru­hy me­de­ni­ýe­ti­niň ha­zy­na­sy­na gi­ren hem-de ýaş­lar­da ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk, yn­san­per­wer­lik, wa­tan­çy­lyk duý­gu­la­ry­ny ter­bi­ýe­le­me­giň mil­li mek­de­bi­niň bin­ýa­dy­ny eme­le ge­tir­ýän baý ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek, bü­tin dün­ýä­de wa­gyz et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu ýy­lyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly di­ýlip yglan edilmegi hem ýaşlaryň wa­tan­çy­lyk ru­hu­ny be­len­de gö­ter­mä­ge, wa­tan­daş­la­ry­my­zy ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mek­de

Daşoguz welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň ençemesi sowgat edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny aşyrdy we bu ýerde ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň taslamasynyň çäginde «Balkan–Daşoguz» ugry boýunça her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze howa elektrik geçirijisini we beketleri işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Dabaralaryň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslaryny sowgat etmegi hemmeleriň buýsanjyny goşalandyrdy. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň görkezijisine öwrülen taryhy ähmiýetli wakalaryň üstüni ýetirdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentiliginiň «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine ýolagçy awtobuslary gowşuryldy. «TOYOTA HIACE» kysymly kiçi synply döwrebap awtobuslaryň we «TOYOTA COASTER» kysymly orta synply awtobuslaryň gowşurylmagy bilen «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginiň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdirildi. Bu awtobuslaryň şäherýaka ugurlary boýunça hereket etmegine garaşylýar.

Täze kitabyň tarypy

Duşenbe güni Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çap edilen «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy. Dabaraly çärede sungat ussatlarynyň çykyş etmeginde ýerine ýetirilen aýdym-sazlara-da giň orun berildi. Soňra «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boýunça çykyşlar diňlenildi. Onda, hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen dana şahyrymyzyň abraýynyň diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda hem mertebelenýändigi nygtaldy. Täze kitap özboluşly bezeg aýratynlygy, umman ýaly baý mazmunly goşgulary bilen türkmen halkyna gymmatly serpaý boldy. Şonuň üçin hem dabara gatnaşanlar şu zatlaryň sakasynda duran Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdylar.

Döwletlilik dabarasy

Her ýylyň 1-nji iýunynda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyz boýunça geçirilýän çäreler Türkmenistanyň adam hukuklaryny, hususan-da, ýagty geljegimiz bolan çagalaryň bähbitlerini goramakda, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşap almakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýändigini görkezýär.

Arkadagly nesilleriň alkyşy egsilmez

Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde hem dabara geçirildi. Baýramçylyk mynasybetli bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alýan çagalara hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Şadyýan tomsuň şatlykly günleri

Geçen dynç güni Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde çagalary gojaman Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy geçirildi. Ýaş nesillerimiziň sagdyn we milli ruhda terbiýelenmegi, medeniýetli dynç almaklary üçin guralýan bu dabara her ýylda geçirilýär. Şatlyk-şowhuna beslenen bu çärede joşgunly aýdymlar ýaňlandy hem-de çagalar toparynyň şadyýan sahna çykyşlary görkezildi. Soňra ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň mekdep okuwçylary bezelen awtobuslara münüp, Gökderä tarap ugradylar.

Jemgyýetçilik guramalarynyň binasy

Şähergurluşyk konsepsiýasyna doly laýyk gelýän sanly tehnologiýalar ornaşdyrylan Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binasy «akylly» şäherde, ilki bilen, ünsi özüne çekýän ajaýyp ymaratlaryň biridir. Onuň sag ganatynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň, çep ganatynda bolsa Medeniýet toplumynyň binalary ýerleşip, bu binalar daşky gurluş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Owadan binanyň edil gabadynda «Arkadag Binasynyň» bolmagy oňa has-da ýaraşyk berýär. Jemgyýetçilik toplumynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik işlerini geçirýän Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetleri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi, Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Arkadag şäheriniň bölümi bar. Bu ýerdäki guramalardyr partiýalar, geňeşler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň

Belent maksatly, döwletli tutumlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda belent maksatly, döwletli tutumlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen wakalar hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 30-njy maýda Arkadag şäherine amala aşyran iş sapary netijeli häsiýete eýe boldy. Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimize bu ýerde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi köp sanly ýaşaýjylaryň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda şäherde halyçylyk kärhanasyny gurmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Gahryman Arkadagymyz bu teklibiň oňyn başlangyçdygyny aýdyp, ony hormatly Prezidentimize ýetirjekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýaş nesilleriň saglygyny goramakda gaznanyň alyp barýan işleri barada aýratyn durlup geçildi. Maslahatyň barşynda ga