"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Hiç haçan ýeke dolandyrmaň,

şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory.

Ýaýdanmaçlygy we ýaltalygy ýeňmegiň ýaponça ýedi usuly

IKIGAÝ * Ömrüňiziň manysyna düşüniň. Her gün irden näme maksat bilen oýanýandygyňyzy kesgitläň.

Mani ýa-da pul harplygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Bodo ŞEFER

Garaşsyzlyk ― ýaş nesliň belent bagty

Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken täze karary tutuş welaýatymyzyň, esasan hem, Çärjew etrabynyň bilim işgärleriniň şatlygyna şatlyk goşdy. Bu karara laýyklykda etrabymyzyň Hojaili geňeşliginiň Bekaryk obasynda 400 orunlyk täze umumybilim berýän mekdep gurlar. Şeýlelikde, bu täze mekdep biziň etrabymyzda soňky ýyllaryň içinde gurlan döwrebap bilim ojaklarynyň üçünjisi bolar. Geçen okuw ýylynyň ilkinji gününde hem etrabymyzyň ýaşaýjylary täze mekdepleriň ikisini sowgat alypdylar. Nesip bolsa, geljek okuw ýylynyň başy hem etrabymyzda täze mekdebiň açylyş dabarasyna beslener.

Ýürekleri ýyladan ynsanperwerlik

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahawatynyň nurundan ýurdumyzda ozal raýatlygy bolmadyk 1280 adam baş baýramymyzy ykbalynyň iň uly sowgady bilen garşylar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalary bilen 1146 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi we 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi belent sahawatyň täze miwesidir. Hökümet mejlisinde hem nygtalyşy ýaly, geçen ýyllarda ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 30 müň 998 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de häzirki wagta çenli 5018 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Bu ynsanperwer häsiýetli çözgütler Türkmenistanyň köptaraplaýyn halkara resminamalary, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda we Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryny üstünlikli berjaý edýändigini aýdyň görkezýär.

Baýramçylyk maslahaty geçirildi

Welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçiren maslahatymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa agrosenagat toplumynyň işgärleridir hünärmenleri, işjeň partiýa agzalarymyz we talyplar gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda berkarar döwletimizde ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda işleri öňe ilerletmekde durmuşa geçirilýän özgertmeler dogrusynda aýratyn nygtaldy. Şeýle hem ýylyň geçen döwründe welaýatymyzyň kärhanalarynda meýilnamalary üstünlikli berjaý etmekde we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini has-da artdyrmakda ýetilen sepgitlere, ilaty zähmete höweslendirmekde alnyp barylýan işlere üns çekildi. Çykyşlarda partiýanyň döredilen gününden bäri alnyp barlan işlere, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine hem seljerme berildi. Soňra öňdebaryjy partiýa agzalaryna Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Maslahata gatnaşyjylar pudagyň işini döwrebaplaşdyrmaga, hemmetaraplaýyn ösdürmäge giňden ýardam berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maslahat geçirildi

Milli demokratiýanyň dabaralanmasy Golaýda etrapdaky 36-njy orta mekdepde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Oňa TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri hem-de etrapdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarydyr mugallymlary gatnaşdylar.

Täsirli duşuşyk geçirildi

Ýakynda welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda “Arkadagyň eserleri — ýaşlarymyza ýörelge” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary hem-de ýaş okyjylary, “Marguş” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň mugallymlary we “Ýaş jahankeşde” gurnagynyň gurnak agzalary gatnaşdylar. Welaýat kitaphanasynyň guramagynda geçirilen duşuşyk diýseň täsirli boldy. Onda “Marguş” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň “Ýaş jahankeşde” gurnagynyň gurnak ýolbaşçysy Gülnar Meredowa, kitaphanaçylar Gülnabat Hojamyradowa, Güljahan Baýramowa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan dörän ajaýyp eserleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Olar ýaşlara ajaýyp eserleriň many-mazmuny, gymmaty hakynda aýtdylar. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryndan parçalar okalyp, manyly jümleleriň uly ähmiýete eýedigini aýtmak bilen, ýaşlara giňişleýin düşünje berdiler.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Asudalyk — ösüşleriň ganaty TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň, şäher polisiýa bölüminiň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda mekdebiň mejlisler zalynda «Asudalyk — ösüşleriň ganaty» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, bilim ulgamynyň, polisiýa bölüminiň işgärleri, ýokarda ady agzalan mekdebiň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Biraýlyga bagyşlanan duşuşyk

Ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan biraýlygyň çäginde Kaka etrabynda gyzykly bäsleşikler, wagyz-nesihat häsiýetli çäreleri geçirilýär. Etrapdaky 14-nji we 19-njy orta mekdeplerde ýokary synp okuwçy ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçen duşuşyklar has-da täsirli boldy. Duşuşyklarda jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wekilleri çykyş edip, ýurdumyzda ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi we döretmegi ugrunda döwlet tarapyndan edilýän alada, döredilýän giň mümkinçilikler hakda aýdyp, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň zerurdygy dogrusynda täsirli söhbet açdylar.

Maslahat geçirildi

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletlilik ýörelgesi — beýik geljegiň nusgalyk ýoly» atly maslahat geçirildi. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatyna, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlandy.

Zemin üsti aman dursun!

Ynsan balasy bagtly ýaşamak, uzak ömür sürmek üçin jägildäp dünýä inýär. Gadymy ýazgylarda, keramatly kitaplarda aýdylyşy ýaly, dogulmak, ýogalmak, nika ezelden Alla tarapyn ýazgytdyr, ömürdäki galan zatlar bolsa nesibedir. «Nesibäňe ýagşy zatlar ýazylsyn!» diýlip, doga-dileg edilmegem hut şol sebäplidir. Zemin üstünde aman ýaşasaň, aýdylyşy ýaly, dokuzyň düzüw ömür sürseň, şondan uly bagt ýok. Käte teleýaýlymlarda, gazetlerde, saýt sahypalarynda, elektron neşirlerde Ýer togalagynyň haýsydyr bir künjeginde suw joşmasy, toprak süýşmesi, yzygider çabga ýagmasy, ýer titremesi ýaly pajygaly tebigy hadysalar baradaky habarlar göze ilse ýa-da gulaga degse, iniň tikenekläp gidýär. Şu ýerde «Eşideniňe ynanma, göreniňe ynan!» diýlişi ýaly, bir waka ýadyma düşýär.

Täsirli sapaklar guraldy

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda 5-nji, 10-njy synplaryň okuwçylarynyň gatnaşmagynda döwlet derejesinde uzak aralykdan onlaýn okuw sapagy guraldy. Bu okuw sapagyna ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary, Balkan, Daşoguz welaýatlarynyň hem-de Aşgabat, Arkadag şäherleriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Onlaýn okuw sapagynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleri sapak berdiler. Bu okuw sapagy olaryň ýaş aýratynlygy nazarda tutulyp guraldy. Ilkinji sapak 5-nji synp okuwçylary bilen guralyp, olara köçe-ýol hereketiniň düzgünleri hakynda giňişleýin maglumat berildi. Okuwçylara uly gatnawly ýollarda ýerüsti we ýerasty geçelgelerden geçmek maslahat berildi, ýolyşygynyň kömegi bilen ýol geçelgesinden geçmegiň düzgünleri görkezme esbaplaryň, wideoşekilli ýazgylaryň üsti bilen düşündirildi.

Yl­my ýy­gyn­dy ne­şir edil­di

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­na ba­gyş­la­nyp taý­ýar­la­ny­lan «Sag­dyn­lyk we ru­hu­be­lent­lik — döw­rüň şy­ga­ry, äle­me nus­ga­dyr da­na Py­ra­gy» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­ha­tyň ma­ka­la­lar ýy­gyn­dy­sy ne­şir edil­di. Yl­my ýy­gyn­da Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň, şeý­le hem ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor mu­gal­lym­la­ry­nyň, ylym-bi­lim eda­ra­la­ry­nyň yl­my iş­gär­le­ri­niň, hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­lan yl­my ma­ka­la­la­ry gi­ri­zil­di.

Döwrüň beýik gudraty

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len ma­ýa go­ýum fo­ru­my­na gat­na­şy­jy­la­ra gol­lan­ma hök­mün­de Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan tä­ze ne­şir­ler çap edil­di. Şo­la­ryň il­kin­ji­si «Ar­ka­dag şä­he­ri — döw­rüň be­ýik gud­ra­ty» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Adyn­dan bel­li bol­şy ýa­ly, ki­tap­ça­da di­ňe ýur­du­myz­da däl, eý­sem, tu­tuş se­bit­de hem il­kin­ji «akyl­ly» şä­her ha­sap­lan­ýan Ar­ka­dag şä­he­ri ha­kyn­da gür­rüň edil­ýär. Ol Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ta­ry­hy ösüş­le­ri­niň aý­dyň ny­şa­ny bo­lan bu aja­ýyp şä­he­riň no­bat­da­ky wasp­na­ma­sy­dyr. Mun­dan ozal «Ar­ka­dag şä­he­ri — gel­je­giň şä­he­ri» at­ly ki­tap hem uly ösüş­le­re, öz­ge­riş­lik­le­re eýe bol­ýan, türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň gud­ra­ty­ny ja­ha­na ýa­ýyp, dün­ýä­ni haý­ra­na goý­ýan tä­ze şä­he­riň ta­ryp­na­ma­sy bo­lup hal­ky­my­za gow­şup­dy.

XXV конференция Гуманитарной ассоциации туркмен мира

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 В Центре общественных организаций Туркменистана состоялась XXV конференция Гуманитарной ассоциации туркмен мира (ГАТМ). В работе форума, прошедшего в преддверии главного праздника страны – Дня независимости – приняли участие представители туркменских диаспор из ряда зарубежных государств, а также делегаты со всех регионов страны.

«Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy»

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 TMÝG-niň Esen­gu­ly et­rap Ge­ňe­şi et­rap bi­lim bö­lü­mi bi­len bi­le­lik­de «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» ady bi­len ýaý­baň­lan­dy­ry­lan kö­çe-ýol he­re­ket­le­ri­niň düz­gün­le­ri­ni ýaş ne­sil­le­riň aňy­na or­naş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ‹‹Ýa­şyl yşyk›› atly bäs­le­şik ge­çi­r­di. Du­şu­şyk­da bi­raý­ly­gyň äh­mi­ýe­ti, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy, ösüp gel­ýän ýaş ne­sil ba­ra­da ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry ba­ra­da edi­len çy­kyş­lar diý­seň tä­sir­li bol­dy. Ze­hin­li­je kör­pe­le­riň gö­zel te­bi­ga­ty­my­zy, kö­çe-ýol he­re­ke­ti­ni wasp ed­ýän goş­gu­dyr aý­dym­la­ry, ge­çel­ge­den geç­mek­ üçin şert­li bel­gi­le­ri esa­syn­da geç­me­li­di­gi dog­ru­syn­da eden çy­kyş­la­ry çä­rä gat­na­şan­lar­da uly tä­sir gal­dyr­dy. Çä­rä­niň ahy­ryn­da oňa gat­na­şan ça­ga­la­ra Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Esen­gu­ly et­rap Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan ýa­dygär­lik sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­d

Küşt oý­ny — özü­ňi ta­na­ma­gyň ýo­ly

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Küşt oýny, alym­la­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, gö­zel Hin­dis­tan ül­ke­sin­de dö­räp­dir. Uza­gyn­dan bu oýnuň meş­hur­ly­gy ar­typ, ol il­ki Azi­ýa yk­ly­my­nyň üm­mül­mez gi­ňiş­li­gi­ne, soň­ra bol­sa Ýew­ro­pa ýaý­rap­dyr. Küş­tüň aňy ös­dür­ýän, beý­nä dynç­lyk ber­ýän oýun­dy­gy ir­ki dö­wür­ler­de-de bel­li bo­lup­dyr. Küşt ada­ma pi­kir­len­me­gi, oý­lany­şyk­ly he­re­ket et­me­gi öw­red­ýär, her ät­jek ädi­mi­ňi öňün­den kem­siz sal­dar­la­ma­gy, «ýe­di öl­çäp, bir kes­me­gi» en­di­ge öwür­ýär.

Hatly bukjalar habar berýär

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Güýz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len ýur­du­myz­da baş baý­ra­my­my­za — mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si­ne hem-de Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taý­ýar­lyk iş­le­ri has gyz­ga­laň­ly hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Re­dak­siý­amy­za gel­ýän hat­la­ryň ag­la­ba­syn­da baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan ýa­ryş­lar­dan we du­şu­şyk­lar­dan söh­bet açyl­ýan bol­sa, ýe­ne bir­nä­çe­sin­de ýaş­la­ryň dur­mu­şy ha­kyn­da gür­rüň be­ril­ýär. «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­lyk ha­kyn­da­ky ha­bar­lar hem sent­ýabr aýy­nyň do­wa­myn­da gel­ýän hat­lar­da iň kän ýüz­le­ni­len te­ma­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi doglan günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwrebap özgertmeleriňiziň, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyňyzyň, döretmek, gurmak başlangyçlaryňyzyň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.