"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Mukaddes borja eýerip

Ýakynda TGM-niň Harby-deňiz institutynda «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, pederlerimiziň müdimi öwüt-pendi bolan Watan goragyny üstünlikli ýerine ýetiren çagyryş boýunça harby gullukçylary ätiýaçlyga goýberiş dabarasy boldy. Olar üçin ýörite aýdym-sazly çykyşlar we sahna oýunlary görkezildi. Aýdym-sazly dabaraly çäreden soň, nyzam meýdançasynda institutyň rektory ätiýaçlyga ugradylýan matroslara çagyryş boýunça harby gullugy geçendiklerini tassyklaýan harby biletleri dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Çagyryş boýunça harby gulluk eden döwründe edep-terbiýesi, ýiti zehini, harby gulluga bolan söýgüsi bilen has-da tapawutlanan matroslar Ruslan Myratgeldiýew, Akmyrat Öwlýagulyýew, Guwanç Mämmedow, Döwlet Meredow dagy Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Mahmud SAPAROW,TGM-niň Harby-deňiz institutynyň mugallymy, kapitan leýtenant.

Bagtyýar çagalaryň nurana durmuşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan merdana Watan goragçylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň bilen baglylykda, Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylarynyň maşgalalary aýratyn alada bilen gurşalýar. Olaryň çagalarynyň döwrebap bilim almaklary, saglyklaryny berkitmekleri, geljekde Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterjek şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin köp sanly ähmiýetli işler ýola goýuldy. Bu işleri amal etmekde çagalaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny üpjün etmegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi körpeje myhmanlaryny her ýylda gujak açyp garşy alýar. Merkezde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini peýdaly hem-de netijeli geçirmekleri üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde hereket edýän gurnaklar, sport meýdançalary, kitaphana we beýlekiler dynç almaga gelen çagalarda ýatdan çykmajak duýgulary döredýär. «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan körpeleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri babat

Ýarym ýylyň jemi

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde 2024-nji ýylyň birinji ýarymy boýunça okuw möwsüminiň jemini jemlemek çäreleri gyzgalaňly dowam edýär. Dürli ugurlar boýunça kabul edilýän synaglaryň netijesinde, harby gullukçylaryň ýarym ýylyň dowamynda geçilen okuwlary talabalaýyk özleşdirendiklerini görmek bolýar. Söweşjeň, syýasy-ynsanperwerlik hem beden taýýarlygyndan kabul edilýän synaglarda harby gullukçylaryň ýokary netijeleri görkezmekleri Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde gulluk-söweşjeň işleriniň göwnejaý ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. Arslan HOJAMYRADOW, podpolkownik.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Dünýäde belent bina Saud Arabystanynda täze belent binanyň gurluşygyna täzeden başlandy. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki beýikligi 828 metr bolan Burj-Halifa diňinden belent boljak binany gurmak bu ugurda baý tejribesi bolan Hytaýyň gurluşyk kompaniýasyna ynanyldy. Bu bina ýurduň Gyzyl deňziň kenarynda işlap düzen taslamasynyň bir bölegidir. Beýikligi 1000 metr bolan Jidde diňini 4-5 ýylyň içinde gurup tamamlamak göz öňünde tutulýar. Onda myhmanhana, edara we ýaşaýyş jaýlary, syýahatçylyk merkezleri, güýmenjeli ýerler, suw sportunyň oýunlarynyň toplumlary bolar. Diňiň 652 metrligindäki syn ediş meýdançasyndan daş-töweregi synlamak mümkinçiligi bar. Daşy durşuna aýna bilen örtüljek bina ýokary tizlikli hem çylşyrymly lift ulgamy bilen üpjün ediler.

Durmuş düwünçeginden

Säherde şirin saýraýan torgaýyň owazy ýaly, ene diliň ýat ýurtda has ýakymly ýaňlanýar. *  *  *

Dünýä adama dostmy ýa duşman?!

(Tymsal) Gadym zamanlarda ýaşap geçen bir patyşa üýtgeşik bir köşk gurmagy buýranmyşyn. Onuň içinde her hili ajaýyplyklar köp eken. ªolaryň biri hem köşkde ýerleşýän ähli tarapy: diwarlary, ýokarsy, aşagy aýnalar bilen örtülen zalmyşyn. Ol aýnalar şeýle bir durumyşyn welin, zala girenler alnynda aýnanyň bardygyny birbada oňly saýgarybam bilmeýärmişinler. ªeýle-de ol zalyň diwarlary hem täsin usul bilen ses ýaňlanar ýaly edilip gurnalanmyşyn.

Şadyýan çagalaryň bäsleşigi

Türkmenbaşy etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen «Biz — şadyýan çagalar» atly bäsleşik şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa etrabymyzda ýerleşýän çagalar bakja-baglarynyň körpeleri gatnaşdylar. Ýaryşyň şertine görä, her topar 10 çagadan ybarat bolup, olar eliňe pökgini alyp ylgamak, päsgelçilikeriň arasyndan ylgap geçmek, çemçe bilen stol tennisiniň topjagazyny äkidip getirmek boýunça bäsleşdiler.

Ýaş ýol gözegçileri

Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Gyzylarbat etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi bilen bilelikde bäsleşik geçirdik. Ýol hereketiniň düzgünlerini çagalara düşündirmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen geçirilen bäsleşige merkezde dynç alýan körpeler gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşan we onda ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Gurban baýramyna

Hoşniýetliligiň güwäsi Musulman dünýäsinde mukaddes baýramlaryň biri-de Gurban baýramydyr. “Gurban” sözi “ýakynlyk, ýakynlaşmak” manysyny berip, berilýän sadakalar, kesilýän gurbanlyklar bilen Ýaradana ýakyn bolmak diýlip düşünilýär.

Jigerimiz-janymyzdyr bu Watan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe gidip, ösüşleriň belent sepgitlerine çykýan eziz Watanymyza bolan buýsanjymyz kalbymyzy joşa getirýär. Çünki, her bir ýyly şanly ösüşlere besleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň abraýy dünýä derejesinde beýge galyp, älem-jahany haýran edýär. Şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi bolsa, halkymyzda ýokary ruhy we zähmet joşgunyny döretdi. Söze, parasatly pähimlere aýratyn sarpa goýýan halkymyz öz akyldar ogullarynyň mertebesini beýge galdyrýar. Bu babatda Gündogaryň beýik akyldary, ady äleme dolan hezreti Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasy aýratyn orna eýedir. Çünki, ylahy goşgulary bilen “Magtymguly boljagy, geljegi bilipdir” diýen belent baha eýe bolan şahyryň döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem genji-hazynasyna öwrüldi.

Nesil terbiýesi — wajyp wezipe

Körpeler — watanymyzyň geljegi Terbiýe jemgyýetçilik aňy hökmünde adamzat döräli bäri ykrar edilip gelinýär. Ol adamy ynsanlyk derejesine göterýän, ony jemgyýetiň öňünde gözelleşdirýän, onuň üstüne borç we jogapkärçilik ýaly, ahlak sypatlaryny ýükleýän hadysadyr. Terbiýe bermegiň ilkinji basgançaklary mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryndan başlanýar. Her bir jemgyýetçilik-ykdysady basgançagyň özüne mahsus, onuň ahlak gatnaşyklaryndan gelip çykýan terbiýeçilik ýörelgesi bolýar.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

PARAHATÇYLYK SYÝASATY GOLDAW TAPÝAR Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty Garaşsyz döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul edilen Kararnamalarynyň ikisi bilen ykrar edilen Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu syýasaty hoşniýetli goňşuçylyk, parahatsöýüjiligiň, bütin dünýäde howpsuzlygy pugtalandyrmagyň syýasaty bolany üçin dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar. Şol bir wagtda Bitaraplygymyz halkymyzyň parahat, asuda durmuşynyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär.

Asudalygyň goragynda

GURAMAÇYLYKLY IŞ — ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda agzybir türkmen halky hormatly Prezidentimiziň saýasynda döwletli döwranda ýaşap, eşretli günleriň hözirini görýär. Il-günümiziň asudalykda, abadan durmuşda tutanýerli zähmet çekmegini üpjün etmek bolsa, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň wezipe-borçlary bolup durýar. Elbetde, bu wezipäniň jogapkärçiligi bizi işimize eserdeň çemeleşmäge borçly edýär.

“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen, Sarahs, Babadaýhan etrap birleşmeleriniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda Tejen etrabynyň Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezinde “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Oňa etrap birleşmeleriniň agzybir işgärleri gatnaşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligi, edebi mirasy, täze taryhy döwrümizde dana atamyza goýulýan sarpa dogrusynda gürrüň edildi. Onuň barşynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde “Magtymguly Pyragy” medeni-seýligäh toplumynyň açylmagy bilen bagly ýürek buýsançly söhbete aýratyn orun berildi.

Ylymlar güni dabaraly bellenildi

Ylym — bagtyň açary Welaýatymyzyň gözelligine gözellik goşýan “Bagtyýarlyk” seýilgähinde Ylymlar güni mynasybetli welaýat häkimliginiň guramagynda dabaraly çäre geçirildi. Çärä welaýat häkimliginiň, bilim, saglygy goraýyş, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Türkmen ruhunyň täji

Düýn Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen ruhunyň almaz täji» diýen at bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara Döwlet kitaphanasynyň işgärleri bilen bir hatarda döredijilik işgärleri gatnaşdy. Döredijilik häsiýetine eýe bolan bu duşuşykda çeper okaýyşlar hem guralyp, Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýüreklere ýol salýan pähim-paýhas ummany bolup ýaňlandy. Şu ýerde öwüt-nesihata eýlenen şeýle goşgularyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyza aýratyn öwüşgin çaýýandygyny hem aýtmak gerekdir. Çünki olar ynsan dünýäsini özgertmäge ukyply bolup, diňledigiňçe diňläsiň gelýär.

Şanly senä bagyşlandy

Düýn Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Ylymlar güni mynasybetli baýramçylyk maslahaty geçirildi. Welaýat häkimligi, Baş bilim müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan maslahata edara-kärhanalaryň işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar muzeýe aýlanyp, ol ýerdäki sergilenen gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Bu gymmatlyklar türkmen topragynyň baý taryhynyň özboluşly beýany bolup durýar.

Okyjylara döwrebap hyzmatlar

Gökdepe etrap merkezi kitaphanasynda we onuň ýerlerdäki kitaphana şahamçalarynda okyjylara ýokary derejedäki hyzmatlar amala aşyrylýar. Kitaphanalaryň okyjylarynyň sanynyň barha artmagy hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen bäş aýynda etrap merkezi kitaphanasynyň okyjylarynyň sanynyň geçen ýylyň degişli döwründäkisinden artmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Has takygy, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda etrap merkezi kitaphanasyna täze ýazylanlaryň sany 210-dan geçip, hasapda duran okyjylaryň umumy sany 6 müň 755 adama golaýlady. Ýylyň başyndan bäri dürli mazmunly kitaplaryň 11 müň 630-sy, şol sanda syýasy neşirleriň 2 müň 398-si, çeper eserleriň 4 müň 192-si, çagalar edebiýatlarynyň 3 müň 143-si, beýleki neşirleriň 1 müň 897-si okyjylar tarapyndan okalmaga alyndy. Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany hem artdy. Yzgant şäherçesindäki, Babarap obasyndaky kitaphana şahamçalarda hem bu babatda oňat görkezijiler hasaba alyndy.

Gadymy sungatymyza sarpa

Şu günler ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatlarda hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ýaş nesliniň dynç alşy şadyýan pursatlara beslenýär. Dynç alýan çagalaryň wagtlaryny şadyýan we täsirli geçirmekleri üçin oýlanyşykly düzülen meýilnama laýyklykda, olaryň arasynda dürli görnüşli ýaryşlar, döredijilik we zehin bäsleşikleri, sport ýaryşlary, medeni-köpçülik çäreleri yzygiderli guralýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!Gadyrly myhmanlar! Sizi Ylymlar güni, şeýle hem bu baýram mynasybetli geçirilýän “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ylymlar gününe bagyşlanan baý mazmunly çäreleriň alymlaryň tagallalaryny ylmyň möhüm we geljegi uly ugurlaryna gönükdirmekde, özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn.