Guýulara gaýtadan ömür berijiler
Eziz Diýarymyzyň çäklerindäki ýeriň jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri bitirýärler. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu trestiň düzümindäki «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýedi aýynda goşmaça alnan «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» möçberi, degişlilikde, 106 müň 809 tonna hem-de 53 million 245 müň kub metre barabar boldy. Tutuş trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň 32,4 müň tonnadan gowragy «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň paýyna düşýär. Netijede, bu müdirlik boýunça geçen ýedi aýda tabşyryga goşmaça alnan nebitiň möçberi 5 müň tonnadan hem geçdi. Has kuwwatly desgalara eýe bolan kärhanada abatlaýyş işleriniň depginini düýpli ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler bar. Bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarýan barsagelmezli abatlaýjylar şu günler iş depginlerini günsaýyn ýokarlandyrýarlar. Ýeri