"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş” forumyna çagyryldy

11-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň müdiri, ilçi Atageldy Haljanow Tährandaky ECO-nyň sekretariatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Han bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen has ýakyn aragatnaşyk saklamak islegini beýan edip, Haljanow Baş sekretary 26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş” atly maslahatyna we sergisine çagyrdy.

«Ýaşyl» ösüş boýunça tagallalara ygrarlylyk

170-den gowrak ýurtda we sebitlerde iş alyp barýan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (UNDP) Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä döwletlerine ýardam bermek babatda-da möhüm orny eýeleýär. Bu düzüm indi 30 ýyla golaý wagt bäri BMG-niň Türkmenistandaky iň uly agentligi hökmünde ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýar. Türkmen topragynyň baý tebigy serişdelerini netijeli dolandyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek üçin täze mümkinçilikleri peýdalanmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde pes uglerodly we durnukly çözgütleriň toplumyny ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga goşant goşmak özara gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlardyr. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň 10-11-nji noýabrda Daşoguz welaýatyna amala aşyran iki günlük iş saparynyň maksady hem degişli hyzmatdaşlyk maksatnamasynda ýurdumyzyň şu sebiti babatda bellenen wezipeleriň durmuşa geçirilişi bilen ýakyndan tanyşmakdan ybarat boldy.

Parasat şuglasy

Golaýda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretariatynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň «Magtymguly Pyragy — asyryň paýhasy» atly bilelikdäki onlaýn sebitara maslahaty geçirildi. Bu abraýly çärä dünýäniň dürli künjeklerinden alymlaryň, edebiýatçylaryň we medeniýet muşdaklarynyň ençemesi gatnaşdy. Olar, esasan, türkmeniň beýik ogly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy hakynda söhbet etdiler, pikir alyşdylar. Onlaýn arkaly Halkara derejesinde geçirilen bu maslahatyň esasy maksady beýik şahyryň türkmen halkynyň ruhy dünýäsine, edebiýatyna, medeni bitewülige goşan egsilmez goşandyny dünýä dillerinde wagyz etmekden ybaratdyr. Bu maslahata ýurdumyzyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň belli magtymgulyşynas alymlary gatnaşdylar. Olar beýik türkmen nusgawy şahyrynyň parahatçylyk we agzybirlik baradaky öwüt-nesihatlaryny aýratyn belläp, Magtymguly Pyragynyň halklary ruhy taýdan birleşdiriji şahsyýetdigini nygtadylar.

Türkmenistan raýatsyzlyk meselesinde ählumumy tagallalara işjeň gatnaşýar

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistany parahatçylyk we howpsuzlyk ideýalaryny ilerledýän, şol sanda raýatsyzlygy aradan aýyrmakda ählumumy tagallalara işjeň gatnaşýan ýurt hasaplaýar. Milli kanunçylygymyz we halkara kadalar esasynda ýurdumyzda ýaşaýan adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak we kepillendirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu syýasatyň halkara derejede ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän köpugurly işleriniň oňyn netijesidir. Türkmenistan BMG-niň Raýatsyzlygy azaltmak hakynda, Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda Konwensiýalaryny hem-de beýleki köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary gyşarnyksyz berjaý etmäge ygrarlydygyny beýan edip, ynsanperwer ulgamda anyk hereketleri amala aşyrmaga taýýardygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz öz tagallalaryny adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli hem-de sebit meýilnamalaryny, taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklara gönükdirýär. Bu işde aýratyn orun raýatlaryň has ejiz toparlaryny, ýagny bosgunlary, raýatlygy bolmadyk adamlary goramaga degişlidir. Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak meselesine aýratyn ähmiýet berilýän

Belent sarpadan nyşan

Mälim bolşy ýaly, 23-24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Ol döwlet Baştutanymyza «Duslyk» ordenini gowşurdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu sylagy Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň tassyklanmasy hökmünde kabul etdi we «Goý, bu ýokary sylag biziň dostlukly halklarymyzyň we döwletlerimiziň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň synmazlygynyň ýene-de bir nyşanyna öwrülsin!» diýip belledi. Bu waka dünýä türkmenlerini çäksiz guwanç duýgusyna besledi.  Hormatly Prezidentimiz bu ýokary döwlet sylagyna Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni gatnaşyklary ösdürmäge goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy. Bu abraýly sylag Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwl

«Türkmentel – 2024»: Innowasion ösüşe täze garaýyşlar

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2024-nji ýylyň 14-16-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirýär. «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahatyna «SpaceX», «Samsung», «Huawei», «Amazon», «Nokia», «Eastwind», «Lenovo», «Motorola Solutions», «Bosch», «Delta Telecom», «Thales» ýaly dünýä belli kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşar.

Türkmenistan “ITTC-2024” forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda ulag we üstaşyr geçelgeleri boýunça III halkara maslahaty we sergini geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.  “Belli” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guralýan çäre ählumumy logistika işiniň işjeň ösýän häzirki şertlerinde geçirilýär. 

Abu-Dabi forumy

Türkmenistanyň söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy Diýarymyzda ähli ugurlarda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň maksady orta we uzak möhletleýin strategiýalarda kesgitlenen görkezijilere ýetmäge gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa maýa goýum syýasatynyň netijeliligine gönüden-göni baglydyr. Şunda daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegi milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, pudaklara öňdebaryjy innowasiýalary ornaşdyrmak babatda giň mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä, soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda, şol sanda dünýä ýurtlarynda sergilerdir forumlaryň, maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Golaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» ady bilen geçirilen forum hem şol çäreleriň üstüni ýetirdi.

Türkmen-german gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň ýolunda

Iki döwletiň arasynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde, ykdysady hyzmatdaşlykda bar bolan mümkinçilikleri içgin öwrenip, özara hereketleriň anyk ugurlaryny kesgitlemekde hökümetara toparlaryň, aýry-aýry pudaklar boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň alyp barýan işlerine möhüm orun degişli. Ýakynda Berlinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisinde hem Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, «Uly ýediligiň» öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Germaniýa Federatiw Respublikasy ykdysady kuwwaty boýunça Ýewropa Bileleşiginde birinji, dünýäde dördünji orny eýeläp, bu ýurduň awtoulag senagatynda, uçar önümçiliginde, lukmançylyk, oba hojalyk, azyk, himiýa we derman senagaty enjamlaryny öndürmekde, «ýaşyl» energiýa önümçiliginde baý tejribesi bar. Hut şu görkezijiler-de Ýewropanyň merkezinde ýerleşýän bu döwlete tehnologiýalar, «ýaşyl» ykdysadyýet, innowasiýalar babatda hemmeleriň eýerýän halkara standartlaryny işläp taýýarlamak üçin oňyn şertleri döredýär. Şunda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem uly mümkinçilikl

Türkmenistan — baky bagtyýarlygyň ýurdy (Hoşniýetlilik ýörelgesine eýerip)

Mälim bolşy ýaly, «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjy 10 ýyl mundan ozal — 2014-nji ýylyň noýabrynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolmagynda galýan we bütin dünýäde esasy hukuklardan, resmi taýdan ykrar edilmekden mahrum bolan, millionlarça adamyň ykbalyna täsir edýän raýatsyzlygy aradan aýyrmak üçin giň halkara hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, 8-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, BMG-niň agentlikleriniň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu giň gerimli çäräniň baş maksady Merkezi Aziýada «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemini jemlemekden ybarat boldy. Şoňa görä-de, maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bu ählumumy meseläni çözmekde öňdebaryjy orny eýeleýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gazananlary baradaky giňişleýin syn bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistan — raýatsyzlygy aradan aýran ýurt

8-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, BMG-niň agentlikleriniň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu giň gerimli çäräniň baş maksady Merkezi Aziýada «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemini jemlemekden ybaratdyr.

«Ekologik medeniýet» atly festiwal

Golaýda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň guramagynda welaýat kitaphanasynda «Ekologik medeniýet» atly festiwal geçirildi. Oňa welaýatymyzdaky ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Festiwalyň esasy maksady ýaşlaryň ekologiýa, daşky gurşawy goramak baradaky bilim-düşünjelerini artdyrmakdan, bu ugurdaky döredijilik ukyp-başarnyklarynyň ösdürilmegine ýardam bermekden ybarat boldy.

«Amanullah Transport and Logistics» kompaniýasy halkara logistika hyzmatlarynyň bitewi toplumyny ýerine ýetirýär

«Amanullah Transport and Logistics» halkara ulag-logistika kompaniýasy 20 ýyldan gowrak wagt bäri dünýä bazarynda üstünlikli iş alyp barmak bilen, ýükleri hat-da dünýäniň iň çetki ýerlerine hem ygtybarly eltip bermegi üpjün edýär. Kompaniýanyň işiniň geografiýasy BAE, Hytaý, Hindistan, Merkezi Aziýa ýurtlary (Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan), Zakawkaziýe (Gruziýa, Ermenistan, Azerbaýjan), şeýle-de Russiýa, Germaniýa, Türkiýe ýaly we beýleki köp sanly ýurtlary öz içine alýar.

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Hytaý Halk Respublikasynyň Baş Gümrük müdirliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar. Gullugyň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň arasynda gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda kabul edilen Ähtnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan birnäçe meselelere seredildi.

Aşgabat ITTC-2024 Halkara maslahatyny we sergisini kabul etmäge taýýarlanýar

Aşgabatda Ulag we üstaşyr geçelegeleri boýunça III Halkara maslahaty we sergisi (ITTC-2024) geçiriler. Şu ýyl çäräniň durnukly ulagy ösdürmekde we pudagyň sanly transformasiýasyna ýardam etmekde möhüm ädim boljakdygyna garaşylýar. Belli E.S. kompaniýasy bilen bilelikde Ulag we kommunikasiýa agentligi tarapyndan guralan ITTC-2024 ählumumy logistika we ekologiýa durnuklylygy boýunça ösýän başlangyçlaryň merkezi boljagyna ynanylýar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi

5-nji noýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça federal ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi.  Mejlis iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde Türkmenistanyň we Germaniýanyň ykdysady mümkinçilikleri, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Abu-Dabide Türkmenistanyň söwda, maýa goýum, işewürlik mümkinçilikleri boýunça forum geçirildi

Geçen hepdede Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum geçirildi. Forumyň esasy maksady Türkmenistanda işleýän kompaniýalaryň ýeten sepgitlerini görkezmek we ýurduň mümkinçiliklerini açmaga gyzyklanma bildirýän täze işewür düzümleri çekmek üçin amatly meýdança döretmekden ybaratdyr. Foruma gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň ugurlary bilen tanyşdylar.

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri maslahatlaşyldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan boýunça bäş ýyllyk strategiýasyny öz içine almak bilen ulgamlaýyn işi ýola goýmaga gönükdirilen tekliplere garadylar. Şeýle hem söhbetdeşler «ýaşyl» şäherler, suw çeşmeleri ýaly ugurlar boýunça döwlet we hususy düzümleriň gatnaşmagynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalar babatynda pikir alyşdylar.

«Merkezi Aziýa-Hytaý» gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar bilen bir hatarda, gümrük işlerinde hem ýokary derejelere ýetýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük edaralarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça ýokary derejede alnyp barylýan işler barha ýokarlanýar. Bu günki günde bu döwletler bilen maslahatlar, duşuşyklar, sanly ulgam arkaly okuw maslahatlary ýokary derejede geçirilýär. Ýakynda hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda göni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyga Döwlet gümrük gullugynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Baş Gümrük müdirliginiň wekilleri bilen birlikde, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar. Iş duşuşygynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň arasynda gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda kabul edilen Ähtnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan birnäçe meselelere seredildi.

Ýüpek ýoly — halklaryň bagtyýarlygy

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli ulgamlary gurşap alan giň möçberli işler we beýik özgertmeler mähriban Watanymyzyň ulag-logistika ulgamynyň ösüşine giň ýol açýar. Durmuşa geçirilýän bu milli hem-de pudaklaýyn maksatnamalar makroykdysady durnuklylygyň üpjün edilmegine, şeýle hem häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň iri logistika merkezine öwrülmegine gönükdirilendir. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşyny düýpli özgertmäge, ony ölçäp bolmajak has ýokary derejä çykarmaga ýardam berýän Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň altyn halkasy bolup durýan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýol magistralynyň, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki şäherlerindäki halkara howa menzilleriniň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, Aşgabat — Türkmenbaşy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygyna badalga berilmegi döwletimiziň ulag-logistika ulgamynyň hil taýdan täze belentliklere tarap bedew bady bilen öňe ynamly barýandygynyň subutnamalarydyr. Türkmenbaşynyň Halkara de