"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Ýyl ýylydan başlanandyr, Arkadag!

Gözel ŞAGULYÝEWA,Türkmenistanyň Gahrymany. Sözümiň başynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” adyny dakynan täze ýylymyzyň düşümli bolmagyny arzuw edýärin. Ýyl adyna eýe bolsun! Ýüzüni açan günleriniň ajaýyp wakalar bilen başlanmagynyň özünde, bezenmeginiň meňzinde uly many bardyr. Näme bar onda?! Aýdara zat kän.

Goňşa barýan ýol

Taryh taryhy wakalardan döreýär. Beýik döwür beýik işlerden hasyl bolýar.

Arkadagly Watan ösüşlere beslenýär

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän ýurdumyzda garşylaýan her bir günümiz, aýymyz, ýylymyz ajaýyp üstünliklere beslenip, eşretli günlere ulaşýar. Biz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» adyna eýe bolan ýylymyzy garşyladyk. Bu ýyl parahatçylygyň, ynsanperwerligiň gadyr-gymmatyny ýene bir ýola bütin dünýä ýaýjak ýyl bolar. Elbetde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigini-de buýsanç bilen nygtamalydyrys. Täze üstünliklere gönezlik

Beýik işleri nazarlap

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günleri ösüşleri, üstünlikleri bagyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent ösüşlere beslenýän bagtyýarlyk döwrümizde her bir pudakda täze üstünlikler gazanylýar, döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Bu taryhy wakalar diňe bir biziň ýurdumyzyň däl-de, eýsem goňşy halklaryň ösüşine hem oňat täsir edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasatynyň umumadamzat ösüşlerini nazarlaýandygyny ýene bir gezek aýdyň beýan edýär, sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde, durnukly ösüşleri gazanmakda wajyp bolup durýar. Bu gün ýurdumyzda alnyp barylýän şeýle ägirt uly, beýik işleriň ähmiýeti umumadamzat bähbitlerini nazara alýar. Bu

Kuwwatly desga işe girizildi

Mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly uly dabaralara beslenýär. Täze ýylyň ilkinji günlerinde şeýle dabaralaryň biri Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Malaý gaz käninde kuwwatlylygy ýylda tebigy gazyň 30 milliard kub metrini akdyrmaga barabar bolan täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi bilen baglanyşykly bolup geçdi. Desganyň ýerleşen ýeri hakyky toý-baýramçylyga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň dabaraly ýagdaýda ak pata bermegi bilen işe girizilen kuwwatly desga Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşlerine güýçli itergi berer. Geçen ýyllarda bu känden tebigy gazyň uly möçberleri gazylyp alyndy. Malaýdan Türkmenistan ― Hytaý gaz geçirijisine tebigy gaz akdyrylýar. Bu ýerde gurlan kuwwatly gaz gysyjy desga tebigy gazyň has doly gazylyp alynmagyny üpjün eder. Bu iri taslama hormatly Prezidentimiziň gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, buýrujy «Türkmengaz» döwlet konserni bilen gurluşygyň baş potratçysy «Petro Gaz LLP» (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda durmuşa geçirildi.

Döwletli başlangyçlaryň rowaçlanmasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz ýurdumyzyň baky bagt daragty has-da boý alýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basan ýurdumyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny toýlajak Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Geçen ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen beýik işlere göz aýlanyňda gazanylan üstünliklere, ýetilen belent sepgitlere guwanjyň goşalanýar. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy hem-de özüniň diplomatik işini strategik ugurlaryň ikisi boýunça amala aşyrýar. Munuň özi daşary ýurt döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmakdan hem-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Ýurdumyzyň gaz pudagynyň kuwwatyny artdyrmagyň ýolunda möhüm ädim

15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Köpsanly dabara gatnaşyjylar eziz Diýarymyzyň iň täze taryhyna altyn sahypalar bilen ýazyljak bu waka sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Özgertmeler durnukly ösüşiň kuwwatly binýadydyr

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Häkimler, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli sebitlere gözegçilik edýän orunbasarlary milli Liderimize häzirki döwürde welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde 2021-nji ýylda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna gabatlanyp ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýandygy habar berildi.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bilen

Toýly günleriň, şanly seneleriň ýakymy ýüregimizden hiç haçan çykmaýar. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza şu gezekki sapary hem millionlarça ýürekde şeýle ýakymy oýardy. Bu saparyň çägindäki taryhy wakalara şaýat bolanlaryň ýürek joşgunyny diňlemek bolsa has-da ýakymly. Şonuň üçin hem gazetimiziň şu sanynda kalby joşgunly watandaşlarymyzyň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny paýlaşýarys. Kalandar KLYÇÝEW,Türkmenabat Halkara howa menziliniň dispetçeri:

Hoş habarlaryň ganatynda

Hökümetiň welaýat merkezimizdäki «Ruhyýet» köşgünde geçirilen göçme mejlisi Jeýhun ýakasynda ýaşaýan watandaşlarymyza hoş habarlaryň birnäçesini buşlady. Himiýa zawodynda täze önümçilik

Eziz Diýar täze sepgitleri nazarlaýar

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Maslahatda häzirki döwürde ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edilişi, şol birwagtyň özünde ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berildi. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin habar berildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylda meýilleşdirilen ähli işleriň guramaçylykly geçirilmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýerlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleri baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, ekerançy

Dost-doganlyk hyzmatdaşlygynyň şanly sahypasy

14-nji ýanwarda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz 2021-nji ýyly ýokary ruhubelentlige besläp garşy almagyň hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan şanly ýylymyza belent maksatlar, nesiller aşyp gelen ynsanperwer ýörelgeler, hoşniýetli ak arzuwlar, bedew batly okgunly ösüşler bilen gadam basmagyň badalgasy bagtyýar halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu taryhy waka mynasybetli 2021-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň medeniýet toplumynyň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň we döredijilik, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi, dünýä jemgyýetçiligine halkara parahatçylyk we ynanyşmak paýhasyny eçilen, döwrümize şöhraty-şany, halkymyza baky bagtyýarlygy peşgeş beren, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da ösdürilmegi ugrundaky çäksiz goldaw-hemaýatlary edýän milli Liderimize alkyşlar aýdyldy. Tutuş adamzat nesliniň bagtyýar durmuşynyň bähbidine beýik tagallalary bagyş edýän hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda wid

Hakdan berlen beýik ykbal

1991-nji ýylyň sahawatly gelen altyn güýzi türkmen halkyna Garaşsyzlyk atly uly bagty peşgeş berdi. Şol ýyl ata Watanymyz özini Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik syýasaty, adamzadyň abadan durmuşyny üpjün etjek giň gerimli taslamalary bilen tutuş dünýäde asudalygy berkarar etmäge hyzmat etjek özygtyýarly döwlet hökmünde ykrar etdi. 2021-nji ýylda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny tutuş agzybir halkymyz bilen bir başa jebisleşip uly ruhubelentlikde giňden belläris. Hawa, şahyryň aýdyşy ýaly, Garaşsyzlyk Hakdan berlen beýik ykbaldyr türkmene. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana ata-babalarymyzyň päk arzuwlarynyň wysalydyr. Garaşsyzlyk köpasyrlyk milli ruhy gymmatlyklarymyzyň, şeýle hem asylly ynsanperwer dessurlarymyzyň täzeden ýaýbaňlandyrylmagy üçin oňyn şertleri döretdi. Baky Bitarap ýurdumyz özygtyýarly döwlet hökmünde Garaşsyzlygyny berkarar etmekde milletimize gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Bu ýol halkymyzy döwletli-döwrana, rowaçlyga, ýurdumyzyň gülläp ösmegine alyp barýan ýol bolup, eziz diýarymyzyň adyny taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazýar. Bu ýoluň her bir menzili taryh

Peder-perzent mekdebi

Hormatly Prezidentimiz täze ýylyň öň ýanyndaky dynç güni agtygy Kerim bilen dag eteklerine gezelenje çykdy. Kyrkçilläniň tozgalap ýagan gary eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerini, dag eteklerini, ýaýylyp ýatan giň sähralary aklyga büredi. Kyrkçilläniň bereketli gary türkmen topragynyň sahawatly boljakdygyny buşlaýar. Ene toprak bilen bagry badaşan zehinli babadaýhanlarymyz siňňin ýagan ýagynyň toprak üçin melhemdigini hem-de geljekde ak-gök ekinleriň hasylynyň bol boljakdygyny aňladýandygyny aýdýarlar. Milli Liderimiz dynç günlerinde sport bilen meşgullanmagy, dag eteklerine çykyp, tebigatyň ajaýyplyklaryny synlamagy we gezelenç etmegi adaty endigine öwürdi. Ine, bu gün hem Arkadag Prezidentimiz şu ýörelgä eýerip, agtygy Kerim bilen paýtagtymyzyň günorta künjegine çykdy. Döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinde gezelenç edip, dag etekleri bilen Asma ýoluň başlanýan ýerine tarap ugradylar.

Öňde – wajyp wezipeler, belent sepgitler

Mähriban Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze ýylyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisinde tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemledi. Bu ýyl biziň üçin örän agyr we çylşyrymly boldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Dünýäde koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýramagyna, ykdysadyýetiň pese düşmegine, ähli döwletlerde işewürligiň we serhetleriň ýapylmagyna garamazdan, Türkmenistanyň daşary syýasy hem-de ykdysady işjeňligini pese düşürmedi. Koronawirus pandemiýasy sebäpli, köp ýurtlaryň çäklendirme çärelerini girizen şertlerinde, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berildi. Hormatly Prezidentimiz dürli senagat pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny ýokary hilli işläp düzüp hem-de amala aşyryp, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlarynyň kesgitlenilendigini nygtady. Döwlet dolandyryşy, içerki hem-de daşarky maliýe, söwda ulgamlary, zähmet we haryt bazarlary ugurlarynda özgertmeleri geçirmegiň depgini güýçlendirildi. Bu bolsa önümçiligiň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzda wekilçilikli hem-de kanun çykaryjylyk häkimiýet edaralaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak alnyp barylýar. Milli Liderimiz geljek ýyl üçin gowy Döwlet býujetiniň kabul edi

Beýik işlere badalga

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly menzillerinde bedew bady bilen öňe barýar. Ýyldan-ýyla guwandyryjy üstünliklere, ösüşlere beslenýän Watanymyzda uly ruhubelentlik ýagdaýynda garşylanýan her bir täze ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Çünki ýylyň döwrüň ruhuna kybap äheňde atlandyrylmagy şol ýylda amala aşyryljak işlere, gazanyljak ösüşlere, ýetiljek sepgitlere badalgadyr. Şu nukdaýnazardan, geçen 2020-nji ýyl halkara ähmiýetli möhüm wakalara beslenen ýyllaryň biri boldy. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilip geçildi. Bu şanly baýramçylyk mynasybetli, ýylyň dowamynda Watanymyzyň paýtagtynda we ähli sebitlerinde ykdysady, durmuş-medeni maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açyldy. Şeýle-de, tamamlanan ýylda ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirildi.

Dünýä dostdur Türkmenistan

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir ýylyň parahatçylygyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň, ykdysady, medeni ösüşleriň ýyly bolmagy arzuw edilip, mynasyp derejede atlandyrylýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Biziň döwletimizde 2021-nji ýyl «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy. Bu şygar ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginden nusga alýar. Türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasaty dünýä halklarynyň parahat, abadan, asuda ýaşamagyny üpjün edilmeginden ugur alýar. Dünýä ähmiýetli meseleleri taraplara bähbitli çözmek ýörelgesinden ugur alyp, ata Watanymyz özüniň Bitaraplyk hukugyny berkidip, asylly maksatlaryna ygrarly bolup gelýär. Türkmenistan bu gün diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkezleriň biri hökmünde ykrar edildi. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 – 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgesiniň ähmiýetini has hem artdyrdy. Giňden köptaraply hyzmatdaşlyk etmek Birleşen Milletler Guramasy bilen Bitarap Türkmenistanyň möhüm ugry bolup durýar.

Neşirleriň täze sany

«Türkmen arhiwi» Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşire taýýarlanylan «Türkmen arhiwi» taryhy-resminama, ylmy-usulyýet we nazaryýet žurnalynyň 21-nji sany çapdan çykdy. Neşiriň nobatdaky sany 2019-njy ýylda kabul edilen resminamalar bilen açylýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ylym-bilim ulgamyna degişli Permanlary we Kararlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň hem-de Ýaşulular maslahatynyň Kararlary bar. «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda bolup geçen has ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärelere, iri forumlara, resmi materiallara gysgaça syn berilýär. Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşi, daşary ýurtlara iş saparlary, Birinji Hazar ykdysady forumy möhüm wakalar boldy. Degişli makalalaryň tapgyry döwlet arhiw gullugynyň esasy wezipeleriniň birine – resminama dolanyşygyny dogry guramak meselelerinde ministrlikleriň, edaralaryň we kärhanalaryň iş önümçilik düzümlerine usulyýet kömegini bermek işine bagyşlandy. Merkezi döwlet arhiwiniň döredilmeginiň 90 ýyllygy hakynda makala aýratyn orun eýeleýär. «Resminamalaryň gymmatyny seljermek boýunça işleri guramak», «Hatlary we telefonogrammalary ýazmagyň düzgünleri» ýaly makalalar şol meselä bagyşl

Eşretli akabanyň höziri

2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basan Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz sebitiň iri energetika döwletine öwrülmek babatda uly ýol geçdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Bu iş iri dünýä döwletleri we abraýly halkara maliýe guramalary tarapyndan goldanylýar. Täze iri energetika geçirijisi diňe bir Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryny türkmen tebigy gazy bilen üpjün etmäge däl, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginiň hem möhüm guraly bolmaga gönükdirilendir. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda optiki-süýümli aragatnaşygyň täze ulgamy Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça halkalaýyn kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, oňa Hyrat — Akina ulgamyny birikdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünden geçýän halkara üstaşyr mümkinç