"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Nurana günleriň röwşeni

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-günüň, döwletimiziň bähbidine alyp barýan işleri indi ençeme ýyllardan bäri bütin dünýä ýüzünde ykrarnamalaryny tapyp gelýär. Arkadag şäheriniň bir ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde bolsa biz bagtyýar döwletiň raýatlary hökmünde belent işleriň ykrarnamasynyň ýene bir ýola şaýady bolduk. Älem giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň dakylmagy eziz Arkadagymyzyň belent tutumlarynyň dünýä ýüzündäki ykrarnamasynyň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, täze ýyldyzyň adyny tassyklaýan güwänama, şeýle-de teleskop, onuň düşüren suratlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine tabşyryldy. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň gerimini asman giňişligine alyp çykan ýyldyz Pegas ýyldyzlar toparyna degişlidir. Bu topar emele getirýän şekili boýunça ganatly aty suratlandyrýar. «Arkadag» ýyldyzynyň şeýle toparda ýerleşmegi döwletli Diýarymyzyň bedew badyna tüýs mynasypdyr.

Ynam we yhlas — üstünlikleriň gözbaşy

Beýik işleri durmuşa geçirýän şahsyýetleriň ady we mertebesi hem amala aşyrýan işleri ýaly ägirt bolýar. Ümmülmez älem giňişligindäki «Arkadag» ýyldyzy bilen bagly hoş habaryň ýürekleri ýagtyldýan günlerinde hut şol giňişlikden Russiýanyň hem Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Dmitriýewiç Kononenko hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini ýollady. Kosmonawt watandaşymyz öz ýazgylarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Milli Liderimize doglan güni mynasybetli iberen gutlaglary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär, şeýle-de Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny beýan edýär. Ol Türkmenistanyň at-abraýyny ýokarlandyrmakda we kosmos ugrunda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmekde mundan beýläk-de uly tagallalary etmäge taýýardygyny mälim edýär. O.Kononenko pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döwlet hem-de syýasy işlerinde uly üstünlikleri arzuwlaýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 21-nji iýunynda 60 ýaşyny bellän kosmonawt şondan 15 gün ozal — 5-nji iýunda äle

Arkadag şäheri — täze başlangyçlara badalga

Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy uly dabaralara beslendi. Ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri bu gün sebitde şähergurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýan, «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan, ekologiýa ulgamyna uly üns berilýän, sazlaşykly ösýän, ilatyň abadan durmuşy hakynda alada edilýän şäher hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäher ençeme halkara güwänamalara eýedir. Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi hem guwandyryjy çözgütdir. 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan Arkadag şäheri örän uly taslamadyr. Şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäginde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Geçen ýylyň 16-njy iýunynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbi tutulyp, dabarada şäheriň edaralaryna, guramalaryna dürli görnüşli awtoulag serişdeleri, şol sanda elektromobiller sowgat berildi.

Hoş habaryň buýsanjy

Şatlygymyz goşalandy

Türkmenistan — toý-baýramlaryň mekany

«Dokmaçylar» medeni merkezi açyldy 25-nji iýunda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasynyň barşynda sanly ulgam arkaly türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu möhüm waka mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş etdi.

Gahryman Arkadag — ösüşiň, özgerişiň Lideri

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag! Bu düşünje — her bir türkmenistanlynyň ýüreginiň ýylysy, ýaşaýşa söýgüsi, geljege ynamy. Ine, taryhy hakykat şeýdip, ynsanyň rahat, bagtly ýaşaýşy baradaky arzuw-umytlarynyň owazy bolup dünýä dolýar. Uzak geçmişinde türkmeniň dünýä beren kämil ýaşaýyş, ösüş nusgalarynyň az bolmandygyny goja taryhdan habarly kişiler bilýändirler. Bu gün türkmen adamzada ösüşli, özgerişli, abadançylykly ýaşaýşyň ýene bir nusgasyny eçildi. Ony öz Milli Lideri Gahryman Arkadagynyň pähim-parasady, başarjaňlygy arkaly eçildi. Geçen ýakyn taryhymyza nazar aýlalyň! Gahryman Arkadagymyz halkyň ykbaly üçin zerur pursatda döwlet Baştutany wezipesine girişdi. Öňde haýal-ýagallyk etmezden çözülmeli meseleler bardy. Şonuň bilen birlikde, birneme howlukman, emma hökman çözülmeli meseleler-de bardy. Şonsuz ýakyn we uzak geljege nazarlanmak hem, bular üçin maksatnamalary işläp düzmek hem, ol maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak hem mümkin däldi. Bu işlere nähili ökdelik bilen hötde gelnendigine şaýat bolduk. Munuň özi, islendik hasap bilen, iň uly hasap bilen alnanda-da, taryhy döwürdir. Ruhy-ahlak, medeni, aň-düşünje, saglyk meselelerinden başlap, durmuş-ykdysady meselelere çen

Watançylyk taglymy

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» we «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň mysalynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz bize «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» hem-de «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaplaryny peşgeş berdi. Olar hormatly Prezidentimiziň iň ýokary döwlet wezipesine ählihalk tarapyndan saýlanan dessine yglan eden şygarynyň — «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen çagyryşynyň düýp manysyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Aslynda, bu çagyryş döwlet Baştutanymyzyň baş taglymynyň gysgaça beýanydyr diýsek, ýerlikli bolar. Bu taglymda Watan, döwlet we halk düşünjeleri özara berk baglydyr.

Amala aşan arzuwlar şäheri:

Arkadag şäheri döredilmeginiň bir ýyllygyny belledi 29-njy iýunda Türkmen döwletiniň durmuşynda hakyky taryhy wakanyň bolup geçenligine — täze, «akylly» Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl boldy, ol döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýedir.

Gümrükçiler üçin täze ýaşaýyş jaýy

Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärlerine niýetlenen döwrebap ýaşaýyş  jaýy ulanylmaga berildi. 4 gatly, 32 öýli, 2 we 3 otagly bu ýaşaýyş jaýy «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Täze ýaşaýyş jaýynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň we harby gullukçylarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, medeniýet, sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen açylyş dabarasynda çykyş eden harby gullukçylar döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly ýurduň Prezidenti Özbegistanda häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine, iki döwletiň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna buýsanylýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň strategik häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalaryny aýratyn belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň bu şanly waka mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleriniň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasy ösüşleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Bu ýerde lukman Arkadagymyzyň hut öz ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde degişli işler ýerine ýetirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde “Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen paýhasa eýerip, toplumda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy. Ir säher bilen hormatly Arkadagymyz täze şäheriň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň athanasynda idedilýän Hanbeg atly mele bedew bilen didarlaşdy.

Resmi habar

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli edara-kärhanalara binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Döwrüň binagärlik sungatynyň parlak ýyldyzy

Bu günki gün dünýäniň döwrebap şäher gurluşygynda ýalkym saçýan merjenleriň birine öwrülen Arkadag şäheri parahatçylygyň, dost-doganlygyň we döredijiligiň mekany hökmünde pajarlap ösýär. 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirilen baýramçylyk maslahatynda bolsa «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de oňa bolan buýsanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar aýdyldy. Munuň özi halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu ajaýyp künjekde amala aşyrylýan beýik işlere guwanjyny artdyryp, şol günki aýdym-sazly baýramçylyk dabaralarynyň derejesini has-da beýgeltdi. Geçen ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylmagy ösüşiň we abadançylygyň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Türkmenistanyň gurýan, döredýän döwlet hökmündäki abraýyny has-da belende göterdi. Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, irginsiz tagallalary, yhlasy, söýgüsi we mähri bilen Köpetdagyň ekologik taýdan arassa giňişliginde dörän ajaýyp şäherdir. Ol XXI asyryň öňdebaryjy şähergurluşyk tejr

Şanly ýylda täze jaýlaryň hatary artýar

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň Köpetdag köçesiniň ugrunda her biri 32 öýli, 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-siniň açylyş dabarasy medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan şowhunly aýdym-sazly çykyşlaryna beslendi. Oňa Aşgabat şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şäher hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşululardyr ýaşaýjylar gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň, öndürijilikli zähmetiniň, ýokary derejeli dynç alşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bellediler. Diýarymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, paýtagtymyzda yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary hem munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Dabara gatnaşyjylar täze öýlere göçüp gelen maşgalalary jaý toýlary bilen gutlap, ojaklarynyň rysgal-döwletli, bereketli bolmagyny arzuw etdiler.

Gümrükçiler üçin ajaýyp sowgat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy, şol sanda gümrük edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli gowulandyrylýar. Gullukçylar, olaryň maşgalalary üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli açylyp ulanmaga berilýär. 28-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärlerine niýetlenen şeýle ýaşaýyş jaýlarynyň biri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde açyldy. 4 gatly, 32 öýli, 2 we 3 otagly bu ýaşaýyş jaýy «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Onuň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary we harby gullukçylary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, sungat ussatlary gatnaşdylar.